HABARLAR

Lukmanyň maslahatyny alsaň...

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyla görä gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar. Bu babatda lukman maslahatlaryny dykgatyňyza ýetirýäris: 1. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Derläp ýa-da saçlary ýuwup, daşaryk çykmaga ýol bermeli däldir.

Baky Bitarap ýurdumyzyň baş baýlygy

Diýarymyzda ynsan saglygy ugrundaky işler rowaçlanýar Türkmenistan baky Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýuna uly üstünlikler bilen gelýär. Eziz Diýarymyz baky Bitaraplyk ýyllary içinde beýik özgertmeler we uly ösüşler bilen dünýäniň hojalyk ulgamynda ornuny berkitdi. Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň ykdysady kuwwatyny artdyryp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde ornuny berkitmekde alyp barýan tutumly işleri ýurdumyzy gülzarlyga öwürýär, öňe sürýän halkara başlangyçlary bolsa Türkmenistanyň abraý-mertebesini has-da ýokary göterýär.

Üzärlik bar ýerde dert-bela galmaz

Tüssesi bilen mikroblary kowup, rahatlandyryjy, kesel bejerijilik häsiýetlerini özünde jemleýän üzärlik lukman Arkadagymyz tarapyndan ylmy taýdan öwrenilip, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň üsti bilen türkmen okyjylaryna ýetirildi. Alym Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işinde üzärligiň “iswent, adraspan, tütetgi” diýlip atlandyrylmagy ýöne ýere däldir. Üzärligiň ýurdumyzyň çäginde ýeterlik gorunyň bolmagy bizi has-da begendirýär. Bu ösümligiň dermanlyk häsiýetleri baradaky maglumatlaryň Abu Aly ibn Sunanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary”, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň “Tebipçiligiň ýankitaby”, Muhammet Hüseýniň “Melhemler hazynasy” atly eserlerinde duş gelinýändigini hem belläp geçmegimiz gerek.

Welosport — sagdynlygyň serişdesi

Şu ýyl baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny belleýän Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda parahatçylygyň we abadançylygyň ilçisi bolan sportuň hem-de sport diplomatiýasynyň orny uludyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Häzirki döwürde dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülen Türkmenistanda 2021-nji ýylda Welotrek boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Döwletiň we jemgyýetiň baş baýlygy hasaplanylýan adam hakynda alada mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ähli özgertmeleriň, giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň esasyny düzýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi bolsa adamlara öz mümkinçiliklerini amala aşyrmaga ýardam edýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen sport maksatly desgalaryň sany ýylsaýyn artýar, döwrebap sport düzümi kemala gelýär.

«Çaý – melhem hem ylham»

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda mukaddes topragymyzda bitýän tebigy ösümlikler, olaryň dermanlyk häsiýetleri, melhemlik hökmünde taýýarlanyş aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berilýär. Tebigatyň ynsana peşgeşi bolan dermanlyk ösümlikleriň adam saglygyna peýdasy dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň «Çaý – melhem hem ylham» diýen eserinde hem aýdyň beýan edilýär. Milli Liderimiziň bu kitaby ýurdumyzyň degişli önümçilik kärhanalarynyň hem işleriniň öňe ilerlemegine ýardam berýär. Hususan-da, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Saglyk» derman kärhanasynda öndürilýän melhem çaý önümleri biziň bu aýdanlarymyza aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýerde çaýlaryň täze görnüşleriniň öndürilmegi hem ýola goýuldy. Dermanlyk ösümliklerden melhem çaýlary taýýarlaýan bölümde türkmen tebigatynda ösýän dermanlyk ösümliklerden indi birnäçe ýyl bäri melhem çaýlar taýýarlanylýar. Bu ýerde öndürilýän 20-den gowrak melhemlik çaýlara halkyň arasynda uly isleg bildirilýär. Melhem çaýlarynyň her biri müň derdiň dermanydyr, şonuň üçin hem olara isleg bildirýänleriň sany artýar.

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

KIÇI SAGAN

Il saglygy — ýurt baýlygy

Örtük dakynyp bu gün, Goranýarys keselden.

Sagdynlygymyza paýhasly çemeleşmek — borjumyz

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda, olara garşy göreşmekde uly işler alnyp barylýar. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak ähli halkymyzyň we her bir adamyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmekde möhüm orun eýeläp, gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Daşky gurşawy goramak, işjeň dynç alyş ulgamlaryny ösdürmek, her bir raýatyň aňyna sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini we endiklerini ornaşdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Bu toplumlaýyn işleriň netijesinde ýurdumyzda birnäçe ýokanç keseller düýbünden ýok edildi we bu ugurda abraýly halkara guramalaryň güwänamalaryna eýe bolundy. Döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli işleri, ýurdumyzda adam hakynda edilýän aladalary nazara alyp, her birimiz öz saglygymyza paýhasly çemeleşmäge borçludyrys. Hut şonuň üçin hem şu aşakdaky düzgünleri berjaý etmäge çalşalyň: jemgyýetçilik ýerlerine barlanda, daşaryk çykylanda agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynyp, howpsuz araçägi, ýagny 2 metr aralygy saklamaly. Elleri ýygy-ýygydan ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy erginleri ulanmaly. Sagdyn iýmitlenmeli, işi we dynç alşy kadalaşdyrmaly. Aşa ýadalanda, gyzgyn howasy çalyşmaýan otagda u

Il saglygy — ýurt baýlygy

Hormatly Prezidentimiziň dünýäde ykrar edilen ynsanperwer döwlet syýasatynda halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan baş saglygyny hemmetaraplaýyn goramak hem-de pugtalandyrmak aýratyn üns berilýän  ugurlaryň biri bolup durýar. Berkarar Watanymyzda gazanylýan köptaraply üstünlikleriň, bedew badyna deňelýän okgunly ösüşleriň özeninde halkymyzyň  saglygy durýar. Milletimiziň saglygyny goramakdaky işler röwşen geljegimize gönükdirilen beýik maksat-tutumlarymyzyň berk binýadydyr. Ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň saglygyny goramakdaky tutumlaryň köptaraplaýyn häsiýete eýedigini bellemek buýsançlydyr. Il saglygyny goramakdaky döwletli tutumlar ýurdumyzda lukmançylyk hyzmatlarynyň ugurlaryny we hil derejesini halkara ülňülerine laýyk getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini we endiklerini kemala getirmek, daşky gurşawyň arassalygyny saklamak, ýaramaz endiklere garşy göreşmek ýaly birnäçe ugurlary öz içine alýar.

Arkadagyň göreldesi — sagdyn durmuş ýörelgesi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr. Ynsan ömrüniň zynaty