HABARLAR

Suw gym­mat­ly ha­zy­na­dyr

Suw ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanýar. Şonuň üçin türkmenler asyrlaryň dowamynda suwa aýawly çemeleşipdirler. Onuň her bir damjasyny altyna barabar görüpdirler. Bu bolsa suwy tygşytly ulanmagyň möhümdigini nygtaýar. Türkmen halk döredijiliginde suwa sarpa goýmak hakynda birgiden nakyllardyr aýtgylar, tymsallar hem-de rowaýatlar döräp, dilden-dile geçip gelipdir. Gahryman Arkadagymyz hem ýaşaýşyň çeşmesi bolan suwa has aýawly çemeleşmegiň zerurdygyny mydama ündäp gelýär. Arassa agyz suwunyň halkymyzyň saglygyny berkitmekde, raýatlaryň ömrüni uzaltmakda hem-de milletiň genofondyny gowulandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedigini mysallaryň üsti bilen düşündirýär.

Te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň nus­ga­sy

Arkadagly Serdarymyzyň paýhasly nazaryndan bina bolan sil suwlaryny sowujy desganyň gurlup ulanylmaga berlendigi baradaky habar gadymy oguz ýurdunyň bagta dahylly her bir raýatynyň kalbynda çäksiz buýsanç we kanagatlanma duýgusyny döretdi. Paýtagtymyzyň günorta böleginde peýda bolan bu deňi-taýy bolmadyk sil suwlaryny sowujy desga hormatly Prezidentimiziň tebigy betbagtçylyklardan we paslyň aýratynlyklary zerarly ýüze çykyp biljek ýagdaýlardan ilaty we ýer parçalaryny, dürli maksatly desgalary goramak bilen bagly çynlakaý aladalarynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi tarapyndan gurlan bu suw desgalar toplumy halkara güwänamalarynyň birnäçesine eýe boldy. Ine, ol halkara güwänamalar: «Seleweýa assosiasiýa» sebitara jemgyýetçilik guramasynyň toplumyň özboluşly gurluşyk taslamasy esasynda durmuşa ornaşdyrylandygy baradaky güwänamasy, A.Kostýakow adyndaky Gidrotehnika we meliorasiýa baradaky bütinrussiýa gözleg institutynyň toplumyň çäkleriniň ýagyn we sil suw akymlarynyň täsirinden inženerçilik goraglylygyny üpjün edýän gurluşyk desgasynyň daşky gurşawa howpsuzdygy baradaky güwänamasy, «Sigmacert» halkara resminamalaşdyryş Bilim we barlag hyzmatlar kompaniýasynyň toplumyň gurluşygynyň Standartlaşdyrma boýunça halkara gur

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan 0... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +11 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3... +8 gradus maýyl bolar.

Gadymy Uzboýuň gözellikleri

Uzboý türkmen tebigatynyň täsin tebigy ýadygärlikleriniň biridir. Onuň taryhy bilen içgin gyzyklansaň, tebigatyň gözel künjegi hakynda gyzykly kitaby okap oturan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Gadymy Uzboýuň aşaky hem-de orta akymlaryna syýahat etmegi maksat edinen adamyň ýoly Uly Balkanyň dag eteklerinden başlap, Garagumuň merkezindäki Palaýhanata oýlugynyň üstünden düşýär. Ýolugruna duşýan äpet zemzemler, dürli görnüşli ýylanlar bu sebitiň haýwanat dünýäsiniň baýlygyndan habar berýär. Uzboýuň akabasy uç-gyraksyz sähranyň goýnunda ajaýyp görnüşi emele getirýär. Bu akabanyň ugrundaky owunjak kölçeleriň keşbi duzlaryň gözüňi gamaşdyryjy ýalpyldysy bilen garyşyp gidýär. Emma asyrlaryň dowamynda güýçli ýelleriň, Uzboýuň bol suwunyň täsiri astynda ýylmanan derýa kenary göreni haýran galdyrýar. Töwerek-daşy synlap, bir wagtlar bu ýerde ýaşaýşyň möwç urandygyny görkezýän alamatlary görmek bolýar. Gadymy hananyň golaýyndaky Ýasga köli göçegçi guşlaryň ýalazy sähradaky ýeke-täk howpsuz we ajaýyp düşelgesidir. Goýä, bir gudrat bilen döräne çalymdaş Ýasga kölüniň göm-gök suwy daş-töweregi gurşap alan sap-sary çölüstanyň içinde merjen dänesi deý öwüşgin atyp, bu ýeriň görküne görk goşýar. XX asyryň belli gidrobiology Kumin Ýa

Gyş gapyny kakanda

Şu gün gyşyň ilkinji güni. Ýöne halk senenamasy boýunça bolsa 23-nji noýabrda garagyş döwri başlanyp, ol 7-nji dekabra çenli dowam edýär. Bu paslyň gelmegi bilen daýhanlaryň işi paýawlaýar, maldarlar üçin bolsa jogapkärli möwsüm — dowarlary gyşlatmak möwsümi başlanýar. Ýylyň ýyldan, paslyň pasyldan parhy bar. Ine, ýigrimi birinji asyryň ýigrimi ikinji ýylynyň altyn güýzi bereketli, hümmetli geldi. Daýhanlarymyzyň çeken zähmeti ýerine düşdi, dürli ekinleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Atyzlardaky berekedi ýygnap almak işine köp güýçler jemlenildi. Şonuň netijesinde nygmat bolçulygy döredildi. Tebigat hem ýer eýelerini «goldady»: güýz paslynyň soňky aýlary örän ýyly we ygalsyz geldi. Bu bolsa ekin meýdanlarynyň bol hasyly yrýasyz ýygnap almaga oňyn şertleri döretdi.

