Täze ýyl sowgady
Daşoguz şäherinde boks boýunça geçirilen ýurt birinjiligi paýtagtymyzdaky 82-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçylary Şanur Artykbaýewdir Mekan Sabyrow üçin özboluşly synag boldy. Çünki olar sport mekdebiniň birinjiliklerinde we şäher, welaýat derejesinde geçirilen ýaryşlarda diňe birinji orny eýeläp gelýärdiler. Bu birinjilik bolsa synpdaş türgenleriň gatnaşýan döwlet derejesindäki ilkinji ýaryşydy. Şeýle-de, bileje önüp-ösen goňşy dostlar Täze ýyl sowgady hökmünde hossarlaryna diňe ýeňiş getirmegi söz beripdiler. Ine-de, ýurdumyzyň saýlama ýetginjek boksçylaryny bir ýere jemlän Daşoguz şäheri. Bu ýaryşda Şanur 46 kg agramda, Mekan bolsa 50 kg-de çykyş etdi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň tejribeli tälimçisi, sport ussady Timur Džumakulowyň şägirtleri beren sözlerinde tapylyp, ýeňijiniň medallaryny boýunlarynda lowurdatdylar. Ýeňişli ýörelgelerini dowam etdirijileri ilki bolup tälimçileri Timur Džumakulow gutlady, ene-atalary bolsa perzentleriniň bu ýeňişlerine guwandylar.