HABARLAR

Türkmenistan — sport ýurdy

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmegi we eziz Watanymyzda halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Şeýle hem bu halkara ýörelgeleri mähriban Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynda we döwletimizde sportuň okgunly ösdürilmegine, bu babatdaky durmuşa geçirýän işlerinde öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryndaky sport diplomatiýasy uly üstünliklere eýe bolýar. Sport — durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ygtybarly güýç bolup durýar.

Sport habarlary

Badminton Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de welaýat sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda badminton boýunça 2009—2010-njy ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda welaýatyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň sakasy

Häzirki döwürde berkarar Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sport-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine uly üns berilýär. Şonuň bilen baglanyşykly ýurdumyzda raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap sport desgalarynyň yzygiderli gurulmagy uly ähmiýete eýe bolýar. Bu zatlar ynsan saglygyny berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakda hem möhüm bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş ýörelgeleri dünýä medeniýetiniň örän möhüm gymmatlyklarydyr. Ynsany beden taýdan taplamak bilen çäklenmän, onuň dünýägaraýşyny hem kämilleşdirýän bu gymmatlyklar biziň döwletimiziň durmuş we ykdysady, medeni taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün edýän esasy görkezijiler bolup durýar». Şoňa görä-de, bu gün ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda durmuşa geçirilýän ajaýyp işler bu ugruň döwlet syýasatynda ileri tutulýandygyndan nyşandyr.

Sport habarlary

Magtymguly etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi bilen «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň etrap bölümi ýeňil atletikanyň birnäçe görnüşi boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda ýaryş geçirdiler. Oglanlaryň arasynda 100 metr aralyga ylgamak boýunça guralan bäsleşikde 2-nji orta mekdepden Umyt Durdyýew, 19-njy orta mekdepden Rahat Batyrow, 1-nji orta mekdepden Durdy Täçmyradow dagy degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelediler. Gyzlaryň gatnaşmaklarynda 60 metr uzaklyga ylgamakda şeýle netijeleri degişlilikde 13-nji orta mekdebiň okuwçysy Leýla Sarçaýewa, 19-njy orta mekdepden Ogulgerek Annaýewa, 1-nji orta mekdebiň türgeni Gözel Ahadowa görkezmegi başardylar.

Ildeşlerimiz ikinji orunda

Golaýda Aşgabat şäherinde oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Onda welaýatymyzyň ýygyndy topary hem üstünlikli çykyş etdi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen türgenler naýza zyňmak, uzynlygyna, ýokarlygyna, üçürdikläp bökmek, 1500, 3000, 800, 400 metr aralyklara, 100 hem-de 400 metr aralyklara päsgelçilikli ylgamak boýunça bäsleşdiler. Umumy netijeler boýunça Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary birinji, welaýatymyzyň topary ikinji orny eýeledi. Mary welaýatynyň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Har­by tür­gen­ler ýo­ka­ry ne­ti­je­le­re eýe bol­du­lar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe hereketlerini giňişleýin wagyz etmekde hem-de ony ösen derejä ýetirmekde ähli ulgamlarda uly işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan geçirilýän sport bäsleşikleri bolsa, aýdanlarymyza aýdyň subutnamadyr. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby türgenleri şu ýylyň maý aýynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlarda, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda guralan XII uniwersiadada üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Türgenlerimiziň fiziki häsiýetlerini ýüze çykaryp, erjellik bilen gazanan üstünlikleri barada aýdanymyzda, ýeňil atletikanyň uzynlygyna bökmek görnüşi boýunça harby talyp Kerim Abdyýew 2-nji, 4x100 estafeta görnüşi boýunça harby talyplar Allanur Hümmilow, Begenç Beşimow, Nowruz Saburow, Kerim Abdyýew dagy 2-nji, 400 metr aralyga ylgamak boýunça harby talyplar Maksat Saparow 2-nji, Abdyrahman Nurgeldiýew 3-nji orny eýelemegi başardylar.

Sporta bolan belent söýgi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň şahsy göreldesi bilen ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri ýaýbaňlandyrylýar, sagdyn durmuş ýörelgesi alnyp barylýar. Ýaşlary sporta höweslendirmek maksady esasynda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilýär. Sagdyn bedende sagdyn ruhuň emele gelmegi üçin sport bilen meşgullanmak zerur bolup durýar. Çünki, sport bilen meşgullanýan adam sagdyn hem berk bedenli, ruhubelent bolýar. Ekologiki taýdan arassa, howpsuz ulag hasaplanýan welosipedli gezelenç etmek adamyň saglygy üçin diýseň peýdalydyr. Dürli keselleriň öňüni almakda, ýürek-damar, dem alyş, daýanç-hereket, nerw, immun ulgamlarynyň işini gowulandyrmakda, artyk agramy aýyrmakda peýdalydyr.

Önüm­çi­lik maşk­la­ry

Önüm­çi­lik maşk­la­ry — bu işe bo­lan uky­by ýo­kar­lan­dyr­mak, sag­ly­gy ber­kit­mek we ýa­daw­ly­gyň öňü­ni al­mak mak­sa­dy bi­len iş ýe­rin­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän, önüm­çi­li­giň gün ter­ti­bi­ne gi­ri­zi­len maşk­lar top­lu­my­dyr. Önüm­çi­li­giň do­wa­myn­da oňaý­syz tä­sir­le­ri azald­ýan we işe ukyp­ly­ly­gy ýo­kar­lan­dyr­ýan maşk­la­ry zäh­met to­par­la­ry­na gö­rä saý­la­nyl­ýar.Bi­rin­ji zäh­met to­pa­ry­na nerw ul­ga­my­nyň iş­jeň­lik de­re­je­si­ne, gö­rüş ul­ga­my­na ag­ram sal­ýan, az he­re­ket­ler­de uly ün­si ta­lap ed­ýän we bir­meň­zeş iş he­re­ket­li hü­när­le­r, ýag­ny üz­nük­siz önüm­çi­lik ha­ta­ryn­da zäh­met çek­ýän­ler, ope­ra­tor­lar, ti­kin­çi­ler, sort­laý­jy­lar, ow­nuk bö­lek­li önüm­le­ri gap­laý­jy­lar, prog­ram­mist­ler, in­že­ner-teh­no­log­lar, gö­zeg­çi­ler, trans­port-lo­gis­ti­ka hü­när­men­le­ri, äti­ýaç­lan­dy­ryş ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri de­giş­li­dir.Bu maşk­lar ýü­rek-da­mar, dem alyş ul­gam­la­ry­nyň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dy­ryp, esa­sy myş­sa to­par­la­ry­ny he­re­ket­len­dir­ýär. Bi­rin­ji zäh­met to­pa

Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

Sagdyn adam durmuşa, ýaşaýşa höwesli, ruhubelent bolýar. «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ýörelgesi beden we ruhy sagdynlygyň sazlaşygynyň ündewi bolup ýaňlanýar. Bu şygary baýdak edinip, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde dürli sport we medeni çäreler yzygiderli geçirilýär, saglyk bilen bagly wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Şeýle bolansoň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanýan Türkmenistanda adam saglygy hakdaky alada her bir tutumly başlangyjyň özenini emele getirýär. Il-günümiz «Saglyk bolsa, beglik bolar», «Saglygym — baş baýlygym», «Giň bolsaň, kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz», «Az iýen tebip gözlemez», «Iýeniň — az, saglygyň — saz», «Ähli zadyň sakasy — saglyk» ýaly parasatly pähimlere uýup, nesillere saglygyň gadyryny bilip ýaşamagy, işlemegi, döretmegi ündäpdir.

Çempionlar unudylmaýar