HABARLAR

Bagbanlaryň bahar aladalary

Nur-berekede, hoş habarlara, toýlara beslenip gelen bahar pasly ýatdan çykmajak taryhy wakalary bilen hemmelere şatlyk paýlaýar. Mähriban paýtagtymyzyň altynaý şuglaly gözelliginiň bütin durky bilen, Asman giňişligindäki ýylpyldaşýan sansyz ýyldyzlar ýaly, nura çümüp durşy ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da joşdurýar. Göwher gaşly ýüzük deýin lowurdap, çar tarapa şugla saçýan Aşgabadyň ajaýyp agşamlary köpleri haýrana goýýar. Her bir öý-ojagyň bagtdan paýly, şatlykly, döwletli-döwranly günlerden serpaýly bolmagy, halkymyzyň parahat asmanly, asuda durmuşda eşretli günleriniň hözirini görüp, nesillerine guwanyp ýaşamagy ugrunda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, mähriban paýtagtymyzda hem dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Ählihalk bag ekmek dabarasynda bitirilen beýik işler halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Şol gün paýtagtymyzda hem miweli we pürli agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Häzirki döwürde biz Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň çäklerinde ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlaryny, myhmanhanalary, söwda-dynç alyş merkezlerini, seýilgähleri, medeni-durmuş maksatly binalar toplumlaryny yzygiderli gurýarys. Paýtagtymyzy abadanlaşdyrmaga, gözelleşdirmäge, täze seýilg

Aşgabadym bir owadan halydyr

Aşgabat gözellik babatda nepis dokalan hala meňzeýär. Onuň giň çäginde bina edilýän ymaratlar hakyky tarypa mynasyp. Gözel şäheriň şaýollaryna saba bilen işe gelýärkäň syn etmegiň hem özboluşly lezzeti bar. Bahar paslynyň mymyk howaly ajaýyp günlerinde has owadan görünýän Aşgabadyň gözelligi aýratyn dessana mynasypdyr. Täsin gülleriň ygşyldap durşy, bezeg agaçlarynyň birgeňsi bolup ýanýodalara zynat çaýyşy, Bekrewe, Jülge töwereklerini gurşap alan arça tokaýlyklary kalbyň köşgünde tebigata bolan mizemez söýgini oýarýar we hyýalyňda edil juwanlyk ýyllaryňa sary dolanan ýaly bolýarsyň. Eziz Aşgabadymyz, owadanlygyň, tämizligiň mekany. Daş-töweregiň arassa bolsa, göwnüň göterilýär, şähdiň açyk bolýar, işe bolan höwesiň artýar. Aşgabadyň suw çüwdürimlerini synlamagyň lezzeti hem has başgaça. Keşbini ýazlardan alan owadan paýtagtymyz türkmeniň inçe, kämil sungaty bolan halysy ýaly nepis, haýrana goýujy täsinliklere, gözelliklere baý.

«Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär»

Türkmen halkymyzyň heňňam aşyp gelýän asylly däp-dessurlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Asyl-aňry sarpaly türkmen ata-baba dowam edýän şeýle döwletli tutumlaryny häzirki wagtda hem uly ruhubelentlik, agzybirlik bilen ýerine ýetirýär. Ajaýyp başlangyçlaryň esasy özeninde ynsanyýet bähbidini nazara alýan rowaç işleriň bolmagy iňňän buýsançlydyr. Gadymyýetiň şöhratly taryhyna şan beren şeýle asylly ýörelgeleriň biri-de, tebigaty gözelleşdirmek, arassa ekologiýany gorap saklamak, saýaly we pürli agaç nahallarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen amala aşyrylýan bag ekmek dabarasydyr. Ýagny, şahyryň aýdyşy ýaly: «Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär, // Dünýä kitabynda onuň ady bar». Geçen hepdäniň ýekşenbe güni — 20-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine gatnaşyp, bu asylly işe badalga berdi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň agzybir ildeşlerimiz tarapyndan mähirli mübäreklenmegi, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary tarapyndan garşylanmag

Ýaşyl ýaýlaly Watan

Geçen ýekşenbe gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berilmegi eziz Watanymyzy gür baglyga öwürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Şol gün paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem agaç nahallarynyň ençemesi oturdyldy. Dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy. Tokaý we ýaşyl zolaklary döretmek gözel paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak işleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Aşgabat şäherinde gür bagly seýilgähleriň onlarçasy bar. Paýtagtymyzyň günorta künjeginde tokaý zolaklarynyň döredilendigini we öz çägini ýylsaýyn giňeldýändigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ýurdumyzyň ähli künjeklerini we baş şäherini bagy-bossanlyga büremek boýunça ýaýbaňlandyrylan beýik işler üstünlikli dowam etdirilýär. Bag ekmek ata-babalarymyzdan bize miras galan asylly däpdir. Bu ýörelgäniň ýurdumyzda mynasyp dowam etdirilmeginiň netijesinde eziz Watanymyzyň ekologiýa abadançylygy uly rowaçlyklara beslenýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 23-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +4... +6° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Tebigatyň täsinligi

Türkmen tebigatynyň täsinliklerini söz bilen beýan edip, soňuna çykar ýaly däl. Ýurdumyzyň islendik künjeginde akylyňy haýrana goýýan täsinlikleri görmek bolýar. Arly gyşyň möwritini pasyllar soltany hasaplanylýan bahara geçirmegi bilen, daş-töwerek ýaşyl begrese bürenip, daragtlar pyntyk ýaryp, gül-gunçalar lälezarlyga öwrüldi. Tebigatyň janlanyp, onuň gözellikleriniň şugla saçýan pursatlary toprak bilen bagry badaşan babadaýhanlar ekin meýdanlaryna çykyp, yhlas siňdirip, bol hasylyň düýbüni tutmaga girişdiler. Pasyllaryň soltany hasaplanylýan baharyň ajaýyp günleri özüniň arassa, mylaýym howasy bilen jana tenekar bolup, zähmete hyjuw, Watana söýgi döredýär. Bahar paslynyň şu günleri daş-töwerek has-da gözelleşýär. Günüň nuruna eýlenen täsin tebigat ýazda üýtgeşik görnüşe eýe bolýar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 22-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 22-nji martda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Tebigat we biz

«7/24.tm», № 12 (95), 21.03.2022. OTAG ÖSÜMLIKLERI HOWANY TÄMIZLEÝÄRLER

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 21-nji martda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 50 — 70%.