Şöhrata beslenýän ýyllar
Halkyň milli mirasyna, medeniýetine, edebiýatyna, sungatyna, ruhy baýlygyna, däp-dessuryna çuňňur sarpa goýýan we bu gymmatlyklary dünýä ýaýmakda asyrlyk işleri amala aşyran Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda indi birnäçe ýyllardan bäri däbe öwrülen ýyllara at dakmak dessury dowam etdirilýär. Hususan-da, at dakylan ýyllaryň biri türkmeniň parasatly söz ussady, milli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ady bilen bagly bolmagy her bir türkmen raýatynyň kalbyny buýsanç duýgulary bilen gaplap aldy. Ýagny, 2014-nji ýyla «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip at dakylmagy bilen bagly şol ýylda şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde «Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary» atly halkara maslahatyň geçirilendigi hemmämiziň hakydamyzdadyr. Muňa dünýä ýurtlaryndan ençeme alymlar, mirasgärler, medeni we bilim ojaklarynyň hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara ähmiýetli bu maslahat ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary sazlaşykly ýola goýmagyň hem-de ösdürmegiň özboluşly mekdebi bolup, şanly ösüşlerimiziň taryhynda hemişelik orun aldy. Aýratyn bellemeli zat, türki halklaryň medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan hem 2014-nji ýyl «Magtymguly Pyragynyň ý