HABARLAR

Täsin gülli liana

Bezeg ösümlikleri ähli döwürlerde ýaşaýşyň hil görkezijisi bolup, häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde tehnikanyň we tehnologiýanyň depginli ösýän döwründe olara bolan gyzyklanma gün-günden artýar. Jaýlaryň içini ösümlikler — güller bilen bezemek otaglaryň içinde tebigatyň bir bölegini döretmek arzuwyny amala aşyrmak maksady bilen ýüze çykypdyr. Watany tropiki ýurtlar bolan bezeg ösümliklerini otag şertlerinde ulanmak ýaşaýşy bezeýär, kähalatlarda ol bejeriş häsiýetine hem eýedir. Bu sebäpden otag ösümlikleriniň bioekologiýa aýratynlyklary, olaryň ulanylyş we ösdürilip ýetişdiriliş usullary ylmy esaslarda öwrenilýär. Bu işe S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň ylmy işgärleri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Botanika bagynda ylmy taýdan öwrenilen ösümlikler gül-bezeg ösümlikleriniň görnüşlerini baýlaşdyrýar. Tropik we subtropik ösümlikleriň gazna ýyladyşhanasynda ösümlik görnüşleri biologik aýratynlyklaryna laýyklykda, ekologo-geografik usulda ýerleşdirilýär. Kolleksiýanyň esasyny düzýän arumlar maşgalasynyň wekilleriniň ýyladyşhana şertlerindäki morfologik üýtgemeleri, barlagdaky ösümlikleriň uýgunlaşma ýagdaýynda ösüş, boý alyş, gülleýiş, miweleýiş döwürlerini öwrenmek boý

«Ak alnyňda bir söz diýem...»

Türkmenistan döwletimiz özbaşdaklygyny alanynyň yzýany Birleşen Milletler Guramasynyň esasy düzüm bölekleriniň biri hasaplanýan ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. Taryh sahypasynda galan 30 ýyl içinde mähriban Watanymyzyň milli medeni hem-de tebigy mirasyny öwrenmekde, dikeltmekde hem-de olary ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmakda juda tutumly işler amala aşyryldy. Şu ýazgylar kagyza geçjek wagty şahyr Kakamyrat Rejebowyň aşakdaky goşgy setirleri ýada düşdi durdy. Garşy ýatan gara daglar daýym gorag-penaň bolsun!

Ýaşaýyş çeşmesi

Alym Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde:  «Toprak, howa, gyzgynlyk, suw, bular ýaşaýşyň dowam etmeginiň hökmany şertleri. Adam tebigatyň sazlaşykly guralan ýaşaýyş akymynyň dowam etmegine täsirini ýetirýär»  diýip nygtamak bilen, adam bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşyga aýawly çemeleşmegiň wajyplyklary barada juda täsirli ündewlerini beýan edýär. Ajaýyp eserde nygtalyşy ýaly, suw — ynsan üçin ýaşaýyş çeşmesi. Suw bar ýerinde ýaşaýyş bar, täzeleniş, janlanyş bar. Ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy, bereket çeşmesi bolan suwuň her damjasyny ata-babalarymyz altyna deňäpdir. Suw tebigaty janlandyrýar. Mukaddes hasaplanýan suw ýurdumyzyň ýaýylyp ýatan giň sähralyklaryny gülzarlyga, keramatly topragymyzy bolsa bereket mekanyna öwürýär. Şu nukdaýnazardan hem biziň halkymyz suwuň gadyryny bilip, ony sarpalap, suw bilen bagly «Dama-dama köl bolar, hiç dammasa çöl bolar», «Çöl görki suw, köl görki guw» ýaly peder pentlerini öz nesillerine miras galdyryp, suwuň asla ýok ýerinde guýy ýa-da käriz gazmak, jykyr gurmak arkaly ol ýerlere suw eltmegiň, suwy tygşytly ulanmagyň dürli ýollaryny gözläp, olary has-da kämilleşdiripdirler. «Paýhas çeşmesi» nakyllar kitabyndaky:  «Suw ýygnanyp, köl bolar, köp ýygnanyp — il» diýen para

