HABARLAR

Durnukly ösüşiň maksatlary

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz uly üstünliklere, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda täsin tebigaty gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, suw, ýer we biologiki serişdelerini gaýtadan dikeltmek, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, çölleşmä garşy göreş alyp barmak, tokaý zolaklaryny giňeltmek, ekologiýa boýunça wagyz-nesihat etmek babatda belli bir maksada gönükdirilen işler alnyp barylýar.

— Bilgirje, aýsbergler barada gyzykly maglumatlary bilesimiz gelýär...

— Aýsbergler Antarktidanyň we Arktikanyň kenarýaka böleginden bölünip aýrylýan ägirt uly buz bölekleri bolup, olara başgaça «buzdaglary» hem diýilýär. Bu äpet buz bölekleri bölünip gaýdan ýerlerinden erkin ýüzüşe çykanlaryndan soň, ummanlaryň akymyna görä hereket edip, müňlerçe kilometr arany açýarlar we ýyly ýurtlaryň ýerleşýän ýerlerine çenli baryp ýetýärler. Arktikadan bölünip gaýdan buzdaglaryň 4000 kilometr aralygy geçip, Bermud adalaryna çenli, Antarktidadan ýüzüp gaýdan aýsbergleriň 5000 kilometr ýol söküp, Rio-de-Žaneýronyň kenarlaryna çenli ýetýän ýagdaýlary hem bolýar. Aýsbergleriň dykyzlyk derejesi deňiz suwunyň dykyzlygyndan 10 göterim pesdir. Şonuň üçin hem daşky görnüşiniň juda uludygyna we agramynyň müňlerçe tonna ýetýändigine garamazdan, olar suwuň düýbüne çümmeýärler. Şeýle hem olaryň göwrüminiň 90 göterim bölegi elmydama suwuň aşagynda ýerleşýär. Suwuň üstündäki görünýän bölegi bolsa onuň bary-ýogy 1/10 bölejigidir.

Ösümlikler

Atdamak — selmeler maşgalasyna degişli birýyllyk dermanlyk ot. Türkmenistanda onuň 1 görnüşi duş gelýär. Aýgül — myhaklar maşgalasyna degişli köpýyllyk ösümlik. Ýurdumyzda onuň 24 görnüşi duş gelýär. Dünýäde 500 görnüşi bolan dag derman ösümligi.

1400 ýaşly agaç

Her ýyl oktýabr aýynyň ahyrynda on müňlerçe adam Hytaýyň Gu Guanýin ybadathanasyna ajaýyp gingko biloba bagynyň ýapraklaryny döküşini we ybadathana toplumynyň ýaşyldan altyna «boýalyşyny» synlamak üçin gelýär. Hytaýyň Şensi welaýatynyň Žunnan (Zhongnan) daglaryndaky Gu Guanýin ybadathanasynda Hytaýyň taryhyndaky beýik hökümdarlaryň biri bolan Tan dinastiýasynyň (618 – 907) imperatory Li Şiminýa üçin ekilen 1400 ýaşly gingko biloba bagy ösýär.

Pakistanda «Miýawiki» tokaýlary döreýär

Pakistanda ýapon ekerançy alymlary tarapyndan işlenip düzülen «Miýawiki» usuly boýunça ýöriteleşdirilen Tokaý maksatnamasyna badalga berildi. Bu usul bilen ozalkylaryndan 10 esse çalt we 30 esse gür agaçlygy ýetişdirmek mümkindir. Taslamanyň başynda ýurduň premýer-ministri, kriket boýunça öz döwründe dünýäniň iň güýçli türgenleriniň hatarynda tanalan Imran Han dur. Hatda täze taslama hakynda onuň özi şeýle düşündiriş berdi: «Ýaponiýada şeýle gysga döwürde gür tokaýlygy emele getirip bolýandygyna hut özüm şaýat boldum. Bu ýagdaý howanyň hapalanmagynyň garşysyna hem çalt we netijeli göreş bolar. Munuň üçin Lahorda 1 –2 gektara barabar bolan 50 sany ýeri saýlap aldyk. Ilkinji synaglar örän üstünlikli geçdi».

Gyşyň mawy reňki

(Bathyz gündeliginden) Men gyşyň reňkini akdyr öýderdim. Ýöne Bathyzda bu düýbünden beýle däl eken...

