HABARLAR

Ruhubelentlige beslenen welosipedli ýöriş

Güneşli Diýarymyzda çagalar bagyndan başlap, tä uly ýaşly adamlara çenli ähli ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine we sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak arkaly öz bedenlerini berkidýärler. Biz muňa 3-nji iýunda ýurdumyzda giňden dabaralanan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen sport ýaryşlarynda, welosipedli ýörişlerde has-da aýdyň göz ýetirdik. Gözel paýtagtymyzyň aýna ýaly tekiz şaýollarynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň, edara-kärhanalaryň işgärleriniň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň talyplarydyr professor-mugallymlarynyň gatnaşmagyndaky welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar. Bu bolsa ýurdumyzda mähriban halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine giňden eýerýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup, dünýä halklaryny haýrana goýýar.

Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň mekany

Spor­ty we be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, her bir ra­ýa­tyň sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy ba­bat­da­ky al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler döw­let sy­ýa­sa­tyn­da my­na­syp orun eýe­le­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Sport dost­lu­ga, sag­ly­ga we gö­zel­li­ge ta­rap ýol­dur» at­ly aja­ýyp ese­rin­de: «Sport bi­ziň üçin ýa­şaý­şyň gö­zel­li­gi­dir, çün­ki mu­nuň özi te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şa­mak en­di­gi­dir, tej­ri­be­si­dir. Sport sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­me­giň iň mö­hüm şer­ti­dir» di­ýip bel­le­ýär. Hä­zir­ki za­ma­nyň giň müm­kin­çi­lik­li sport ul­gam­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi hem-de ata Wa­ta­ny­my­zyň bü­tin dün­ýä­de sport ýur­dy hök­mün­de yk­rar edil­me­gi bu ugur­da ga­za­ny­lan aja­ýyp üs­tün­lik­ler­dir. Ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry­na be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak müm­kin­çi­li­gi­ni ke­pil­len­dir­ýän «Be­den­ter­bi­ýe we sport ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny he­re­ket ed­ýär.

Parahatçylygyň baýramy

Zeminiň çar künjünde ýaýbaňlandyrylýar Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä senenamasynda özboluşly, halkara welosiped baýramçylygynyň döremegini şertlendirdi. Indi dördünji gezek halkara bileleşik bilen bilelikde bellenilýän bu baýram ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde welosipedi saýlaýanlaryň millionlarçasyny bir ýere jemleýär. Bütindünýä welosiped gününi giňden dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary hem asylly däbe eýerip, bu şanly senäniň öň ýanynda köpçülikleýin welosipedli ýörişlere badalga berdiler.

Bütin dünýäniň welosiped sürýän güni

2018-nji ýyldan ozal 3-nji iýun ABŞ-nyň Konfederasiýasynyň ýatlama güni, Çernogoriýanyň Garaşsyzlyk güni, Londonda dünýäde ilkinji atçylyk toplumynyň açylan güni (1837-nji ýyl), Hytaý bilen Russiýanyň arasynda demir ýol çekmek baradaky Ylalaşyga gol çekilen gün (1896-njy ýyl), dünýä meşhur şahsyýetleriň ýüzlerçesiniň doglan güni hökmünde taryha giren bolsa, şol ýyl bu sanawa Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bütindünýä welosiped güni hem goşuldy. Özi hem bu başlangyjyň biziň döwletimiz — Türkmenistan tarapyndan öňe sürlendigi guwandyryjydyr. Tutuş dünýäni ekologik abadançylyga we sagdyn ýaşaýşa çagyrýan bu baýramçylyk şu ýyl Ýer ýüzünde dördünji gezek bellenilýär.

Dünýäde dabaralanýan baýram

3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni Toý-baýramlar, şanly seneler — ynsan durmuşynyň bezegi. Baýramçylyk günlerinde her bir adamyň göwün guşy al-asmana göterilip, onuň dumly-duşuna mähir paýlasy, nähilidir bir gowulyk edesi gelýär. Şol niýetini amala hem aşyrýar. Şonuň üçinem her bir toý-baýrama adamlar sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, taýýarlyk görýärler. Her ýylyň 3-nji iýunynda bütin Ýer ýüzünde giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped gününi hem ynsanlara şatlyk, ruhubelentlik, bagtyýarlyk paýlaýan baýram hökmünde görkezmek bolar. Bu senäni türkmen halkynyň egsilmez buýsanç duýgusy bilen garşylaýandygyny bellemek gerek. Onuňam sebäbi hemmämize mälimdir: Bütindünýä welosiped güni türkmen Lideriniň başlangyjy bilen dörän hem-de Ýer ýüzünde uly goldawa, ykrarnama eýe bolan baýramçylykdyr. 

Welosiped sporty barada belli seneler

1. Ilkinji welosiped 1817-nji ýylda iki tigirli iteklenip sürülýän görnüşde peýda bolýar. 2. 1868-nji ýylda ilkinji gezek Parižde 2000 metr aralykda resmi ýaryş geçirilýär.

