HABARLAR

Ahyrky garagyş

Ahyrky garagyş — bu 6 — 21-nji fewral aralygyndaky, dowamlylygy 15 gün bolan döwürdir. Türkmen halk senenamasy boýunça Ahyrky garagyş gyş paslynyň ahyrky günleridir. Ata-babalarymyz gyş paslynyň tamamlanmagyny 22-nji fewralda «Togsan doldy» diýip, belläpdirler. Ahyrky garagyş döwri başlananda, ýurdumyzda gündiziň dowamlylygy 1 sagat töweregi uzalyp, ol ýurt boýunça ortaça 10 sagat 29 minuta barabar bolýar. Gijeler gysgalyp, gündizler uzalsa-da, bu döwürde-de howa sowuk bolup, käte ýerde garyň ýatýan halatlary hem bolýar.

Towşana dogduk depe...

Ümmülmez Garagum uzaklara ýaýylyp gidýär. Bu jelegaýda towşana aw diýip, tüpeň çeneýän adama gözüň kaklyşjak gümany ýok, çünki bu ýerler Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasyna degişli. Paslyň egri dyzdan gara bürenen halaty, ho-ol alaňyň üstünde towşan göründi. Ana, yzy bilen ýene biri towsup çykdy. Gara bürenen Garagumuň burjy baglan çeti-çerkezli, gandym-sözenli gerşinde dürli haýwanlaryň aýak yzlary mese-mälim bildirýär. Zoolog dostum maňa ol yzlary ýekän-ýekän «okap berýär»: çalja towşandyr ýüwrük keýik, tilkidir şagal, möjekdir garsak, hüwüdir gyrgy, çaýkeldir dazzarkel...

Täsin güller

Orhideýa gülleri bir ülüşli ösümlikler maşgalasyna girýär. Ylymda gülleriň 35 müňden gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Gögerýän topragyna baglylykda orhideýa gülleri epifit, saprofit ýa-da litofit görnüşli bolýar. Olaryň aglabasy epifit ösümlikler (bagyň şahasynda, başga ösümlikleriň üstünde ösýän, ýöne mugthorluk etmeýän) hasaplanýar, ýöne litofit görnüşlilerem (daşly, çagylly ýerde bitýän), saprofit hillilerem (mugthor, ýagny başga ösümlikleriň üstünde ösýän we şolaryň hasabyna iýmitlenýän) duş gelýär. Orhideýa gülleri gözelligi, täsinligi bilen görenleri haýran galdyrýar. Geliň, şolaryň haýwanlaryň şekiline çalym edip duran üýtgeşik görnüşleri bilen tanyş bolalyň! Kaleana ýa-da uçýan ördek orhideýasy

Gadymy mekanyň gözellikleri

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy ösümliklere, ýabany haýwanlara, dürli görnüşli guşlara baýdyr. Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly amala aşyrýan bimöçber aladalarynyň netijesinde goraghananyň haýwanat, ösümlik dünýäsi barha baýlaşýar. Goraghana degişli Gaplaňgyr hem-de Gulantakyr meýdançalary, şeýle-de Sarygamyş we Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanalary bar. Şu goraghananyň çäginde ýerleşýän Sarygamyş kölüniň taryhy örän aňyrdan gaýdýar. Onuň döremegi Amyderýa bilen baglanyşykly bolup durýar. Sebäbi  Amyderýa, alymlaryň aýtmaklaryna görä, VII-VIII asyrlarda öz akymynyň ugruny Sarygamyş çöketligine ugrukdyrýar. Şonuň netijesinde, şol döwürde Sarygamyş çöketligi suwdan dolup, ýokary derejä ýetýär. Sarygamyş köli ýurdumyzyň çäginde uly baýlyk bolup durýar. Sebäbi kölüň töwereginde haýwanlaryň dürli görnüşleri ýaşaýar. Olardan keýikler, Bathyzdan göçürilip getirilen gulanlar hem şu kölüň kenaryna gelýärler.

Hoz agajy

Güneşli Diýarymyzyň ajaýyp baý ösümlik dünýäsi bar. Gojaman Köpetdagda gabat gelýän täsin agaçlaryň biri-de grek hozudyr. Täsin hoz agajy derelerde, çeşmeleriň boýunda ösýär. Hoz agajy, esasan hem, Hytaýda, Hindistanda, Owganystanda, Eýranda giňden ýaýrandyr. Hoz diňe bir adamlaryň däl, eýsem, ähli jandarlaryň halaýan iýmitidir. Grek hoz agajy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Hoz maňzynda 45 — 77 göterime çenli ýag bolup, esasan hem, lukmançylykda ýürek-damar kesellerini bejermekde giňden peýdalanylýar. Onuň kaloriýasy sygyr etine garanyňda 7 esse köpdür. Hozuň daşky gabygy boýag üçin çig mal hökmünde ulanylýar. Hoz agajy howanyň arassa ýagdaýda saklanmagyna hem oňyn täsir edýär. Bilermenleriň bellemeklerine görä, bir düýp hoz agajy ortaça üç adama bir ýyllap dem almaga ýeter ýaly kislorody öndürýär. Adatça hoz agajy aprel aýynda gülleýär. Sentýabr, oktýabr aýlarynda miwesi ýygnalýar. Hoz nahallarynyň boýy 2 — 3 ýyldan 1 metre çenli, köki bolsa, 60 — 80 santimetre çenli uzap gidýär. Hoz agajy 5 — 7 ýyldan soňra miwe berip başlaýar. Hoz diňe bir lukmançylykda ulanylman, eýsem, tagam taýýarlamakda hem giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda hozuň maňyzlary, esasan, süýjülik tagamlary taýýarlamakda has köp ulanylýar. Şeýle hem, bu önüm k

Tebigaty goramak hemmeleriň borjudyr

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tebigaty goramak, gözelleşdirmek milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň daşky gurşawyny, ösümlik dünýäsini gorap saklamak ýaly ugurlara gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bitewüligini, durnuklylygyny we ýokary öndürijiligini gorap saklamak, olary netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň bir bölegi bolan dag tokaýlarynyň daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulaşdyrmakda we durnuklaşdyrmakda ähmiýeti barha artýar.

Guş­lar — ak säh­ra­nyň owa­zy

Mähriban Arkadagymyz: «Çogly güneşi, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ajaýyp tebigy ýadygärlikleri, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan türkmen topragynyň tebigaty täsin gözelligi bilen tapawutlanýar» diýende müň keren mamla. Ösümlik dünýäsi bilen bir hatarda, guşlar dünýäsi goýny gülzar Garagumuň aýrylmaz bölegi. Ak sähranyň owazy bolan guşlaryň hersi özboluşly täsinlige eýe. TORGAÝ

Ösümlikli sütün

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň toýlanjak ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylyň nyşanynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan derek agajynyň şekili ýerleşdirilen. * * *

Täsin “orkestr”

Bu wakany maňa heniz kiçijikkäm babam — bagşy we žurnalist Halykberdi Gurbansähedow gürrüň beripdi. Men häzir hem ol gürrüňi ýatlaýan we ýylgyranymy duýman galýaryn. Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň aýaklarynda babam ýaş hünärmen bolup, Marynyň welaýat halk döredijilik öýünde işe başlaýar. Ol ýerde geljekki atly režissýor Osman Saparow hem işleýärdi. Olar dostlaşýarlar, birek-birek bilen ýakyndan gatnaşýarlar.

Jümle-jahan habarlary

Ýanardagdan emele gelen ada