Beýik işleriň aýy

Ministrler Kabinetiniň 19-njy iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde ulag-kommunikasiýa ulgamynyň kärhanalarynyň düzümini kämilleşdirmek, nebitgaz toplumyny döwrebaplaşdyrmak, Bäherdende hem-de Lebap welaýatynda sement zawodlarynyň ikinji tapgyryny gurmak, milli awiasiýany ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýerlenýän bazarlaryny giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 24-nji iýunda milli Liderimiz medeniýet ulgamyny hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi.