Sagdynlyga çagyryşdyr bu baýram
Indi birnäçe ýyl bäri her ýylyň 3-nji iýunynda Ýer ýüzünde giňden bellenilip gelinýän Bütindünýä welosiped güni «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi. Şol gün ir säherden welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde badalga berlen medeni-sport çäreleri Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändiginiň, ýurdumyzyň sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekanydygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralandy. Sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlary, sport maşklary, dürli ýaryşlar köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmeklige, ýaş nesilleriň berk bedenli, sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmeklerine gönükdirilen işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň özboluşly güwäsine öwrüldi.