«Mizanda duýduryp...»
Ençeme ýyllardan bäri dowam edip gelýän türkmenleriň milli ýyldyz senenamasy öwredijilik häsiýeti boýunça-da, takyklygy bilen-de uly meşhurlyga eýedir. Ata-babalarymyz ony 12 bölege bölüp, her bir döwri aýratyn atlandyrypdyrlar. Milli senenamamyz boýunça 23-nji sentýabrdan mizan başlanýar. «Mizan» arap sözi bolup, «terezi» diýmekdir. Bu döwürde gije bilen gündiz bolsa deňleşýär. Şonuň üçin ol şeýle atlandyrylypdyr. Mizan döwründe hemme ekinler, giç bişýän üzümler hem doly bişýär. Hatda şaly hasyly-da mizanyň ahyryna çenli dänesini gatyryp ýetişýär. Şu döwürde meýdandaky ekiniňi ýygnap aljak bolmaly. Görnüşi ýaly, 23-nji sentýabrdan 22-nji oktýabra çenli dowam edýän mizan döwri howanyň duýdansyz üýtgäp bilýän sepgidi hasaplanýar. Güýzlük ekinleriň-de şu döwürde ekilse, oňat boý alyp bilýändigini «Mizanda ekseň ekini, ýere urar köküni...» diýen söz düzüminde gowy ýatladyp bilipdirler. Pähimli sözüň ekerançylar üçin iňňän uly ähmiýeti bar, ol ençeme ýyllaryň dowamynda synagdan geçen hakykaty daýhana ýatladýar. Mizanyň salkyn howasynda bişip ýetişen kädi, gawun, garpyz ýaly bakja ekin önümleri örän süýji bolýar. Şu döwürde bişip ýetişen bakja ekinlerini gyş üçin saklamak örän amatly. Sebäbi olar uzak wagtlap durkuny