HABARLAR

Tagalla edilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sport ulgamy uly depginler bilen ösdürilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport mekdepleri, stadionlar gurlup, ulanylmaga berilýär we olar döwrebap enjamlar bilen üpjün edilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Olara sport mekdeplerinde sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilikler bar. Tagtabazar etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebinde sportuň 7 görnüşi boýunça tälim berilýär. Bu ýere gelýän türgenlere sportuň milli göreş görnüşine ussat tälimçi Silapberdi Öwezow tälim berýär. Tälim alýan türgenler 2001 — 2011-nji ýylda doglan oglanlardan düzülen. Olar 36 türgen bolup, üç topara bölünip, türgenleşik geçýärler. Ýaşajyk türgenleriň arasynda Babamyrat Agasöýünow, Serdar Agaýusubow, Perman Allaberdiýew, Kerwen Agaserdarow tapawutlanýarlar.

Yhlasly tälimçileriň bar ýerinde

Beden taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejesinde ýaryşlar yzygiderli geçirilip, ussat türgenleriň ýüze çykmagyna giň mümkinçilik döredilýär. Milli Liderimiziň özleri hakyndaky aladalary bilen gurşalýan ýaşlar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda guralýan çärelere, bäsleşiklere ýokary guramaçylykly gatnaşýarlar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň toýunyň toýlanyljak ýylynda biziň sport mekdebimiziň tälimçileridir mugallymlary hem sporty ösdürmeklige goşantlaryny goşýarlar. Sportuň agyr atletika görnüşi boýunça meşgullanmaga höwesek türgenleriň sanynyň artýandygy guwandyrýar. Olara agyr atletika boýunça tejribeli tälimçi Döwran Orazdurdyýew yzygiderli tälim berýär.

Ruhubelentligiň girewi

Ajap eýýamymyzda adam döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy hasaplanýar. Arkadag Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen halkyň saglygyny goramakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurt Baştutanymyz bedenterbiýäni we sporty ösdürmek bilen il-gün bähbitli meseleleriň çözgüdine badalga berýär. Ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giň gerime eýe bolmagyny gazanmak şol wezipeleriň özenini düzýär. Biziň sport mekdebimizde ýaşlaryň onlarçasy sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýar. Olara tejribeli tälimçiler tälim berip, türgenler saýlan görnüşleri boýunça ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar. Mekdebimizde bolsa, ezber türgenleri ýetişdirmek üçin ähli zerur şertler bar. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýaş türgenlerimiziň ussatlyga ýetişmekleri ugrunda ýadawsyz alada edýäris. Geçen ýyllaryň ýaryşlarynda ýaş türgenlerimiziň şowly çykyşlary yhlas-tagallalarymyzyň ýerine düşýändigine güwä geçýär. Guwançly ýerem, soňky ýyllarda sport bilen meşgullanmaga höwesek ýaşlaryň sanynyň artýanlygydyr. Bu bolsa ruhubelentligiň, sagdynlygyň, sagdyn durmuşyň ygtybarly kepilidir.

Çyn bedewler meýdanynda bellidir

Düýn Lebap atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky tapgyry geçirildi. At çapyşygyna bedewleriň 50-den gowragy gatnaşdyryldy. Asylly däbe eýerilip, birinji çapyşyk ýaş çapyksuwarlaryň arasynda geçirildi. Ilkinji çapyşyk dartgynlylygy we çekeleşikliligi bilen janköýerleri özüne kökerdi. Üçýaşar bedewleriň we olara erk edýän ýaş çapyksuwarlaryň maksada okgunlylygy toýçy mähelläniň şowhunyna şowhun goşdy. Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň Y.Allanazarow tarapyndan erk edilen Almaly atly al aty bilen B.Balakaýewiň Seýran atly gyr bedewi (çapyksuwary Ý.Jummadow) pellehana tas deňme-deň geldiler. Hatda, janköýerleriň aglabasy pellehanadan haýsy bedewiň birinji geçendigini saýgaryp hem ýetişmediler. Şeýlelikde, netijäni eminler berdi. Olaryň gelen netijesine görä, Almaly bir sekundyň 10-dan 1 ülşi bilen pellehanadan öňde geçmegi başardy. Has takygy, 1000 metr aralygy Almaly 1 minut 04,7 sekuntda, Seýran bolsa 1 minut 04,8 sekuntda geçdi.

Möhüm ulgam ösdürilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan döwletimiz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda ýerine ýetirilýän işler barha giňden ýaýbaňlandyrylýar. Baýramaly şäherindäki sport mekdebinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilip, kadaly iýmitlenmek, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada hereket etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly ýörelgeler ösdürilýär. Mekdebimizde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaş türgenlerimiz üçin ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä ýaýmakda biziň ýaş türgenlerimiz hem mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Türgenlerimiziň gazanjak ýeňişleri ata Watanymyzyň sport abraýyny dünýä ýaýjakdygyna ynanýarys.

Yhlasa Myrat

Hormatly Arkadagymyzyň gurduryp beren sport mekdebi hem-de sport desgasy biziň etrabymyzda hem hereket edýär. Biziň sport mekdebimizde ýeňil atletika boýunça gijesini gündiz edip işläp, yhlas edýän tälimçilerimiz bar. Golaýda “Garagum” sport desgasynda welaýatyň çempionaty geçirildi. Şol ýaryşda etrabymyzyň yhlasly tälimçileri Akmyrat Begençalyýewiň, Selbi Kyýasowanyň, Kakageldi Garabatyrowyň tälim berýän türgenleri uly ýeňşe eýe boldular. Olaryň 12-si 1-nji orna, 7-si 2-nji orna, 7-si 3-nji orna mynasyp boldular. Sport äleminde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys.

Zehinli türgenler ýetişdirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýola goýulýan sagdyn durmuş ýörelgesiniň köpçülikleýin häsiýetde durmuşa ornaşdyrylmagynda sport mekdebimiziň üstüne uly wezipe düşýär. Ýöriteleşdirilen olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebinde ýaş türgenlere öz saýlap alan sport görnüşleri boýunça türgenleşik geçmäge mümkinçilik döredilip, tejribeli tälimçilerimiz ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Sport mekdebimizde sportuň çeper gimnastika, futbol, futzal, grek-rim göreşi, şotokan-karate, küşt, gylyçlaşmak, woleýbol ýaly görnüşleri boýunça türgenleşik işleri geçirilýär. Biz sportuň ady agzalan görnüşleri boýunça ýaş türgenleri taýýarlap, milli we halkara ýaryşlarynda gowy netijeler görkezip, uly üstünliklere eýe bolmak ugrunda göreşýäris. Meýlis IMAMOW.

Parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe köküni asyrlaryň taryhyndan, pederlerimiziň durmuş tejribesinden alyp gaýdýan hem-de belent ösüşlerimiziň daýanjyna öwrülen sagdynlyk we ruhubelentlik ýörelgelerimiz giň ýol alyp, barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň baş baýlygy bolan il-günüň saglygy, asuda ýaşaýşy hakyndaky aladalar ilkinji orunda goýlup, häzirkizaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlaryň ählisinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk-sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň gurlup, ulanylmaga berlendigi hem doly şaýatlyk edýär. Şu günler Aşgabat şäherindäki sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi ýene-de halkara we dünýä derejesindäki iri ýaryşlara taýýarlyk görýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ata Watanymyz halkara sport hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjy ýurtlarynyň, şol sanda örän iri sport çärelerini ýokary derejede guramaga hem-de geçirmäge ukyply döwletleriň hataryna goşuldy. Indi birnäçe ýyldan bäri özygtyýarly, baky berkarar ýurdumyz döwletara derejelerd

Tagalla edýäris

Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda saglygymyzy goramak babatynda birnäçe işler alnyp barylýar. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak saglygymyzy berkitmegiň esasy girewi bolup durýar. Bu babatynda ýurdumyzda sportuň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga mümkinçilik bolan sport mekdepleri hereket edýär. Biz sportsöýüji ýaşlara sportuň saglyga edýän täsiri barada giňişleýin gürrüň berýäris. Şeýle hem şu günler howada tozan bölejikleriniň agdyklyk edýän döwründe lukmanlaryň berýän maslahatlaryna eýerilmelidigini — agyz-burun örtüklerini dakynmagy, birek-birek bilen 2 metr aralygy saklamagy, üzärligi öýde we iş otaglarynda wagtal-wagtal tütedilmelidigini yzygiderli nygtaýarys.

Türkmen sportunyň şöhraty

Günsaýyn özgerýän we kuwwatlanýan berkarar Watanymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde dünýäde sagdyn durmuş kadalarynyň giňden berjaý edilmegine uly ähmiýet berýär. Muny halkara derejesinde bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini wagyz etmäge, onuň hatarlaryna dürli ýaşdaky adamlary çekmäge gönükdirilen çäreler hem aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Soňky sanlyja ýyllaryň içinde eziz Diýarymyzda häzirki zaman stadionlary, sport toplumlary we mekdepleri, beýleki köp sanly sport desgalary gurlup, ulanmaga berildi. Ak mermerli paýtagtymyzda bolsa, sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi guruldy. Sport, ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň onlarçasyny hem-de üpjünçilik ulgamlaryny öz içine alýan Olimpiýa şäherçesi 2017-nji ýylda gözel paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň merkezine öwrüldi. Şonda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen türgenler, sport žurnalistleridir hünärmenleri, beýleki myhmanlar Olimpiýa şäherçesiniň giň mümkinçiliklerine haýran galdylar. Mundan başga-da, bu şäherçede halkara we dünýä derejesindäki ýaryşlaryň başga-da birnäçesi geçirildi. Bu bolsa