HABARLAR

«Ak­rap gy­şyň ow­su­ny...»

Ak­rap döw­ri her ýy­lyň 23-nji okt­ýab­ryn­dan baş­la­p, 22-nji no­ýab­ra çen­li ara­lyk­da do­wam ed­ýär. Bu dö­wür ha­kyn­da bir­nä­çe na­kyl­lar dö­re­di­lip­dir. Ýyl­dyz se­ne­na­ma­sy bo­ýun­ça Mi­zan­dan soň Ak­rap gel­ýär. «Ak­rap» arap sö­zi bo­lup, «iç­ýan» diý­mek­dir. Bu dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­de de­mir­ga­zyk-gün­ba­tar ta­rap­dan so­wuk ho­wa aky­my ara­la­şyp baş­la­ýar. Bu ýag­daý halk na­ky­lyn­da «Ak­rap ge­ler gy­gy­ryp, ýel-ýag­my­ryn ça­gy­ryp» di­ýen se­tir­ler­de hä­si­ýet­len­di­ri­lip­dir.

Güýz pas­ly­nyň bir gü­ni

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4... +9 gradusdan +10... +15 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +18... +23 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +12... +17 gradus maýyl bolar.

Hojagarawul deresi

Köýtendagda bolan her bir adam onuň arassa howasyny, gözel tebigatyny hiç haçan ýatdan çykarmasa gerek. Esasan-da, Hojagarawul deresi öz täsinlikleri bilen bu ýere gelenleri haýran galdyrýar. Ol beýleki dereler bilen deňeşdireniňde, onçakly uly bolmasa-da, özüniň gözelligi we täsinligi bilen tapawutlanýar. Hojagarawul deresi Köýtendagyň günbatar ýapgydynda, Bazardepe obasynyň golaýynda ýerleşýär. Ol ilat arasynda «Tutlydere» ady bilen hem meşhurdyr. Sebäbi Köýtendagyň dereleriniň arasynda hut Hojagarawulda gaty köp tut agajy ösýär. Derä giren ýeriňde harabalyklara gözüň düşýär. Olaryň diwarlary laýdan we daşdan garylyp örülipdir hem-de asyra barabar ýaşy bar. Bu ýerde ýerli ilat ýaşapdyr. Olar şu dereden akyp geçýän çeşme suwundan örän tygşytly peýdalanmagy başarypdyrlar. Şol wagtlar häzirki ýaly gurluşyk önümleri we tehniki serişdeler bolmasa-da, ekerançylar çeşmäniň suwuny gaýanyň düýbünden şahjagaz edip, deräniň öňündäki tekizlige çykaryp bilipdirler.

Köýtendagyň täsin tebigy gözellikleri

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe güneşli ýurdumyzyň gündogar çetinde ýerleşýän Köýtendag jülgesi tebigaty söýüjileriň we syýahatçylaryň has köp gelýän ýerleriniň birine öwrüldi. Köýtendagyň asyrlaryň syrlaryny goýnunda saklaýan, asyrlaryň jümmüşinden gelýän taryhymyzyň dilsiz şaýatlaryna öwrülen gaýalar bilen berk gurşalan täsin ýerleri göreni haýrana goýýar. Köýtendag gündogarda Täjigistanyň, Özbegistanyň çäklerinde günbatara uzalyp gidýän Gissar dag ulgamynyň iň günbatarky bölegi - kiçeňräk gerşi bolup durýar. Köýtendag Gissar dag ulgamynyň umumy ulgamynyň uzalýan ugrundan tapawutlylykda demirgazyk-gündogardan günorta-günbatara ugrugyp gidýändir. Dag gerşi bilen uzalyp gidýän jülgäniň düýbünden Köýten derýasy akyp, Köýtendagyň günbatarynda tebigy çäk emele getirýär. Köýtendag demirgazyk-gündogarda geriş şekilini ýitirmän, doganlyk ýurt bolan Özbegistanyň çäklerine geçip gidýär. Umuman, Köýtendagyň suw bölüji gerşinden Türkmenistanyň Özbegistan bilen araçägi geçýär. Bu gerşiň iň beýik depesi Aýrybaba depesidir. Bu depäniň iň beýik nokady ýurdumyzdaky edebi we kartografik çeşmelerde umman derejesinden 3137 metr ýokarda ýerleşýär diýilýär.

