HABARLAR

Saglygyň sakasy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ilatyň sagdyn durmuş derejesini ýokarlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda ähli şertleriň döredilmegi Gahryman Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgelerine eýermek, ýurdumyzy köpçülikleýin bedenterbiýäniň hem-de sportuň mekanyna öwürmek bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, halkymyzyň ýaşaýşyny, saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek, öňdebaryjy lukmançylyk tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Gahryman Prezidentimiziň ýadawsyz tagallasy bilen ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralary, şypahanalar, sport mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde ilatyň saglygyny goramak hem-de ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşd

Ýylyň ähli paslynda saglygyňyzy goramak üçin lukman maslahatlary

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen bagly ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň öňüni almak üçin howa şertlerine görä gün tertibini dogry alyp barmak zerurdyr. Şu maksat bilen her birimiz:

Lukmanyň maslahatlary

* Saglygyňy gorap saklamakda arassa agyz suwunyň örän uly peýdasy bar. Hut şonuň üçin hem lukmanlar her gün azyndan 1,5-2 litre golaý arassa agyz suwuny içmekligi maslahat berýärler. * Gyzyp gelip ýa-da agyr fiziki hereketden soň, sowuk suw içmekden saklanmaly.

Lukman maslahat berýär

Ýiti täsir edýän keselleriň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman öýde galmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.

Saglygyňy gora, örtügiňi dak!

Saglykdadyr gözelligiň sakasy,Saglygyňy gora, örtügiňi dak!Hyzmatynda ýokdur belli bahasy,Saglygyňy gora, örtügiňi dak! Köplükde araçäk saklamak gerek,Ynsanlyk borjuňy haklamak gerek,Sagdyn bolsun paýhas, beden, aň, ýürek,Saglygyňy gora, örtügiňi dak!

Erkin dem almak ajaýyp ýaşaýyşdyr

Ynsan ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak adamzadyň asyrlarboýy arzuwlap gelen iň uly islegidir. Gazedimiziň şu sanynda hem dürli kesellerden goranmagyň düzgüni barada lukmanyň berýän maslahatyny ildeşlerimize ýetirýäris. Adamlar arassa howadan döşüni dolduryp, erkin dem almagyň gadyryny diňe dem alyş ýollarynyň kesellerine uçranyndan soň bilip galýarlar.

Saglygyň bahasy(tymsal)

Öňde-de biri halynyň pese gaçandygyny aýdyp, tebibiň ýanyna barypdyr. Tebibem ony gözden geçirensoň: «Sataşan derdiň emsiz-ä däl. Ýöne ony tapmak özüňe bagly» diýipdir. «Men ony nireden tapmaly?» diýip, hassa kişi näçe sorasa-da, tebip: «Ony meniň özümem bilemok. Bilýän tebib-ä barmyş welin, onuň mekanyny bilemok-da» diýipdir. «Men indi näme etmeli?» diýip, hassa janygypdyr. «Tebibi-de, dermanyňam çynyň bilen gözleseň taparsyň» diýip, tebip ony ýola salypdyr. Şondan soň ýaňky kişi ýurt söküp, esli aýlanýar. Ýöne ýol aşdygyça derdi agralmasa, kemeler ýaly dälmişin. Üstesine Watan topragynyň küýsegi asgynladyp barýar diýýär. Şonuň üçinem ol esli ýoly geçensoň, yzyna dolanmak kararyna gelýär. Geň ýeri, Watana gaýdyp gelýärkä, onuň haly menzilsaýyn gowulanyp başlaýar. Diýara dolanan ýaňky kişi şol tebibiň öýüne baryp: «Men seniň aýdan tebibiňem, dermanyňam tapmadym. Ýöne indi olaryň geregem ýok» diýýär.

Çagalaryň saglygyny goralyň!

Çaganyň dogulmagy ene-ata üçin uly bagt we şatlyk. Körpäniň dünýä inmegi bilen, onuň ruhy hem beden taýdan ösmegi, terbiýesi ugrunda aladalar ulgamy ata-enäniň öňünde keserip durýar. Çaga töwerek-daşdan mähirli gurşawa alynmalydyr. Her bir ýaşdaky çaga şikeslenme howpuna sezewar bolup biler. Olary hemişe gözegçilikde saklamaly. Çagalar irki döwürde öýdäki goşlara, gapylara degýärler, kämahal oturgyçlardan ýykylýarlar we ýokardaky duran zatlary öz üstüne agdarýarlar. Şonuň üçin olaryň üstüne ýykylyp biläýjek zatlary çaganyň elýeterinden uzagrakda goýmaly. Mundan başga-da, çaga ownuk zatlary ýuwdup ýa-da gulaklaryna, burunlaryna salyp şikeslenýär. Çaganyň eliniň ýetjek ýerlerinde arassalaýjy serişdeleri, sirkeleri, reňkleri, kislotalary, dermanlary, mör-möjeklere garşy ulanylýan zäherli serişdeleri, ýyladyjy gurallary, gazda we elektrik tokda işleýän esbaplary, tok geçýän simleri çagalaryň eli ýetmez ýaly ýerlerde ýerleşdirmeli.

Köpçülikleýin berjaý edeliň!

Hormatly Prezidentimiziň «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimi bilen sazlaşýan taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda ýörite ugurly halkara saglyk merkezleri, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri, saglyk öýleri hereket edýär. Olaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi yzygiderli dowam edýär. Ynsan saglygyny goramak diňe maşgalanyň maksatlaryny hasyl etmek bilen çäklenmeýär. Bu iş il-ýurduň, jemgyýetiň barlygyny, sagdynlygyny we geljegini berkarar edýän belent wezipedir. Şu jähetden, oňa döwletimiz we döwlet Baştutanymyz tarapyndan uly üns hem ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli saglygy goraýyş ulgamymyz ähli babatda häzirki zaman nusgalarynyň derejesinde kämilleşdirildi, dünýäniň ösen tehnologiýa enjamlary bilen üpjün edildi. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak baradaky aladanyň ýokary derejedediginden habar berýär.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz!

Gyş günleriniň golaýlamagy bilen ilat arasynda ýiti respirator keselleriniň ýüze çykmalary has köpelýär. Onuň näsag adamdan daş-töweregindäkilere örän tiz we aňsatlyk bilen ýokuşýandygyny bellemek zerur.Keselden goranmakda sagdyn durmuş ýörelgelerine uly orun degişlidir, bu çärelere näçe irki ýaşda başlasaň, şonça-da gowy netije berýär. Sagdyn iýmitlenmek kadalaryna pugta üns bermek zerur. Bu babatda käbir maslahatlary dykgatyňyza ýetirýäris: — Kesel dörediji wiruslaryň bölüp çykarýan zyýanly zäherleriniň bedenden çalt bölünip çykarylmagy üçin hökman derlediji, ýokumly suwuklyklary kabul etmeli. Olaryň hataryna narpyzly, ary bally, limonly ýa-da ýertudananyň mürepbesi goşulan çaý, towuk çorbasy, sarymsak goşulan unaş girýär.