Baglar — tebigatyň görki
Tebigat — biziň umumy öýümiz. Ähli janly-jemendäniň ýaşaýşy, durmuşy tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykly. Biz şu tebigatyň goýnunda dem alýarys, teşneligimizi gandyrýarys, dürli naz-nygmatlary ýetişdirýäris. Ýer göwsünden nebitdir gazy we beýleki peýdaly magdanlary gazyp alýarys. Bir söz bilen beýan etsek, tebigat biziň ýaşaýyş-durmuşymyzy ähli zerurlyklar bilen üpjün edýär. Gözelliklere baý Garagum sährasynyň giňişliklerini, ösümlik hem haýwanat dünýäsini, başy belent, garly daglaryň jülgelerinden şildiräp akýan çeşme-çaýlary synlamak, guşlaryň saýraýyşlaryny diňlemek, ýaşyl begrese beslenen baýyrlyklarda gezim etmek... kalbyňa egsilmejek ylham berýär, ýüregiňi joşdurýar. Kalby ata Watanymyza söýgi-buýsançdan doly hormatly Prezidentimiz tebigatyň ajaýyp gözelliklerini, daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak babatda uly wezipeleri öňde goýýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty tebigat gözelliklerini gorap saklamaga, arassa, sagdyn hem amatly daşky gurşawy üpjün etmäge gönükdirilýär. Berkarar döwletimizde her ýyl saýaly, pürli we dürli miweli baglaryň müňlerçe düýbi oturdylýar. Obadyr şäherlerimizde oturdylýan baglaryň hatary ýylba-ýyldan artyp, döwrebap binalar bilen özboluşly sazlaşý