Bagy-bossan Diýarym
Adam islendik ýurda, islendik ülkä düşende, ilki bilen, onuň ünsüni çekýän zat, şol ýeriň tebigaty, ösümlik we haýwanat dünýäsidir. Eger-de ýurt şu zatlara baý bolsa, onda jahankeşdeleri-de, syýahatçylary-da özüne çekýär. Çünki tebigatyň goýnunda ýaşaýan ynsanyň kalby mydama gözelligiň telwasynda. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň-da bagty çüwendir diýip, ynamly aýtmak bolar. Çünki keremli ýurdumyzyň sährasy sähra, dagy dag, derýasy derýa, deňzi deňiz ýerinde. Türkmen topragynda dünýäniň hiç ýerinde duşmaýan täsin ösümlikleriň onlarça görnüşi ösýär. Ýurdumyzyň haýwanat dünýäsi-de köpdürlüdir. Şoňa görä-de, tebigy baýlyklarymyzyň gadyryny bilip, olary gorap, baýlaşdyryp, geljekki nesillere geçirmek mukaddes borjumyzdyr. Diýarymyzyň döwlet tebigy goraghanalary hut şu işler bilen meşgullanýarlar. Ondan daşary-da, her ýyl ýazda we güýzde geçirilýän ählihalk bag ekişlik dabarasynda dürli görnüşli agaç nahallarynyň millionlarça düýbi oturdylýar. Netijede, ýurdumyzyň ähli künjekleri bag-bossanlyga bürenýär. Güýzki bag ekişlik möwsümine hem ykjam taýýarlykly geldik. Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Döwletli şäherçesiniň daş-töweregini ýörite bezeg agaçlary bilen örtmek üçin ýazda, tomusda we güýzde gülleýän bezeg agaç