Dirilik çeşmesi

Suw adamzadyň ýaşaýşynda örän möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Hakyň didaryny gören, baran ýerini bereket-bolçulyga, lälezarlyga besleýän suwuň ähmiýeti häzirki döwürde has artýar. Hormatly Prezidentimiz ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek meselesini üstünlikli çözmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirýär. Şular bilen birlikde suw serişdelerini gorap saklamak, olardan netijeli peýdalanmak, önümçilige suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça anyk işler alnyp barylýar. Bu babatda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary halkara guramalarynda gyzgyn goldawa eýe bolýar. «Suw hakynda» Türkmenistanyň kodeksi suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň, olary aýawly saklamagyň hem-de dikeltmegiň, hapalanmakdan we guramakdan gorap saklamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan düzgünlerini işläp taýýarlamak we ulanmak boýunça toplumlaýyn maksatnama üçin esas bolup durýar. Ýakynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen üçtaraplaýyn sammitde hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda syýasy-ykdysady durmuş ugurlaryny öz içine alýan suw meselesiniň halkara derejesinde bir pikire gelinmegini hem-de umumy dünýägaraýyşlar ulgamynda döwletleriň tagallalarynyň

Gotan

Gotan suw guşy bolup, onuň bedeniniň uzynlygy 1,4 metr, ganatynyň uzynlygy 600 — 770 millimetr, agramy 8 — 12 kilogram, uzyn çüňküniň aşagynda holtumy bolýar. Bu guşuň ganatlary uzyn, guýrugy gysga, ýelekleriniň reňki, esasan, agymtyl-gyzgylt ýa-da çal, ganatlarynyň iri ýelekleri goňras ýa-da gara bolýar. Gotanyň aýaklarynyň barmaklarynyň arasy ýüzgüç perdelidir. Gotanyň 8 görnüşi bolup, şolardan Türkmenistanda gyzgylt we buýraly gotan görnüşleri duşýar. Olar, köplenç, Hazar deňziniň we derýalaryň kenarlarynda mesgen tutýarlar. Olara ýaz we güýz aýlarynda Amyderýada, Murgap, Tejen, Etrek, Garagum derýalarynda duş gelmek bolýar. Gotanlar süri bolup höwürtgeleýärler. Olar balyk bilen iýmitlenýärler. Gyzyl we buýraly gotan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.

Dadran — täsin jandar

Köýtendag etrabyndaky Hojagaýnar çeşmesi tebigatyň täsin we ajaýyp tebigy ýadygärligidir. Ol Köýtendagyň günbatar tarapyndan öz gözbaşyny alýar. Dagyň aşagyndan çogup çykýan kükürtwodorodly suw köp dertleriň dermany. Onuň suwy şorrak, özi hem gyzgynlygy mydama 22 gradus derejede saklanýar. Çeşmäniň jandarlarynyň arasynda ýura döwründen galan mollýuskalar, ýer gurçuklary we beýleki oňurgasyz jandarlar gabat gelýär. Alymlar bu çeşmäni jandarlaryň hakyky muzeýi diýip hem atlandyrýarlar. Belli dilçi alym Soltanşa Atanyýazow özüniň «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi» atly kitabynda: «Hojagaýnar — kükürtli çeşme (oňa Gaýnarbaba hem diýilýär). Hoja — bu ýerde «mukaddes» diýen manydadyr, ata, baba sözleri ýaly, öwlüýäleriň, duzly ýerleriň, kükürtli çeşmeleriň atlarynda köp duş gelýär (ol, köplenç, adyň öňünden goşulýar) gaýnar sözi bolsa gaýnap çykýan çeşmeleri aňladýar» diýip ýazýar.

Towşanlaryň dünýäsi

Towşanlaryň gözi bäş reňki tapawutlandyryp bilýär: goňur, gök, çal, gülgüne, ak. Towşanlaryň jemi 28 dişi bolýar.