Halkymyzyň hemrasy

Ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýörişleri yzygiderli geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şeýle çäreler ilatyň saglygyny berkitmäge, ekologiýa abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga we welosiped sportuny wagyz etmäge ýardam berýär. Häzirki wagtda welosiped sporty ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna we adamyň saglygyny berkitmäge ýardam berýän sportuň meşhur görnüşleriniň biridir. Daşky gurşawy goramak we gözel tebigatymyzy aýawly saklamak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler hem-de welosiped ýaly ekologiýa taýdan arassa ulagy peýdalanmagyň artykmaçlygy adamlaryň işjeň dynç almagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde welosiped sportunyň hyzmaty örän uludyr. Adamzat indi iki asyrdan gowrak wagt bäri ekologiýa taýdan arassa, hereketlendirmesi ýönekeý, howpsuzlyk taýdan ygtybarly welosipedi ulag serişdesi hökmünde peýdalanýar. Welosiped häzirki wagtda tutuş dünýäde iň ýörgünli ulag serişdesine öwrüldi. Awtomobiliň welosipede çalşylmagy daş-töwerege ýaýraýan zyýanly gazlaryň derejesini peseltmäge kömek edýär. Ynsan saglygy, ekologiýanyň arassalygy üçin hem iňňän ähmiýetli bu ulagyň biziň ýurdumyzda san

Sagdynlyga we ruhubelentlige çagyryş

Hereketde bolmak bedeniňi berkitmekdir. Emma adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde hereketleriň hersiniň aýratyn täsiriniň bardygy-da bellärliklidir. Olaryň iň peýdalylarynyň biri-de tigir sürmekdir. Welosiped sporty bilen meşgullanmak, esasan hem, aýagyň dyz we daban bölekleriniň işjeňliginiň artmagyna, oňurga süňkleriniň hereketde bolmagyna, myşsalaryň kadaly işlemegine oňaýly täsir edýär. Galyberse-de, bu peýdaly endik adamyň ýürek-damar gan aýlanyşygynyň we dem alyş ýollarynyň has-da gowulanmagyna, süýji keseliniň döremek howpunyň ep-esli derejede azalmagyna hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Welosiped sporty öz taryhyny XIX asyryň başlaryndan alyp gaýdyp, ony gündelik durmuşda hemişelik endige öwrenleriň sany soňky ýyllarda görnetin artdy. Biz bu hakykaty sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýlip yglan edilen güneşli Türkmenistanyň mysalynda hem aýdyň görýäris. Çünki ýurdumyzda welosiped sporty bilen halk köpçüliginiň giňden meşgullanmagy, sportuň bu görnüşiniň sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler yzygiderli alnyp barylýar.

Sportuň arassa hem peýdaly görnüşi

Ir säherde welosiped sporty bilen meşgullanyp, türkmen tebigatynyň gözelliklerine syn etmek juda ýakymly. Teleýaýlym arkaly Gahryman Arkadagymyzyň dagyň gerişlerini etekläp oturan ajaýyp tebigatly Aşgabadyň tekiz ýollarynda welosiped sporty bilen meşgullanýandygyny göreniňde, göwnüň göterilýär. Şol pursat islendik ynsanyň ekologiýa taýdan arassa sport bilen meşgullanmaga bolan höwesini artdyrýar. Milli Liderimiziň sportuň ähli görnüşleri bilen ussatlarça meşgullanmagy biziň üçin nusgalyk göreldedir. Güneşli Watanymyzda welosiped sportuna uly üns berilýär. Milli Liderimiziň asylly başlangyjyny goldap, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmegi hem welosporty sazlaşykly ösdürmäge oňyn mümkinçilikleri döredýär. Sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň biri hökmünde ol dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Welosiped sürmek bedeniň taplanmagyna, ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegine we gan basyşynyň durnukly saklanmagyna, şeýle-de bogunlaryň işjeňligine ýaramly täsir etmek bilen, ekologiýa birjik-de zyýan ýetirmeýär. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde ýurdumyzda welosiped sportunyň tarapdarlarynyň sany barha artýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport, aý

Sagdynlygyň sakasy

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň aprel aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Bu çözgüdiň Gahryman Prezidentimiziň hut özüniň başlangyjy bilen kabul edilmegi, dünýä bileleşigine girýän döwletleriň 56-synyň oňa awtordaş hökmünde çykyş etmegi bolsa Türkmenistan döwletimiziň, Arkadag Prezidentimiziň milli we, umuman, halkara sportunyň, şol sanda welosiped sportunyň ösdürilmegine örän uly goşant goşýandygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ösýändigini äşgär edýär. Dünýä bileleşiginiň iň abraýly guramasynyň şeýle çözgüdi kabul etmeginiň yzýany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Bütindünýä welosiped gününi bellemek hakynda” Permana gol çekdi. Bu waka Arkadag Prezidentimiziň hut özüniň görelde bolmagynda ýurdumyzda sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň barha giň gerim alýandygynyň, Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmaga, sagdynlygyň sakasy bolan sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni yzygiderli ösdürmäge, şonuň netijesinde her bir raýatyň saglygyny goramaga, berkitmäge gönükdirilen yn