Ýaş ýürekler Watan diýip joş urýar
Ynsan ömrüniň ýaşlyk ýyllary tebigatyň bahar paslyna meňzedilýär. Bahar pasly, hakykatdan hem, ýaşlyk bilen çalymdaş. Ýazyň gelmegi bilen Zeminiň ýüzüne nur çaýylýar. Göräýmäge ýumşajyk, näzijek ýaly bolsa-da, özünde bilniksiz gujur-gaýratyň çeşmesini saklaýan ösümlikler dag-daşlaryň süňňüni böwsüp çykyberýär. Ynsan ýaşlygynyň artykmaçlygy bolsa şeýle ynamy, yhlasy ylym bilen utgaşdyrýar welin ähli kynçylyklar körügiň demine düşen demir ýaly eräberýär. Ýaşlyk ynsan ömrüniň bahary. Halkymyz taryhy menzillerinde-de nesilleriň terbiýesine çagalyk döwürlerden uly ähmiýet beripdirler. Olaryň milli terbiýesi, ýerlikli edep-ekramy, sagdyn bedeni we kämil düşünjesi Watan mertebesini ruhy baýdaga öwürmäge gönükdirilipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pederlerimiziň bu ýörelgeleri döwrebap derejede kämilleşdirilip dowam edýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 28-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde ýurdumyzyň dürli künjeginden jem bolan yhlasly, ynamly, joşgunly ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirildi.