Garet Beýl professional futbol bilen hoşlaşdy
Öz döwründe rekord baha transfer bolan uelsli ýyldyz futbolçy Garet Beýl 33 ýaşynda professional karýerasyny tamamlandygyny habar berdi. Beýl 9 ýaşynda futbola başlanda şeýle ajaýyp sepgitlere ýetjekdigi barada pikir hem etmändigini belläp, şu derejä gelmegine ýardam beren hemmelere özüni borçly hasaplaýandygyny aýtdy. Ol 17 möwsümden gowrak ýokary derejede çykyş edendigini aýdyp, durmuşynda gaýtalanmajak ajaýyp pursatlara futbolyň saýasynda ýetendigini beýan etdi. 2006-njy ýylda «Southemptonda» futbola başlan Beýl 1 möwsümden soň özüne uly şöhrat getiren «Tottenham» toparyna transfer bolýar. Bu klubda 6 möwsüm çykyş edýär. 2013-nji ýylyň tomsunda-da 100 million ýewro, şol döwür üçin rekord baha «Real Madridiň» düzümine goşulýar. Bu klubda-da Çempionlar Ligasynyň çempionlygyna 5, «La Liganyň» çempionlygyna 3, UEFA Super Kubogyna 3, FIFA Klublararasy Kubogyna 3, Ispaniýanyň Şa Kubogyna 1, Ispaniýanyň Super Kubogyna 1 ge