Tebigata söýgi — Watana söýgi

Ata Watanymyzda tebigaty we onuň gözelliklerini goramakda hem-de baýlaşdyrmakda uly işler alnyp barylýar. Ekologiýa babatda halkara hyzmatdaşlygyň giňden ýola goýulmagy, orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna ekologiýa dersiniň girizilmegi bilen, ýaş nesliň daşky gurşawy goramak baradaky düşünjeliliginiň artdyrylmagy, ýaz we güýz möwsümlerinde miweli, pürli we saýaly baglaryň ekilmegi munuň subutnamasy bolup durýar. Döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramaga aýratyn uly ünsüň berilmegi geljegimiz baradaky aladadan ugur alýar. Çünki adamyň ýaşaýyş-durmuşy, saglygy tebigat we onuň arassalygy bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty goramak, oňa aýawly çemeleşmek baradaky asylly ýörelgeleri dowam etdirilýär. Bu ugurda döwrebap kanunlar, maksatnamalar kabul edilip, düýpli özgertmelere badalga berilýär. Tebigatymyzy gözel görnüşinde geljekki nesillerimize ýetirmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak, daşky gurşawa ýaramaz täsirini ýetirýän ýagdaýlaryň öňüni almak baradaky wezipeleri durmuşa geçirmek olaryň esasy maksadydyr. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, “Ýurdumyzda halkymyzyň aras

Suw — tebigatyň özeni

...«Essalawmaleýkim, suw aga!». Bu türkmen aganyň suwuň kenaryna baranda zybana getirýän sözleri. Ol ýöne ýerden däl. Ata-baba ýoluny mydama ýagşy arzuw-umytlar bilen dowam etdirýän türkmen suwa hormat goýup gelipdir. Sebäbi suw Hakyň didaryny gören ýeke-täk barlyk hasaplanýar. Şonuň üçin-de, ol keramat derejesine göterilipdir. Suwuň bar ýerinde ýaşaýyş bar. Ol küpürsäp ýatan topraga-da jan berýär. «Suwly ýer — gül, suwsuz ýer — çöl», «Suw — hasylyň enesi» diýilýär. Süýji suw toprak bilen birleşip, bereket, sahawat eçilýär. Ol diňe bir saçaklarymyzy däl, kalbymyzy-da bezeýär. Ýurdumyzyň çäkleriniň köp bölegini Garagum sährasy tutýar. Biz muňa guwanýarys, buýsanýarys. Sebäbi Garagum — durşuna hazyna we baýlyk. Türkmen onuň hözirini-de görüp başlady. Çölüň çägesi kremniý elementiniň esasy gory bolsa, onuň astyndaky çuňlukda nebitdir gazyň ummasyz möçberi bar. Olary özleşdirmek, ýurduň we halkyň bähbidine gönükdirmek işleri üstünlikli dowam etdirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň möçberini artdyrmak üçin Amyderýanyň süýji suwuny Garagum derýasy arkaly Balkan welaýatynyň çäklerine eltmek işi geçen asyryň 50 — 60-njy ýyllarynda üstünlikli amala aşyryldy. Netijede, Garagum derýasynyň iki kenarynda ýüz müňlerçe gektar

Ýerajy — täsin tebigy ýer

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda täze özgertmelere badalga berilýär. Arkadagly Serdarymyz: «Biz geljekde-de tebigata aýawly garamaga, onuň baýlyklaryny gorap saklamaga hem-de köpeltmäge, ykdysadyýete «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly üns bereris. Ýurdumyzda köpçülikleýin bag ekmek çärelerini geçirmek arkaly ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine, howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleleriň çözülmegine goşant goşarys» diýmek bilen, adamzadyň ýaşaýan ýeri bolan tebigat hakynda alada etmegiň häzirki döwürde möhüm meseleleriň biridigini nygtap geçýär. Biz hem türkmen tebigatyny aýawly saklamakda, olary gorap, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda uly işleri bitirýän Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Repetek döwlet biosfera goraghanasynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, bu goraghananyň uly ylmy işgäri Aziza Furkatžanowa bilen Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Ýerajy» döwlet tebigy çäkli goraghana barada eden söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Aziza, ilki bilen, söhbedimiziň başynda «Ýerajy» döwlet tebigy çäkli goraghanasy barada gysgaça gürrüň beräýseňiz?!