HABARLAR

«Ýyly suw» şypahanasy

«Ýyly suw» şypahanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrap merkeziniň golaýynda belent dag gerişleriniň eteginde ýerleşýär. Şypahanamyzyň daş-töweregi pürli we saýaly agaçlar, şeýle hem ösümlikleriň we gülleriň dürli görnüşleri bilen gurşalan. Ekologiýa taýdan arassa howaly şypahanamyzyň meýdançalarynda dynç alýan raýatlarymyz welosipedli we pyýada gezelenç edýärler. Mundan başga-da, sport we bedenterbiýe bilen meşgullanýarlar. Bu bolsa şypahana gelýän raýatlarymyzyň saglyklarynyň berkemegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Şeýle hem döwrebap lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan şypahanamyzda keseli anyklaýyş we bejeriş işleriniň birnäçe görnüşi halkymyzyň hyzmatynda.

Şypahananyň lezzetli hyzmatlary

— Ady rowaýata öwrülen Arçman şypahanasy ilata lezzetli hyzmat edýär. 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şypahananyň 420 orunlyk üçünji binasy guruldy. Häzirki wagtda şypahanamyzda 920 adamy kabul edip, olaryň saglygyny dikeltmek üçin doly mümkinçilikler bar. Şonuň üçin-de saglygyny berkitmek üçin gelýän adamlary güler ýüz bilen garşylap, olara degişli bejergileri berip, şu ýerden şypa tapyp, alkyş aýdyp gitmeklerini gazanmak siziň her biriňiziň borjuňyzdyr — diýip, şypahanamyzyň baş lukmany Çaryýar Annasähedow aýdýar. Hawa, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” döwlet maksatnamasynda ilatyň saglygyny berkitmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň şypahana-sanatoriýa ulgamy has-da döwrebaplaşdyrylýar. Alyslardan seleňläp görünýän, gojaman Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bu şypahananyň beýlekilerden tapawutly tarapy bu ýere gelýän ynsanlary şypaly suw bilen bejermek usulyna aýratyn üns berilýänligindedir.

Ýurdumyz — eşretiň mekany

Alym hem lukman Arkadagymyzyň başda durmagynda biziň ýurdumyz halkymyzyň saglygyny goramakda dünýä nusgalyk üstünliklere eýe bolýar. Her bir türkmenistanlynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, saglygynyň goraglylygyna gönükdirilen işler döwletimiz tarapyndan yzygiderli alnyp barylýar. Elbetde, şeýle il-halk bähbitli ägirt uly işleriň sakasynda biziň milli Liderimiz durýar. Durmuşymyzyň ähli ulgamlarynda biziň her birimiziň gündelik arassaçylyk kadalaryny, şahsy düzgünleri berjaý etmegimiz jemgyýetimiziň sagdynlygyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biridir. Wagtly-wagtynda ýuwunmak, eşiklerimizi pasyllara görä we arassaja geýmek, sport bilen meşgullanmak, burnumyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini günüň dowamynda birnäçe gezek çalmak, otaglarymyzyň penjirelerini, gapylaryny açyp, howasyny çalyşmak, düzgüne görä iýmitlenmek, lukmanlar bilen öz saglyk ýagdaýyň, keseliň döremezligi barada maslahatlaşyp durmak durmuşymyzda hemişelik düzgüne öwrülmelidir. Bulardan başga-da, köp kesellerden goranmagyň emi tebigy melhemlerdir dermanlyk ösümlikleri ýerlikli peýdalanmakdyr. Bu babatda, ilkinji nobatda, türkmen topragynda ösýän we ýyllaryň synagyndan geçen üzärlik örän ähmiýetlidir.

