HABARLAR

Durmuş ulgamyndaky tagallalar

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen, milli maksatnamalarymyzy we özgertmelerimizi amala aşyrmagyň çäklerinde köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sporty has-da ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, beden taýdan berk we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde uly üstünlikler gazanylýar. Durmuş ulgamynda tagallalaryň jemlenilmegi mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatynyň häsiýetli aýratynlygydyr. Sagdynlygyň ýokary döredijilik işjeňliginiň, zähmete ukyplylygyň we bagtyýarlygyň gözbaşy bolup durýandygy sebäpli, her bir ynsanyň saglygynyň diňe bir onuň özi babatda däl-de, eýsem jemgyýetçilik gymmatlyklaryny döredýändigi barada pikirden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz lukmançylyk hem-de sport desgalaryny özünde jemleýän degişli düzümleri kemala getirmek boýunça iri taslamalaryň başyny başlady. Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan ähli işler halkymyzyň ertirki gününiň şu günki günden has-da rowaç, röwşen, rahat, asuda, bolelin bolmagy ugrundaky tagallalara gönükdirilendir. Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünl

Süýjüli diabetiň bejergisinde berhiziň ähmiýeti

Süýjüli diabet keseli bilen kessellän näsaglar üçin onuň bejergisi çylşyrymly mesele bolup durýar. Bejeriş meýilnamasynyň saýlawy diabetiň görnüşine, kliniki geçişine, dörän döwürlerine, keseliň ötüşmelerine, utgaşýan kesellere baglydyr. Süýjüli diabetiň bejergisiniň esasy maksady — bu madda çalşygynyň bozulmalaryny kadalaşdyrmakdyr. Bozulan madda çalşygynyň kadalaşdyrylmagy gije-gündiziň dowamynda ganyň düzümindäki glýukozanyň kadalaşmagy we peşewde glýukozanyň bolmazlygy bilen kesgitlenilýär. Süýjüli diabet keseli bilen kesellän näsaglaryň ganyndaky glýukozanyň kadada saklanmagyny berhiz bejergi bilen gazanmaly. Iýmitlenme bedeniň öran wajyp talabydyr. Bu bedene iýmit maddalarynyň düşmeginiň, siňmeginiň, özleşmeginiň çylşyrymly hadysasydyr. Iýmit energiýanyň gözbaşydyr. Süýjüli diabetde keseliň sebäplerine, uzaklygyna we keseliň geçiş häsiýetine garamazdan, fiziologiki berhizi saklamak netijeli bejerginiň hökmany şertidir. Berhiz zähmet işjeňliginiň häsiýetine garamazdan energiýanyň ýitgisiniň doly öwezini doldurmagy göz öňünde tutmalydyr. Hassanyň gije-gündiz iýmit paýynda esasy iýmit düzüm bölekleri (ingrediýentleri) sag adamyňkydan tapawutlanmaly däldir, ýagny iýmitiň energetiki gymmatlylygynyň 50-60 göterimi uglewodlaryň hasabyna, 20-30 göt

Lezzetli miwe

Limon güýz, gyş aýlarynda iň köp sarp edilýän sitrus miwesidir. Limondan taýýarlanylýan dürli görnüşdäki şerbetler, içgiler her bir ynsana keýpiçaglyk paýlaýar. Lukmanlar limon miwesinden ýygy peýdalanmagy, esasan hem, gyş paslynda howanyň sowuk günleri ulanmagy maslahat berýärler. Çünki limon adam bedenindäki ulgamlaryň işjeňligini artdyryp, immun ulgamyny ýokarlandyrýar. Bu jana şypa berýän melhemlik miwäniň watany Hindistan bilen birlikde, Hytaý döwletleri hasaplanýar. Taryhy maglumatlara görä, limon miwesi ilki bilen Aziýa döwletlerinde ösdürilip başlanýar. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, Hytaý, Hindistan döwletleri limonyň ilki dörän ýeridir. Hut, şonuň üçin hem bu döwletler limonyň watany hasaplanýar. Dürli döwürlerde şol sanda häzirki wagtda hem bu iki döwletde limonyň bol hasyly alynýar. Bedeni berkitmek we bejermek üçin limon miwesinde bar bolan zatlaryň ählisi ulanylýar. Limonyň şiresi, gabygy, şeýle hem eti halklaryň arasynda lukmançylykda, kosmetologiýada, kärhanalarda giňden peýdalanylýar. Limonyň kömegi bilen köpsanly keseller bejerilýär. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, ýokary gan basyşy bolanlara limon örän peýdaly miwedir. Limon miwesi dünýäniň ähli künjeklerinde giňden ulanylýar. Bu miwe, esasanam, Aziýa yklymynda has köp sarp edilýär. Limon

