EKWADORYŇ milli ýygyndysy
Katar 2022-de çykyş etjek ýygyndylaryň biri- de Ekwadoryň milli ýygyndysy bolup, olar 4-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşarlar (2002, 2006, 2014, 2022). Ýurtda futbol federasiýasy 1925-nji ýylda esaslandyrylýar. 1926-njy ýylda FIFA- nyň, 1927-nji ýylda- da KONMEBOL- yň agzasy bolýar. Ilkinji duşuşyk: Boliwiýa— Ekwador: 1–1 (1938) Iň uly hasaply ýeňiş: Ekwador— Peru: 6–0 (1975) Iň uly hasaply ýeňliş: Argentina— Ekwador: 12–0 (1942) Ekwadoryň ýygyndysy ilkinji 6 ýaryşa hiç hili gatnaşmaýar. 1962-nji ýyldan bäri Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş edip gelýän Ekwadoryň ýygyndysyna 2002-nji ýyla çenli gatnaşmak başartmaýar. Olar şol aralykdaky Dünýä Kubogy ýaryşlarynyň saýlama tapgyrynda 11 ýeňiş gazanyp, olaryň 6-sy Fransiýa 1998 üçin geçirilen saýlama oýunlarynda hasaba alynýar. Fransiýada geçirilen Dünýä Kubogy ýaryşynyň saýlama tapgyrynda gazanylan 6 ýeňiş olara ýeterlik bolmaýar. Ýöne bu olara indiki ýaryşlara gatnaşmak üçin uly itergi berýär. 2002-nji ýylda Günorta Koreýa bilen Ýaponiýada geçirilen çempionat olaryň ilkinji Dünýä Kubogy ýaryşy bolup, «C» toparçada Braziliýa, Hytaý hem-de Türkiýe bilen duşuşýar. Ilkinji duşuşygynda Hytaýy Ronald Gomesiň (61) hemde Maurisio Raýtyň (65) gollary bilen 2–0 ýeňýär. Soňra Türkiýe bilen