Ynsan saglygy hakda alada

Hormatly Prezidentimiziň: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda adam jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygydyr. Häzirki döwürde ata Watanymyz goraglylyk babatda ýokary durmuş ölçeglerini üpjün edýän döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Biziň bu ugurdaky tagallalarymyz her bir şahsyýetiň erkin hem-de sagdyn ösmegine, syýasy, ykdysady, medeni mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna gönükdirilendir» diýip bellemeginiň aňyrsynda ynsan saglygy we bagtyýarlygy ugrundaky aladalar durandyr. Döwlet Baştutanymyzyň ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatda edýän tagallalary dünýä nusgalykdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän we gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş, sport-sagaldyş maksatly desgalar bu ugurdaky tagallalar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Gökdepe etrabynda hem şeýle maksatly desgalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi, käbiriniň gurluşygy häzirki wagtda dowam edýär.

Baş baýlygyň goragynda

Döwletimizde adam hukuklary we goraglylygy ilkinji orunda goýulýar. Bu barada Esasy Kanunymyzda-da: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar» diýlip bellenilýär. Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwlet bolmak bilen, adam hukuklaryny we azatlygyny goramagy diňe bir ýurt çäginde göz öňünde tutman, eýsem, global möçberde-de ölçerýär, ýagny, raýatlyga hem uly üns berýär. Şeýle-de, bu işde durnuklylygy amala aşyrmak maksady bilen berk hukuk binýadyny hem döredýär. Esasy Kanunymyzdan görnüşi ýaly daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýarlar we borçlary berjaý edýärler. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlara kanunda bellenen tertipde ýaşamak

Çagalarda sagdynlyk endiklerini gazanmak

Arassaçylyk düzgünleri, sagdynlyk endikleri ulular bilen bir hatarda çagalar üçin hem zerurdyr. Çünki bu endikler çaganyň bedenini taplaýar, dürli çylşyrymly ýagdaýlardan baş alyp çykmaga ýardam edýär. Elbetde, bu ugurda körpejäniň ilkinji ýardamçysy, görelde mekdebi ata-enesidir. Çagalar ulularyň diýenini däl-de, olarda görýän gylyk-häsiýetlerini has çalt kabul edýär we gaýtalaýar. Diýmek, ulular çagalary sagdynlyk endikleri bilen terbiýelemek üçin şu aşakdakylary berjaý etmeli. Elleri ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly. Bu endigiň çagalarda adata öwrülmegini gazanmaly. Çünki çaga daşarda oýnap gelende ýa-da hajathanadan çykanda, eline suw akytmagy unudyp biler. Ýöne ejesi welin, oňa bu zerurlygy ýatlatmagy ýatdan çykarmaly däldir. Elleri azyndan 20 sekundyň dowamynda sabyn bilen gowy köpürjikledip ýuwmaly. Elini sabynlaýarka, 20-ä çenli sanamak çaganyň özi üçin hem gyzykly bolar. Soň bolsa akyp duran suwuň astynda 40 sekuntlap elleri ýuwmaly. Täzeden ýene-de gaýtalap sabynlamaly. Diňe şeýle ýuwlan eller arassaçylygy kepillendirip biler. Arassaçylyk keselleriň öňüni almakda iň esasy çäredir.

Saglygym - baýlygym

Ýurdumyzda ynsan saglygy ugrunda zähmet çekýän güler ýüzli, şirin sözli, eli ýeňil lukmanlar irginsiz zähmeti bilen il alkyşyna eýe bolýarlar. Şolaryň biri hem Wekilbazar etrap hassahanasynyň Çarlakýap oba saglyk merkeziniň maşgala lukmany Hojagarly Babaýewdir. Elmydama näsaglaryň tiz sagalmagy üçin elinden gelenini gaýgyrmaýan Hojagarly lukman ula-da, kiçä-de mähir bilen garaýar. Çünki, onuň ýumşak adamkärçiligi, degerli maslahatlary hassalaryň derdini ýeňledýär.

Gözlerimizi nädip goramaly?