Ýiti respirator keseliniň öňüni alyň

Howanyň sowamagy bilen, güýz-gyş aýlary ýiti respirator wirusly keselleri (ÝRK) köpelýär. Bu kesel wiruslaryň birnäçe görnüşini döredýärler. Olar, esasan dem alyş ýollaryna zeper ýetirýärler. Durmuşda bu kesel dodakda gaty uçugyň döremegi bilen tanalyp, «Sowuklama» diýlip atlandyrylýar. Ýiti respirator keseliniň üstüne bakterial infeksiýa hem goşulyp bilýär. Keseliň esasy alamatlary: burnuň akmagy, bokurdagyň agyryp, sesiň gyrylmagy, üsgürme, bedeniň gyzgynynyň galmagy, endamyň agyrmagy bolup biler. Wiruslaryň dürli görnüşleri burnuň nemli örtüginiň, bokurdagyň, öýkeniň, badam şekilli mäziň sowuklamagyna getirip biler.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz

Elleriňizi ýygy-ýygydan akar suwuň aşagynda sabynlap ýuwuň! Bir gezeklik agyz-burun örtügini 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. Örtük bilen agzyňyzy we burnuňyzy ykjam ýapmaly. Ulanan agyz-burun örtügiňizi çalşanyňyzdan soň, eliňizi gowy edip ýuwmaly.

Örtük dakyn, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!

* Lukmançylyk agyz-burun örtügini ulanmazdan öň, hökman, eliňizi sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdelerden peýdalanmaly. * Dakynanyňyzdan soň, agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly, onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza tarap egreltmeli hem-de epinlerini düzetmeli.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goraň!

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreleri döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmak zerur bolup durýar.

Gözel tebigatyň şypaly melhemi

Berekede baý topragymyzda şypaly hem-de derman ösümlikleriň ýüzlerçesi ösüp ýetişýär. Şolaryň içinde üzärligi aýratyn belläsimiz gelýär. Üzärligi tütetmegiň her bir türkmen maşgalasynda däbe öwrülmegi hem onuň saglygy dikletmekdäki aýratynlygy bilen baglanyşyklydyr. Bu ösümligi halkymyz keseliň öňüni alyjy, kesel bejeriji, howadaky adam saglygyna zyýanly kesel ýaýradyjylary ýok ediji serişde hasaplaýar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ensiklopediki kitabynda «Üzärlik türkmenleriň arasynda gadym zamanlardan bäri ulanylyp gelinýär. Ata-babalarymyz ony çogdamlap, öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmasynyň öňüni alypdyrlar» diýip, üzärligiň halk lukmançylygynda has irki döwürlerden bäri ýüzlerçe keseli bejermek üçin giňden ulanylyp gelinýändigini parasatlylyk bilen, ygtybarly maglumatlar arkaly belläp geçýär. Ýurdumyzda üzärligiň ýapragy, däneleri şypa hökmünde ulanylýar. Şeýle hem gadym döwürlerde üzärligiň dänelerini suwda gaýnadyp, sowandan soň onuň suwyny bakja ekinlerine sepmek bilen ekinlerini zyýanly mör-möjeklerden gorapdyrlar. Üzärligi halkymyz iňňän gadymy döwürlerden bäri derman hökmünde giňden peýdalanýa

Ýylyň pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen degişli çäreler geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagynda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, dowam edýän möwsüme görä özüňi degişli ýagdaýda alyp barmak zerurdyr. Hususan-da: 1. Bedeniň kesele garşy göreş ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat gezelenç etmeli. Derläp, şeýle hem saçyňy ölläp daşaryk çykmaly däl.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ynsan saglygy baradaky aladasyna jogapkärçilikli garalýar. Çünki, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri lukman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, jemgyýetiň sagdyn ýaşamagy, ýaş nesliň sagdyn ösüp kemala gelmegi üçin uly işleri alyp barýarlar. Welaýat köpugurly hassahanasynyň çagalar hirurgiýasy bölüminiň şepagat uýasy Ogulmaral Gurbanowa hem çagalaryň sagdyn ösüp--ulalmagy üçin gije-gündiz alada edýär. Ol bölüme gelýän çagalara mähir bilen oglum-gyzym diýip ýüzlenýär. Çagalary barlaýan wagtynda olaryň ünsüni çekýän soraglary berip, ruhuny göterýär.