Aziýa hoş geldiň, Ronaldu!
«7/24. tm», № 03 (138), 16.01.2023 Aziýa dünýäniň iň köp ilatly yklymy hasaplanýar. Çünki bu ýer böleginde Hytaý bilen Hindistan ýerleşýär. Ýer ýüzüniň ilatynyň 3 milliarda golaýy hut şu iki döwletde ýaşaýar. Emma Kriştianu Ronaldu diýen iki sözden ybarat bolan futbol ýyldyzynyň diňe «Instagram»-daky agzalary ýarym milliarddan geçýär. Onuň Saud Arabystanyň «Al-Nassr» klubuna geçmeginiň şanyna guralan tanyşdyryş dabarasyna 3 milliarddan gowrak adam tomaşa edipdir. Bary-ýogy bir hepdede «Al-Nassryň» sosial torlardaky abunaçylarynyň sany 10 milliarddan geçipdir. Indi, pikir edip göreli!