HABARLAR

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň durmuşyndaky örän möhüm sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli tutulýan uly toý-dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan ajaýyp üstünliklerimize bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyryp, agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda uly zähmet üstünlikleri bilen garşy alynýan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşdy

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «CLAAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy bilen duşuşdy

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GFR-iň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen geçiren duşuşygynyň barşynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman wagt tapyp duşuşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine, ähli türkmenistanlylara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hanym Katrina Klaas-Mýulhoýzeriň belleýşi ýaly, «CLAAS» kompaniýasy ýurdumyz bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga buýsanýar we ýola goýlan işewür gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «John Deere» kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti bilen duşuşdy

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «John Deere» amerikan kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti Mark fon Pents bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy ýetip gelýän baýram — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutlady we ýurdumyzyň halkyna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bouygues» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bouygues» kompaniýalar toparynyň baş direktory Marten Buig bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de bu ýerde gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerine, binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklaryna degişli taslamalar we gurluşygy dowam edýän desgalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň abadanlaşdyrylmagynda möhüm orun eýelejek binalar toplumlarynyň, dürli maksatly desgalaryň otaglarynyň taslamalary bar.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Türkmenistanyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary gutlag hatlarynda Arkadagly Serdarymyzyň giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň nobatdaky senesini durmuşyň ähli ugurlarynda ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen garşylaýandygyny nygtaýarlar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, halkara giňişlikde Türkmenistanyň abraýy barha belende galýar. Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy şanly baýram bilen mähirli gutlaýarlar we tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň deputatlarynyň adyndan Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabry) Hormatly maslahata gatnaşyjylar!Eziz watandaşlar!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly adamlar!Eziz watandaşlar! Sizi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň durmuşyndaky örän möhüm sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli tutulýan uly toý-dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan ajaýyp üstünliklerimize bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyryp, agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyrjakdygyna berk ynanýaryn.