HABARLAR

Ter gök otlar

Ter gök otlar durmuşymyzda iň köp ulanylýan iýmitleriň biridir. Işdäaçarlarda, naharyň ýany bilen äberilende, olaryň diňe bir daşky görnüşi owadan bolman, eýsem, tagamy hem başgaça bolýar. Naharyň gapdalynda ter gök otlary iýmek saglyk üçin örän peýdalydyr. Ter gök otlar işdäňi açyp, bedeniňi gurplandyrýar we kuwwatlandyrýar. Sebäbi olaryň düzüminde ýaşaýyş üçin zerur maddalar saklanýar. Şeýle-de ter gök otlar saçaklarymyzyň hem bezegine bezeg goşýar. Olary iýmezden ozal, arassa suw bilen oňat ýuwmaly. Soňra üstüne gaýnag suw akdyrmaly. Ýaş sogan — işdäaçyjy bolup, ol C ýokuma baýdyr. Ýaş sogany köp iýýän adama aňsat dümew degmeýär. Ýaş sogany mesge ýagda azajyk gowrup, içegelerini sowukladan çagalara ýapgy edilende nepi degýär.

Muny bilmek gyzykly

Uky Berk uky sagdyn bolmagyň iň gowy usullarynyň biridir. Adam her gün 7—8 sagat ukusyny almalydyr. Ýöne 8 sagatdan artyk ýatmak maslahat berilmeýär. Gije rahat ýatmak bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny berkidýär. Umuman, gijeki uky wagtynda melatoniniň mukdary köpelip, kesele garşy göreşijilik ukybynyň işini kämilleşdirýär.

Dişlerimizi aýalyň!

Nusgawy şahyrlaryň döredijiliginde çeper wasp edilýän dişler adamyň ýüz keşbine gelşik berýän synalarynyň biridir. Akja dişlerimizi aýamak bolsa ilkinji nobatda, biziň özümize baglydyr. Dişler gönüden-göni içki agzalarymyzyň işine-de gatnaşýar. Eger iýmit gowy çeýnelmese ýa-da dişlerde kesel (köwekler, düýpleriniň keselleri) bolanda, aşgazanyň ýa-da beýleki agzalaryň işiniň bozulmagyna sebäp bolup bilýär. Şol sebäpli bize berlen tebigy dişleri elmydama aýamalydyrys. Dişlerde gaty zatlary döwmek ýa-da süýji önümleri yzygiderli iýmek bolmaýar. Şeýle-de iýmiti gaty gyzgyn ýa-da sowuk kabul etmeklik edil beýleki agzalarymyza zyýan bolşy ýaly, dişlerimize hem öz zyýanyny ýetirýär. Dişlerimizi ýene bir zaýalaýan zat bolsa çilim çekmek, nas atmak, neşe serişdelerini ulanmaklyk. Bular dişlerimizi saraldyp, wagtyndan öň dökülmegine sebäp bolýar.

Güller — ýaşaýşyň bezegi

Güller özüniň owadanlygy bilen durmuşymyza gözellik berýär. Haçan-da gülleri göreniňde, göwnüň açylyp, ýüregiň giňäberýär. Diýmek, güller diňe bir tebigata bezeg bermän, ynsan saglygyny ruhy taýdan bejeriji häsiýete hem eýedirler. Güller näsagyň energetiki ulgamyna täsir edip bilýän güýçli biomeýdana eýedir. Olar edil beýleki ösümlikler ýaly energetiki ulgamy emele getirýän Älemiň bir bölegi bolup, ösýän wagtynda energiýa toplaýarlar. Kesilip ýa-da ýolnup alnandan soň, solup barýarka, özündäki energiýany daşky gurşawa geçirýärler. Şeýlelikde Älem giňişligini deňagramlaşdyrýarlar. Güller adamlaryň arasynda ruhy sazlaşygy üpjün edýärler.

Arassaçylygyň düzgünlerini berjaý edeliň!

