HABARLAR

Il saglygy barada alada

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:— Eşretli, bagtyýar durmuşa tarap bedew bady bilen gadam urýanzamanamyzda ynsan saglygy hakdaky aladalar, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak meniň döwlet syýasatymyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halky saglyga baş baýlyk hökmünde garaýar. Çünki, sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň, ösüşiň binýady bolup durýar. Adamlaryň saglygyny goramak, sagdyn nesliň kemala gelmegini gazanmak, saglygy goraýyş ulgamynyň düzümlerini ösdürmek, keselleriň öňüni almak, ilaty saglygy goraýyş hyzmatlary bilen doly derejede üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz öňde goýlan esasy maksadyň Türkmenistanda ýaşaýan her bir adamyň beden we ruhy-ahlak taýdan sagdyn, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagyny, sagdyn durmuş kadalaryna eýermegini we sport bilen meşgullanmagyny gazanmakdan ybaratdygyny hemişe belleýär. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we üpjün etmek hem-de dürli keselleriň öňüni almak, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagyň kepili bolan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetde berkarar bolmagyny gazanmak boýunça maksada gönükdirilen çäreler yzygiderli geçirilýär.

Sagdynlyk — abadanlygyň gözbaşy

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak we sagdyn jemgyýeti kemala getirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Ata Watanymyzyň Esasy Kanunynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda raýatlaryň sagdyn bolmagy, sport hem-de bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy, zähmet bilen dynç alşyň sazlaşykly guralmagy babatynda ägirt tagallalar durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda köpugurly saglygy goraýyş merkezleri, şypahana-dynç alyş düzümleri döredilýär, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin degişli toplumlaýyn sport merkezleri hereket edýär. Pasyl çalşygynyň sepgidinde nähoşluga uçramaz ýaly, halk arasynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli alnyp barylýar, lukmanlaryň degerli maslahatlary ilata ýetirilýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Lukman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy barha ösdürilýär. Bu ugurda zähmet çekýän saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri ynsan saglygyny goramakda uly işleri alyp barýarlar. Mary etrap hassahanasynyň Peşanaly oba saglyk merkeziniň göbegenesi Maýsa Jassyýewa hem ynsan saglygyny goramakda yhlasly zähmet çekýär. Ol oba saglyk merkezine gelýän näsaglary güler ýüz bilen garşy alyp, olaryň saglygyny dikeltmek üçin irginsiz alada edýär. Aýratynam, hamyla zenanlaryň dogrumda sagdyn bolmagy, sagdyn nesli dünýä indermegi üçin olaryň saglygy bilen yzygiderli gyzyklanyp durýar. Şonuň üçin hem ol hemişe iliň-günüň alkyşyna mynasyp bolýar.

Baş baýlygyň goragynda

Lukmançylygyň esasy ugurlarynyň biri waksinalar bilen keselleriň öňüni almakdyr. «Türkmenistanda 2003 — 2020-nji ýyllara çenli döwür üçin immuno öňüni alyş Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ilaty keselleriň öňüni alyş sanjymlary bilen doly gurşap almakda we waksinalar bilen öňüni alyp bolýan ýokanç keselleriň azalmagynda, birnäçesiniň düýbünden ýok edilmeginde uly üstünlikler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda çagalara we enelere edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hili ýyl-ýyldan kämilleşýär. Ýurdumyzda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan güwänama berlen waksinalar bilen çagalara yzygiderli sanjymlar geçirilýär. Milli sanjym tertibine laýyklykda, şu günki günde wirusly gepatitiň B görnüşine, inçekesele, poliomiýelite, difteriýa, gökbogma, bürmä, gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja, Hib ýokanjyna, adamyň papilloma wirusynyň döredýän howply döremelerine, şeýle-de pnewmokokka, rotawirusa, wirusly gepatitiň A görnüşine garşy öňüni alyş sanjymlary geçirilýär. Häzirki wagtda kombinirlenen, düzüminde bir wagtda birnäçe ýokanç kesellere garşy immunitetiň döremegine ýardam berýän waksinalary satyn almaklyga üns berilýär. Her ýyl güýz paslynda çäk boýunça saglyk öýlerinde degişli toparlara dümew keseline garşy öňüni alyş

Arkadagyň göreldesi — sagdyn durmuş ýörelgesi

Sag başym — soltan başym

Beden sagdynlygy, akyl we ruhy sagdynlygy bolmazdan, ynsan özüniň göz öňüne getirýän we arzuw edýän bagtyna ýetip bilmez. Şunuň bilen baglylykda ildeşimiz Muhammet Gaýmaz Türkmeniň «Pygamber tebipçiligi» atly kitaby hem iýip-içmegiň, dynç almagyň saglyk üçin ähmiýeti barada öwütleri özünde jemleýär: Çopantelpek. Işdäň açylmagyna ýardam edýär. Rahatlandyryjy täsiri bar. Içgeçmäni aýyrýar. Çopantelpegiň gaýnadylan suwy bagyr agyrysynda we ondaky daşlary aýyrmakda örän peýdalydyr.

Sagdyn nesliň goragynda

Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Arassaçylyk bu adam saglygyny berkitmegiň we gorap saklamagyň ilkinji şertidir. Her bir adam ýaşaýan, işleýän, dynç alýan ýerleriniň arassa, tämiz bolmagyny gazanmalydyr. Dürli ýokançlyklardan goranmak hem-de sagdyn we berk bedenli bolmak üçin biziň her birimiziň bilmeli ýönekeýje zatlarymyz biziň durmuşymyzda saglyk ähmiýetli möhüm orny eýeläp biler. Biz arassaçylyk kadalarynyň talap edýän ýönekeý düzgünlerini berjaý etmek bilen, saglygymyza howp salýan ýokançlyklardan goranyp bileris. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr.

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýereliň! Gadyrly çagalar, siz «Saglyk bolsun!», «Saglyk bolsa, beglik bolar», «Sakasy — saglyk» diýen ýaly aýtgylary köp eşidensiňiz. Olar pederlerimiziň akyl eleginden geçip, ene dilimize siňip giden we ynsan üçin saglygyň näderejede zerurdygyny açyp görkezýärler.

Bathyz noriçnigi - Норичник бадхызский

Häsiýeti. Dagetek derman ösümligi. Dünýäde, takmynan, 150 (300), GDA ýurtlarynda 70-den gowrak, Türkmenistanda 14 görnüşi duşýar. Bathyz noriçnigi — noriçnikler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 25—40 sm ikiýyllyk otjumak wekili. Ýapragynyň iki tarapy we okarajygy bol tüýlüje başly. Gültäji çakyr gyzyl reňkli. Okarajygynyň perdeli ülüşleri abat ýa-da galyp duran kütek dişlije. Miwesi okarajyk, görnetin 1 kese damarly.

Özüňizi ýadaw duýsaňyz...

Okuwda ýa işde käte günüň ikinji ýarymynda özümizi ýadaw duýýarys. Kellämiz bolsa başly-barat pikirlerden ýaňa buýr-bulaşyk. Psihologlaryň aýtmagyna görä, aslynda, şeýle ýagdaýdan bary-ýogy dört minutyň içinde saplanyp bolýar. Munuň sebäbini bilesiňiz gelýän bolsa, biziň yzymyzdan gaýtalaň! 1. Oturgyçda dik oturyň. Eger aýak üstünde duran bolsaňyz, aýaklaryňyzyň arasy bir ýumruk sygar ýaly ululykda açyk bolsun.