Ýeňşe ymtylýan dostlar
Bagyň miwe bermegi üçin idegiň zerur bolşy ýaly, türgeniň uly üstünliklere ýetmegi üçin-de yzygiderli türgenleşik, yhlas, ukyp-başarnyk gerek. Aslynda, her bir türgene ýeňiş miýesser etmeýär, ol «idegi» ýeten, yhlasly türgenleşýän, maksada okgunly türgene ýaran bolýar. Biziň size bu gezekki sanymyzda ýetirjek körpe türgenlerimiz Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Muhammetaly Orazgeldiýew, paýtagtymyzdaky 143-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Ýunus Nazarow, şeýle-de 6 ýaşyndaky körpe Resul Mämmedowdyr.