Adam bedeniniň beýleki agzalary ýaly, göz hem ýaşaýyş üçin iň zerur bolan agzalaryň biridir. Ynsanlar gözleriniň üsti bilen daş-töweregindäki bolup geçýän wakalary, planetada bizi gurşap alan jisimleri, jandarlary, janly we jansyz hereket edýän we etmeýän zatlary görmäge, olara baha bermäge mümkinçilik alýarlar. Bu şeýle bolsa-da, käbir ýagdaýda göz kesellerine duş gelmek bolýar. Has takygy, aýdylýan keselleriň biri hem şowakörlükdir. Şowakörlükde uzak aralykda ýerleşen zatlary görmezlik bolýar. Ol dogabitdi we ýaşaýyşda ýalňyş hereketler esasynda gazanylan görnüşlere bölünýär. Mekdep ýaşyndaky çagalarda miopiýa keseliniň gazanylan görnüşiniň öňüni almak üçin ene-atalaryň hem belli bir derejede jogapkärçiligi bardyr. Bu kesel häzirki zaman ylmyň we tehnikanyň ösýän döwründe köpelip, ene-atalar döwrebap tehnikalara uzak aralykdan seretmelidigini, olary ulanan wagtlarynda gözlerine dynç bermelidigini çagalaryna öwretmelidirler.

Zyýanly endiklerden daşda bolalyň

Hormatly Prezidentimiz neşekeşlige, neşeleriň bikanun söwdasyna garşy göreşe badalga berdi. Bu möhüm işiň arakhorluk, çilimkeşlik we naskeşlik ýaly zyýanly endikleri aradan aýyrmak bilen utgaşykly alnyp barylmagy il-günümiziň uly goldawyna eýe bolýar. Sebäbi, ýokarda ýatlanan ýaramaz endiklerden daşda bolunmagy, ilkinji nobatda, ilatyň saglygyny goramak, maşgalalaryň agzybirligini, mäkämligini üpjün etmek bilen baglydyr. Bilşimiz ýaly, zyýanly endiklere garşy göreşiň ýaş nesliň arasynda talaba laýyk ýola goýulmagy möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi çagalaryň, ýetginjekleriň bilesigelijilikli häsiýeti olaryň çilimkeşlige ýa-da naskeşlige ulaşmaklaryna getirmegi ahmaldyr. Bu babatda uly ýaşly adamlaryň sagdyn durmuşa eýerýän göreldesi nusgalyk terbiýedir. Onsoňam, ýaşlara ýaramaz endikleriň ynsan saglygyna, öňi bilenem, ýaş nesliň saglygyna ýetirýän zyýanyny täsirli düşündirmek hemişe derwaýys wezipe bolmagynda galýar.

Sagdyn durmuş - bagtly durmuş

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuşyň dabaralanmagyna gönükdirilen uly işlere badalga berdi. Neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun söwdasyna garşy yglan edilen aýgytly göreş ählihalk işine öwrüldi we sanlyja ýyllarda oňyn netijesini berdi. Neşe belasynyň öňüni almakda gazanylan ägirt uly üstünlik jemgyýetimizde ýokary ruhubelentligi döretdi. Munuň özi milli Liderimiziň belleýşi ýaly, neşekeşlige, bu örän elhenç howpuň garşysyna göreşmek üçin mümkin bolan ähli çäreleriň görlendigini subut edýär. Jemgyýetimizde neşekeşlige we neşeleriň bikanun söwdasyna garşy göreşde gazanylan üstünlige garamazdan, hüşgärligi elden bermeli däldiris. Häzirki wagtda bu ýowuz belanyň öňüni almakda düşündiriş-öňüni alyş işi aýratyn ähmiýete eýedir. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkararlygyny gazanmak jemgyýetimiziň jebisliginiň, mäkämliginiň kepilidir. Sebäbi, neşe belasyna ulaşan adam saglygyny ýitirýär, at-abraýdan gaçýar. Ýa-da neşeleriň bikanun söwdasyna baş goşmagyň soňy peýdasyz puşmana alyp barýar. Şonuň üçinem sagdyn durmuş ýörelgesi her birimiziň ýeke-täk ýörelgämiz bolmalydyr. Çünki, sagdyn durmuş bagtly durmuşdyr.