Ýürek örküm — Garagum

Garagum sährasynyň baý ösümlik dünýäsiniň diňe ekologiýa babatda däl, eýsem, ynsan saglygy üçin örän ähmiýetlidigini, olaryň her biriniň häsiýetli aýratynlyga eýedigini hemmämiz bilýäris. Onuň ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we ony nesillere ýetirmek biziň borjumyzdyr. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän Garagum sährasy ýylyň ähli paslynda-da tebigy gözelliklere diýseň baý. Baharyň jana ýakymly günlerinde seýrana çykmak, tomsuň nurana gijelerinde ak alaňlara çykyp, ýyldyzlary synlamak, tyllaýy güýzlerde sarymeňiz keşbe giren ösümlikleriň gözelligine maýyl bolmak, ak garly gyşlarda towşan yzly depelere çykmak her bir adamy Garagumuň gudrat-keremine bendiwan eýleýär. Ak sazaklaryň ýaşyl öwüsýän pürleri, gyz kamatly sözenleriň uzaklardan gol bulap durşy, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän borjaklar, aňňat-aňňat depeleriň degresine gelşik berip oturan gandymlar, selinler...bereketli türkmen sährasynyň ösümlik dünýäsiniň egsilmez baýlyklary. Sazagyň halk lukmançylygynda aýratyn orny bardyr. Sazak — Garagum sährasynyň baýlygy, bezegi, bereketi. Onuň tokaýlyklaryny synlanyňda, tebigata söýgiň has-da artýar. Gum depelerinde, gollaryň içinde ösüp oturan sazaklar ýöne bir adaty sähra ösümligi bolman, ol adama-da, haýwana-da peýdaly baýlyk

Ördek

Ördek suwda köp gezýän guşdyr. Ony gamyşly köllerde, suw howdanlarynda, derýalaryň ýalpak ýerlerinde, deňizleriň kenarlarynda görmek bolýar. Ol suwuň aşagynda hem suwuň ýakasynda bitýän ösümlikleri, leňňeji, tomzagy, teneçirdir çybyny, çirkeýi iýýär. Şeýle-de ördek ýasy çüňküni çalaja açyp, suwly laýy ilki sorýar, soňra ony agzynda süzüp iýmitlenýär.

Gyzylgaz

Gyzylgaz örän owadan guş. Onuň aýaklary hem boýny uzyn bolýar. Daşky görnüşi bolsa gülgüne reňklidir. Seýrek gabat gelýän bu uly guşa şor suwly sähra köllerinde, Hazar deňziniň eteklerinde, Garabogaz aýlagynda, Çeleken töwereklerinde, gabat gelmek bolýar. Olar ýalpak suwly ýerlerde süri-süri bolup, hatara düzülip, uzyn günläp iýmitlenýärler, gezim edýärler. Olary golaýdan synlasaň, edil gülälekli meýdany ýadyňa salýar. Oňat uçup, ýüzüp bilýän gyzylgaz köplenç suw otlarydyr suw jandarlaryny iýip oňýar. Olar uçanda toýnuk gurap uçýarlar. Bu guşlar suwuň ýalpak, gamyşly ýerlerinde, çöp-çalamlaryň üstünde gyrmançadan, ösümliklerden, mollýuskalaryň boşan daşky örtüklerinden uly höwürtge ýasanýarlar. Her sürüsinde üç ýüze ýakyn höwürtge bolýar. Şol höwürtgelerde gyzylgazlaryň mäkiýanlary bir ýa iki sany ýumurtgasyny basyp oturyp, maýdyr-iýun aýlarynda, 30-32 günüň dowamynda jüýje çykarýarlar. Jüýjeleriň ýasy we çowsuz ganatlarynyň reňki birbada garamtyl çalsow bolup, üstünden birki ýyl geçenden soň uly gazlaryňky ýaly, gülgüne öwsüp ugraýar.

Garagulak

Ýurdumyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Häzirki wagtda gözel Watanymyzyň ajaýyp tebigatyny gorap saklamakda ýurdumyzda 9-sany döwlet tebigy we biosfera goraghanalary hereket edýär. Her goraghananyň hem özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Şol goraghanalaryň biri hem ýurdumyzyň günorta künjeginde ýerleşýän «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasydyr. Goraghana ýowuz hem-de ajaýyp sebitde ýerleşýär. Goraghananyň çäginde haýwanlaryň köp görnüşleri duş gelýär. Bu ajaýyp künjekde dag goçlaryna, keýiklere , gulanlara, ondan daşary hem ýyrtyjy haýwanlara gabat gelmek bolýar. Goraghananyň çägindäki haýwanlaryň köpüsi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Ol haýwanlardan Alajabarsy, Syrtlany, Garagulagy görkezmek bolar.

Bileniň — baýlygyň

Daglaryň täsinligi Ýer togalagyndaky iň beýik wulkan — Çili döwletiniň çägindäki And daglarynyň 6887 metr beýikligi bolan Okos - del - Salado wulkanydyr.