HABARLAR

Ynsan saglygy — baş baýlyk

Saglygy goraýyş ulgamynyň häzirki zaman desgalarynyň üsti ýetirildi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly dünýä ýaň salýan taryhy wakalara beslenýär. Geçen hepdäniň anna güni hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň täze binasynyň açylmagy hem şeýle buýsançly wakalaryň biri boldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm desgalarynyň üstüni ýetiren bu hassahana golaýlap gelýän baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ildeşlerimize ajaýyp toý sowgady boldy.

Arkadaga alkyş bolsun!

Geçen hepdäniň anna güni Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň çäginde Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň täze binasy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Bu dabara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy halkymyzda egsilmez joşgun döretdi. Şu mynasybetli ýörite habarçymyz bagtyýar ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi. Bägül SAPAROWA, Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň bölüm müdiri:

Kakadylan miweler

Adam saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe bolan kakadylan ir-iýmişler ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Gawun kakyna we üzüm kişmişine, kişdelere hem-de injir ýaly kakadylan önümlere ak bazarlarda isleg artýar. Kakadylan önümleriň düzümi uzak wagtlap üýtgewsiz saklanýar. Olaryň düzümi we saglyk üçin peýdasy barada ýatlap geçeliň. Mysal üçin, injir A, B, C we E witaminlere baý bolmak bilen özünde demir, magniý ýaly elementleri saklaýar. Ol nerw ulgamyny we ýürek urşuny kadalaşdyrýar.

Erigiň peýdasy

Erik maý aýynyň ahyrlarynda we tomusda bişip ýetişýän miwedir. Ylmy edebiýatlarda bu miwäniň datly tagamy, şypalylygy baradaky maglumatlara duşmak bolýar. Ol gadym zamanlardan bäri Aziýa ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Erigiň beýleki köp miwelerde bolmadyk peýdaly taraplary bardyr. Erigiň miwesinde 10 göterim şeker, şeýle hem limon, alma, salisil kislotasy bar. Bulardan başga-da, onuň düzüminde P, B1, PP, С witaminleri, karotin has köpdür. Terje erigiň kaliý maddasyna baý bolany üçin ýürek-damar kesellerinde peýdalydyr. Ol kaliýden başga-da, fosfora we magni maddalaryna baýdyr. Bu mineral maddalar beýniniň gan damarlaryna täsir edip, onuň çalt işlemegine kömek edýär. Onuň düzümindäki şire bolsa, bedenden toksini (mikroorganizmlerden döreýän zyýanly maddalar) we holesterini çykarmaga kömek edýär. Aşgarlaýjy maddalar bolsa, berkidijilik taýdan täsir edýär. Çagalara, uly ýaşlylara erik iýmek maslahat berilýär. Çünki ol nerw ulgamyny kuwwatlandyrýar we ýadawlygyňy aýyrýar. Ony yzygiderli iýmek deriniň juwanlaşmagyna we görejiň ýitileşmegine getirýär. Erigiň ter miwesinden we onuň kişdesinden şireli suwlar taýýarlanýar. Mundan başga-da, erikden mürepbe hem taýýarlaýarlar.

Adam — jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy

Türkmenistanyň Prezidenti Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de saglygy goraýyş ulgamyny has-da ösdürmek boýunça wezipeleri kesgitledi Ahal welaýaty, 13-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň — Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Sagdyn we bagtyýar durmuşyň hatyrasyna

Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Gökdepe etrabynda Ýokanç keseller hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi welaýatyň ilatynyň toý şatlygyna şatlyk goşup, egsilmez ruhubelentligi döretdi. Ýurdumyzda ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrundaky aladanyň dabaralanmasyna öwrülen bu şatlykly waka mynasybetli, bagtyýar ildeşlerimiziň birnäçesiniň ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Orazberdi BÄŞIMOW, Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy:

Ýabany arpa

Ýabany arpa jülgelerde we eňňitlerde ownuk topurly topraklarda ösüp, boý almagy halaýar. Arpanyň iri üwelen dänesi (arpa uny) dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Miwelerini doly bişip ýetişende (maý aýynda) ýygnamaly. Olary teläriň aşagynda açyk howada guratmaly. Taýýar bolandan soň mata ýa-da kagyz haltalara gaplamaly. Olary gury, Gün şöhlesi düşmeýän ýerde saklamaly. Ösümligiň şypaly häsiýetleri gadymy wagtlardan bäri belli, Abu Aly Ibn Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly nusgawy işlerinde arpa barada şeýle ýazylýar: «Ol bedeni arassalaýar. Arassa arpa ýa-da onuň ýarmasy gyzgyn çişlere ýapylýar. Arpa suwy kükrek kesellerinde peýdaly». Gündogaryň meşhur lukmany Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi» atly eserinde ösümligiň gyzgyny peseldiji, aşgazana täsirli alamatlary bellenilýär. Lukman ony sarygaýnamada we ýürek bulanmada peýdalanmagy maslahat berýär. Ol üsgülewükde, bokurdak we aşgazan kesellerinde örän peýdalydyr.

Ynsan saglygyny goramak — sungatyň naýbaşysy

Onuň manysy täze açylan saglyk desgasynyň mysalynda aç-açan bolýar

Baş alada — il saglygy

14-nji noýabr — Bütindünýä diabete garşy göreş güni Milli saglyk ulgamyny netijeli ösdürmekde öňe sürülýän döwlet konsepsiýasynda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, ilat arasynda bu meselelerde habardarlygy ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çemeleşmek baş maksat hökmünde bellenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, islendik keseli bejerenden, onuň öňüni almak has amatly, aňsat hem netijeli bolýar. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde halk bähbitli işleriň giňden durmuşa ornaşdyrylmagy ulgamda işleriň has ilerleýändigine güwä geçýär. Dürli ýaşdaky adamlarda, ulularda we çagalarda duş gelýän dürli keselleriň irki wagtda ýüze çykarylmagy şol keselleriň has ötüşmeginiň, bejerilmesi kyn bolan gaýraüzülmelere ýazmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Şu işleriň has netijeli ugurlarynyň biri-de süýjüli diabete we ýokanç däl kesellere garşy göreş alyp barmak bolup durýar.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!