Ekologiýa bilen sagdynlygyň sazlaşygy

Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigaty gorap saklamakda, ekologiýanyň arassalygyny gazanmakda baý tejribe toplandy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasynyň netijesinde tebigy gurşawy goramaga we ony baýlaşdyrmaga gönükdirilen işlere toplumlaýyn çemeleşilýär. Muny ýurdumyzyň ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmakda, ýerleriň hasyllylygyny gowulandyrmakda, suwy tygşytly ulanmakda we durmuşa ornaşdyrylýan beýleki tutumly işlerde görmek bolýar.  Daşky gurşawyň arassalygy adam saglygyna oňaýly täsir edýär. Adam tebigat bilen berk aragatnaşykda bolýar. Şonuň üçinem halkymyz tebigata aýawly çemeleşip gelipdir. Tebigatyň ösümlik dünýäsini, janly-jandarlaryny goramak ata-babalardan gelýän sogap iş hasaplanýar. Ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi örän baýdyr we dürli-dürlüdir. Onda ençeme dermanlyk ösümlikler ösýär. Bular barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işinde giňden beýan edilýär.

Bagym bar — barym bar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzyň ähli ýerinde dürli görnüşli saýaly, pürli we miweli baglary ekmeklik asylly däbe öwrüldi. Daş-töweregimizi gurşap alan gözellikleri görmäge göz gerek. Ähli janly-jandaryň dem alýan howasyny tämizläp durýan tebigatyň ösümlik dünýäsi — durmuşyň gözelligi hem gönezligi. Döwlet Baştutanymyz halkymyza hemişe bagdyr gül ekip, daş-töweregimizi gözelleşdirmäge, olaryň döredýän tämiz howasyndan dem alyp ýaşamagy,  howamyzyň hemişe arassalanyp durmagyny gazanmagy, boş wagtlaryňda Saglyk ýoluna çykmagy, säher bilen dagyň kalbyňy heýjana salýan tämiz howasyndan dem alyp, saglygyňy berkitmegi, bedenter-biýedir sport bilen yzygiderli meşgullanmagy sargyt edýär. Bu işde Gahryman Arkadagymyz nusgalyk görelde görkezýär. Milli Liderimiziň bag ekmäge badalga berýän ýerlerinde gür baglyk emele gelip, şol ýerler tokaýlyga öwrülýär. Adamlaryň elleri bilen döredilýän tokaýlyklar ýurdumyzyň çar künjegini gurşap alyp, ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrýar. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň düýp manysy halkymyzyň saglygyny goramakdan, ekologiýa abadançylygyny gazanmakdan ybaratdyr. Şonuň bu il bähbitli, döwlet ähmiýetli işe goşa

Türkmenistan — bagy-bossan

Şäheriň gözelligi ugrunda Welaýat merkeziniň bag-seýilgäh ulgamynyň täze agaçlar, güller bilen üstüniň ýetirilmegine Daşoguzyň arassalaýyş we abadanlaşdyryş trestiniň zähmet topary uly goşant goşýar. Mysal üçin, geçen ýylyň güýz möwsüminde onuň hünärmenleri özleriniň garamagyndaky açyk görnüşli nahalhananyň çäginde hemişe ýaşyl öwsüp oturan pirikato gyrymsy bezeg agaçlarynyň nahallaryny ekdiler. Ol gyrkyp, dürli şekilleri ýasap bolýandygy bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda şäheriň dürli künjeklerinde ondan ýasalan şekilleri görmek bolýar. Ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan bu agaçlaryň sany has köpelse, onda onuň welaýat merkeziniň tokaý zolagynyň öňküden hem gözelleşmegine ýardam etjekdigi şübhesizdir.

Dünýäniň gymmatbahaly daşlary

Biz dünýäniň iň gymmatbahaly daşy göwherdir diýip pikir edýäris. Emma ol beýle däl. Tebigatda göwher ýaly täsin, owadan, käte gymmatlygy boýunça ondan hem ýokary, ýöne seýrek duş gelýän minerallar hem bar. Adatça, olaryň gymmatlygy daşyň tebigylygy, seýrekligi, owadanlygy hem-de oňa bolan islegiň ýokarylygy bilen ölçenýär. Makalamyzda şol gymmatbahaly daşlaryň sanawyny bermegi makul hasap edýäris. Gyzyl almaz — almaz toparynyň örän gymmat görnüşi we dünýäde iň gymmat mineraldyr. Adamzat taryhynda bu mineralyň birnäçe görnüşleri tapylypdyr we olaryň köpüsi örän kiçi agramda bolupdyr (iň kiçisi 0,5 karatdan hem az). Gemmologiýa ylmynda almazyň bu görnüşiniň tebigy reňki goýy gyrmyzy diýlip hasap edilýär. Reňkli almazlaryň ýeke-täk mesgeni Argaýyl (Awstraliýa) almaz känleri bolup, ondan her ýylda sanalgyja möçberde daş alynýar. 0,1 karat agramda bolan bu mineralyň tebigy görnüşi, adatça, diňe auksionlara çykarylýar.