Tomus paslynda howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy, aşa gyzmagy, howa hadysalarynyň üýtgemegi bilen, atmosferada tozan agdyklyk edýär. Howadaky tozan bölejikleri dürli ýokanç keselleriň, käbir ýagdaýlarda allergiýanyň, ýiti respirator wirusly keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Tozan bölejikleri ýokary dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasyndan ejir çekýän adamlarda oňaýsyz ýagdaýlary döredýär. Şeýle ýagdaýda agyz-burun örtükli bolsa, kesel dörediji mörjewleriň organizme aralaşmagyna päsgelçilik döreder. Biz jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini dogry we berk berjaý etmelidiris. Daşardan gyzyp gelip, şol wagtyň özünde otagdaky howa sowadyjynyň gabadynda durmak ýa-da sowuk içgileri içmek saglygyňyza zyýan ýetirýär. Ýiti respirator ýokanç keselleriň, dowamly dem alyş ýollarynyň keselleriniň ýitileşmegini ýüze çykarýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň we ösüp gelýän ýaş neslimiziň saglygyny goramakda beýik işleri durmuşa geçirýär. Adamlaryň saglygyny goramakda esasy ugurlaryň biri hem sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilmegidir. Sagdyn durmuş ýörelgesine sport bilen meşgullanmak, arassaçylyk kadalaryny saklamak, kadaly iýmitlenmek ýaly ugurlar degişlidir. Sport – güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň hem-de täze belentliklere ruhy taýdan okgunlylygyň aýdyň beýanydyr. Bedeni sagdyn saklamak üçin, sportuň ähmiýeti uludyr. Özüňi sagdyn hem güýçli duýmak üçin, köp hereket etmeli, ýöremeli, bökmeli, ylgamaly, suwda ýüzmeli, tigir sürmeli. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaly. Sport bilen meşgullanmak myşsalaryň berkemegine, süňkleriň dogry ösmegine, bedeniňde madda çalşygynyň gowulaşmagyna, ruhuň göterilmegine kömek edýär. Ir bilen turup, fiziki maşklary ýerine ýetirmek, türgenleşik işlerini geçirmek bedeniň gan aýlanyşygyny, öýkeniň, ýüregiň işleýşini gowulandyrýar, fiziki we akyl taýdan bozulmalaryň öňüni almaga kömek edýär. Haýsy maşklary ýerine ýetireniňizde siz şondan lezzet alýan bolsaňyz, şolary ýerine ýetiriň. Her bir maşky ýerine ýetireniňizde gan aýlanyşyňyzyň gowulaşýandygyna göz ýetirersiňiz. G

Tomus möwsüminde kadalary berjaý ediň!

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleri bilen gurşalan türkmen halky tomus möwsüminiň dynç alyş döwrüni diýseň ruhubelent we gyzykly geçirýärler. Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy raýatlaryň özüni alyp barmagynda käbir kadalary berjaý etmekligi talap edýär. Ilkinji nobatda, bu talaplar gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlara, kiçi ýaşly çagalara degişlidir. Şonuň üçin hem, howanyň aşa gyzan mahalynda daşary gezelenje çykmaklyk maslahat berilmeýär. Irden we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda möwsüme görä geýinmegi (açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri), kellesini Günüň şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmegi, arassa agyz suwuny ýany bilen almagy ýatdan çykarmaly däldir. Gezelenje çykanda kiçi ýaşly çagalar uly adamlaryň gözegçiliginde bolmalydyr. Soňky günlerde howanyň düzümine seljerme geçirilende, tozanjyklaryň howada kadadan agdyklyk edýändigi anyklanyldy. Şoňa görä-de, keselleriň öňüni almak maksady bilen, lukmançylyk agyz-burun örtügini dakynmak zerurdyr. Daşdan gyzyp derläp gelip, salkyn öýe girende üstüňdäki çygly eşigiňi gurak eşige çalyşmagy ýatdan çykarmaly däl. Howa sowadyjynyň öňünde ýüzüňi tutup durmaklykdan gaça durmaly, buz ýaly sowuk suwy içmekden saklanmaly

Suwy gaýnatmagyň peýdasy

Yssy howada özüňi nähili alyp barmaly, suwsuzlygy nädip gandyrmaly, suwy nähili içmeli? Gaýnatmalymy ýa-da gaýnatmaly dälmi? Suwy gaýnatmagyň esasy maksady ony zyýansyzlandyrmakdan ybaratdyr. Sebäbi suwuň üsti bilen adama birnäçe howply kesel geçip bilýär. Şonuň üçin suwy gaýnatmak şu wagta çenli saglyk üçin howpsuz içgileri taýýarlamakda ygtybarly usullaryň biri hasaplanylýar.

Tebigy dermanhana

Kelem ýurdumyzyň ähli çäklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Kelemiň düzüminde azotly, azotsyz we şeker, suw, mineral maddalar (kaliý, kalsiý, fosfor, kükürt), mikroelementler bar. Kelemiň ýapraklary A, B, C witaminlerine örän baýdyr. Kelemiň ynsan saglygy üçin peýdasy barada gadymy tebipler öz eserlerinde giňişleýin beýan edip gelipdirler. Olaryň içinden Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň “Horezmşanyň genji-hazynasy” atly nusgawy eserini görkezmek bolar. Biziň şu günki asuda, parahat, eşretli zamanamyzda bolsa kelemiň peýdasy hakynda lukman Arkadagymyzyň  “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ensiklopediki kitabynda hem giňden beýan edilýär.

Dakynalyň agyz-burun örtügin!

Sagdyn bolmak ähli ynsan dilegi,Dakynalyň agyz-burun örtügin!Ýurdumyzyň, döwrümiziŇ talaby,Dakynalyň agyz-burun örtügin! Arassalyk binýadydyr saglygyň,Sagdynlygam nyşanydyr gowlugyň,Nusga alsyn diýip agtyk-çowlugyň,Dakynalyň agyz-burun örtügin!