Bil­gir­jä so­wal

— Bilgirje, häzir Watanymyzda güýz pasly dowam edýär. Bu paslyň hem beýlekiler ýaly özüne ýetesi özboluşly taraplary bardyr. Şular barada giňişleýin gürrüň beräýseň! Ilki bilen, güýz paslyny Ýer şarynyň ähli ýaşaýjylarynyň gyradeň görmeýändigini aýtmaly. Demirgazyk ýarymşarda sentýabr, oktýabr, noýabr aýlary, Günorta ýarymşarda mart, aprel, maý aýlary güýze degişli hasaplansa, ekwatorial guşaklykda güýz düýbünden bolmaýar. Oňa derek bu ýerlerde ýa gurakçylyk ýa-da ýagyş-ýagyn köp duş gelýär. Bu sebitlerde durnukly howa ýagdaýy höküm sürýär. Howanyň temperaturasynyň peselmegi bilen güýzüň başynda köpsanly guşlar ýyly ýurtlara göçýärler. Sowuk ganly jandarlar we kirpidir aýylar, mör-möjekler güýzüň ahyrynda gyş ukusyna gidýärler. Käbir haýwanlaryň köpüsiniň bolsa sütükleri galyňlaşyp, gyşlaýan guşlaryň ýelekleri täzelenip, aňzakly hem aýazly, garly gyşa taýynlanýarlar. Güýzde baýguşdyr hüwüleriň sesi beýgelýär. Sebäbi olar özleri üçin oňaýly höwürtge gözleýärler. Belkalar güýzde köpräk hozdur maňyzly şänikleri ýygnaýarlar. Şonuň üçin olaryň iýmitlerini nirä gizländiklerini berk ýatda saklamaklary üçin beýnisi güýzde ulalýar.

Tebigat bilen sazlaşykly durmuş

Alym Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüminde bag ekmegiň ähmiýeti barada örän täsirli rowaýat getirilýär. Rowaýatda beýan edilişine görä, bir adam ogluna mellegindäki baglaryň biriniň düýbünde gyzyl gömüp goýandygyny aýdyp, ondan peýdalanyp bilse, ol baýlygyň ony ömürboýy ekläp biljekdigini ýaňzydýar. Ogly, elbetde, baglaryň arasyny gyzyl dörjük edýär. Gyzylly humy tapmak üçin melleklerindäki ähli baglaryň düýbüni depip çykýar. Gyzylly hum-a tapylmaýar welin, ýöne şol ýyl düýbi depilen baglar şeýle bir bol hasyl berýär. Oglan atasynyň diýýän «gyzylly humunyň» topraga siňdirilen zähmetdigine şonda göz ýetirýär. Şahyr Gara Seýitliýewiň «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, Dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýen çuň mazmunly setirleri mekdep ýyllaryndan bäri her birimiziň aňymyza ornaşdy.

Köýtendag — türkmen tebigatynyň täsinliklere baý künjegi

Köýtendagyň tebigy keşbi özboluşlydyr. Ol «kuhi» diýen pars we «teň» diýen türk sözlerinden gelip çykyp, «geçmesi kyn dag» diýen manyny aňladýar. Bu daglyk ýerler köpsanly jülgelerdir dereler bilen dilkawlanandyr. Olaryň iň uzyny Hojaçilgezbabadyr. Onuň uzynlygy 28 kilometre barabardyr. Dereleriň has owadany 600 metr peslikde ýerleşen Daraýderedir. Aýrybaba Köýtendagyň iň belent nokady bolup, onuň beýikligi 3138 metre barabar.

Welaýatymyzda güýzki bag ekmek möwsümi dowam edýär

GADYMY MEKANDAKY HAÝYRLY IŞLER Garaşsyz ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň güýzki bak ekmek möwsümine badalga berilmegi bilen, welaýatymyzyň Ruhubelent etrabynda hem bu ugurdaky işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Şeýlelikde, häzirki döwürde etrabyň merkezi şäherçesinde, oba geňeşlikleriniň çäklerinde ýaş nahallary oturtmak, öňden ösüp oturanlaryna ideg etmek boýunça derwaýys çäreler amala aşyrylýar. Olara edara-kärhanalaryň, oba geňeşlikleriniň, orta mekdepleriň, saglyk öýleriniň işgärleri uly hyjuw bilen gatnaşýarlar. Geçen şenbe güni bu ýerde geçirilýän şeýle çärelere şaýat bolduk.

Gadymy sarahs topragyna syýahat

Güýz paslynyň ajaýyp günleriniň biridi. Daglaryň aňyrsyndan jyklaýan Gün ähli ynsanlara süýjüden-süýji arzuwlary ýollaýan ýaly, tyllaýy şöhlesini saçyp ugrapdy. Agaçdan tänip gaçýan sary ýapraklar güýz şemalyna hiňňildik uçýana çalymdaşdy. Asuda asmanda iki ýana gaýyp ýören guşjagazlaryň mylaýym jürküldileri bolsa, çar tarapda parahatlygyň sesi deýin ýaňlanýardy. Biz şeýle owadan pursatlary synlap, paýtagtymyzdan gadymy Sarahsa tarap ýola düşdük. Gadymyýetde pirleriň, alymlaryň, akyldarlaryň gadamy düşen Sarahs topragy hakynda oýlananymda, taryhy ýerler, tebigat täsinlikleri bilen bir hatarda, at-owazasy äleme ýaýran «Pulhatyn» köprüsiniň taryhy ýadyma düşýär. Mekdepde okaýan döwürlerimiz bu gadymy köpri hakynda taryh mugallymymyz Nurjemal Eşşanowa şeýle gürrüň beripdi: