HABARLAR

Taryhda şu gün

1932-nji ýylyň 18-nji iýunynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Milli basketbol assosiasiýalarynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek geçirilen konferensiýada Halkara basketbol assosiasiýalarynyň federasiýasyny (FIBA) döretmek barada karara gelindi. Onuň ilkinji agzalary Argentinanyň, Gresiýanyň, Italiýanyň, SSSR, Portugaliýanyň, Rumyniýanyň, Şwesiýanyň hem-de Çehoslowakiýanyň basketbol assosiasiýalary boldular. Basketbol boýunça erkekleriň arasynda ilkinji dünýä çempionaty 1950-nji, zenanlaryň arasynda bolsa 1953-nji ýyldan başlap geçirilip ugraldy.

Iňlis dilinde sporta degişli frazeologik birlikler

Sport ulgamynda we syýahatçylykda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenip, ösüş gazanmakda iňlis dili esasy serişdeleriň biri bolup hyzmat edýär. Diliň atlandyryş serişdeleriniň bir bölegi bolup durýan, onuň şekillendiriş-çeperçilik ukybyny ýerine ýetirýän islendik diliň frazeologik öwrümleriniň kemala gelmegi, ilkinji nobatda, ol ýa-da beýleki dilde gepleýän belli bir halkyň ýaşaýşyny we medeniýetini häsiýetlendirýän jemgyýetçilik hem-de milli aýratynlyklar bilen baglydyr. F.H.Wizetelli şonuň ýaly öwrümler «halkyň taryhyny şöhlelendirip, durmuşyň howasyny özlerine sorýarlar», «olarda halkyň durmuşy jemlenýär», «olar halk üçin döredilen» diýen manyny aňladýar diýip belleýär. Angliýada we ABŞ-da sport giň gerimli hünärmenlik pudagydyr. Angliýada sportuň ösüşiniň uzak taryhy, esasan-da, onuň milli esaslarda ösmegi sport düşünjeleriniň giň halk köpçüligi tarapyndan özleşdirilmegine ýardam beripdir. ABŞ-da hem sport pudagy amerikan medeniýetiniň we ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

«Kolorado Ewalanş» öňe saýlandy

Amerikanyň Milli hokkeý ligasy NHL-de final duşuşyklaryna badalga berildi. Stenli Kubogy ugrundaky finalyň birinji oýnunda 21 ýyl soň finala çykan «Kolorado Ewalanş » öz meýdançasynda soňky çempion «Tampa Beý Laýtningi » owertaýmyň netijesinde 4:3 ýeňip, umumy hasapda 1:0 öňe saýlandy. «Kolorado Ewalanş » toparyna ýeňiş getiren gollary Landeskug (8), Niçuşkin (10), Lehkonen (18) hem-de owertaýmda Burakowski (62) öz atlaryna ýazdyrdylar. 3:1-den hasaby deňlän «Tampa Beýiň » gollaryny Pol (13), Palat (33) hem-de Sergaçew (34) derwezä girizdi. Finalyň 2-nji duşuşygy 19-njy iýunda ýene- de Koloradoda oýnalar. 21–23-nji iýunda oýnaljak 3–4-nji duşuşyklar «Tampa Beýiň » meýdançasynda Floridada geçiriler.

Werstappeniň 25-nji ýeňşi

Formula 1 boýunça möwsümiň 8-nji bäsleşigi Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirildi. Şäheriň köçelerinde geçirilen 51 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda «Red Bull» toparynyň sürüjileri öňdäki orunlary eýelediler. 1 sagat 34 minut 05,941 sekuntda pellehanadan geçen «Red Bull» toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Bu onuň şu möwsümdäki 5-nji, karýerasyndaky 25-nji ýeňşi boldy. Werstappenden 20,8 sekunt yza galan meksikaly topardaşy Serhio Perez ýaryşy 2-nji orunda tamamlady. Münberiň 3-nji basgançagyna bolsa şu möwsümde 3-nji gezek «Mercedes» toparynyň britan sürüjisi Jorj Rassel çykdy. Ol ýeňijiden 45,9 sekunt soň pellehana geldi. Onuň topardaşy, F1-iň 7 gezek çempiony, britaniýaly Lýuwis Hamilton 4-nji orny eýeledi. Fransiýaly Pier Gasli («Alpha Tauri »), germaniýaly Sebastian Wettel («Aston Martin »), ispaniýaly Fernando Alonso («Alpine »), awstraliýaly Daniel Rikkiardo («McLaren »), britaniýaly Lando Norris («McLaren ») hem-de fransiýaly Esteban Okon («Alpine ») 5-6-7-8-9-10- njy ýerleri eýeläp, Azerbaýjan «Gran Prisini » utuk bilen tamamladylar. Ýaryşa ilkinji hatardan başlan «Ferrari » toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler hem-de ispaniýaly topardaşy Karlos Saýns Junior ulaglarynda ýüze çykan näsazlyklar sebäpli ýaryşy tamamlap bilmed

Saud Arabystany dünýä kubogyna tarap

Katar 2022-ä gatnaşýan ýygyndylar hakyndaky makalalarymyzyň başyny ýer eýeleri Kataryň ýygyndysy bilen başlapdyk. Ýene- de Aziýa yklymy bilen dowam edip, Kataryň goňşusy Saud Arabystany döwletiniň ýygyndysy bilen sizi gysgaça tanyşdyrýarys. Yklymyň öňdebaryjylaryndan hasaplanýan Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy 6-njy gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar. Ýurduň futbol federasiýasy 1956-njy ýylda esaslandyrylýar we şol ýyl FIFA- nyň, 1972-nji ýylda- da AFK-nyň agzasy bolýar. Aslynda ýurtda klublaryň arasynda futbol ýaryşlary irräkden bäri bar bolup, milli ýygyndyny esaslandyrmak pikiri 1951-nji ýylda döreýär. Ýöne milli ýygyndy 1957-nji ýylda düzülýär. Ilki nji synanyşyk şowly geçýär Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrlaryndaky ilkinji çykyşy Argentina 1978-den başlanýar. Olara 1978—1990-njy ýyllar aralygynda geçirilen Dünýä Kubogy ýaryşlarynyň hiç birine- de gatnaşmak miýesser etmeýär. Saud Arabystanynyň ýygyndysy Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäklerinde 136 oýunda 81 gezek ýeňiş gazanyp, 23 duşuşykda- da utulýar. 32 oýun deňlikde gutarýar. Topar şol oýunlarda 266 gol geçirip, 103 gol geçirdýär. 1994-nji ýylda ABŞ-dageçirilen çempionat Saud Arabystanynyň gatnaşan ilkinji Dünýä Kubogy bolýar. Yklymyň saýlama oýunlar

Ýer eýeleri finala çykdy

Dünýäniň iň gymmat futbolçylary

1 Kilian Mbappe (PSŽ) – 205,6 million ýewro 2 Winisius Junior («Real Madrid ») – 185,3 million ýewro 3 Erling Holann («Mançester Siti ») – 152,6 million ýewro 4 Pedri («Barselona ») – 135,1 million ýewro 5 Jud Bellingem («Borussiýa D») – 133,7 million ýewro 6 Fil Foden («Mançester Siti ») – 124 million ýewro 7 Frenki de Ýong («Barselona ») – 112,5 million ýewro 8 Luis Diaz («Liwerpul ») – 110 million ýewro 9 Ruben Diaş («Mançester Siti ») – 109,6 million ýewro 10 Ferran Torres («Barselona ») – 109,5 million ýewro «CIES Football Observatory » halkara derňew merkezi dünýäniň iň gymmat 15 futbolçysynyň sanawyny mälim etdi. Bu sanaw futbolçylaryň transfer bahasy esasynda düzülip, öňdeligi PSŽ-niň fransiýaly super ýyldyzy Kilian Mbappe eýeleýär. 23 ýaşyndaky futbolçynyň bahasy 205,6 million ýewro deňdir. Sanawda 2-nji ýeri «Real Madridiň » braziliýaly ýyldyzy Winisius Junior eýeläp, onuň transfer bahasy 185,3 million ýewro möçberinde diýlip kesgitlenildi. «Mançester Sitiniň » düzümine goşan norwegiýaly ýyldyzy Erling Holann 152,6 million ýewro bilen 3-nji orunda barýar.

Ildeşlerimiz iki meda l gazandy

Meksikanyň Leon şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky Dünýä çempionaty ýokary depginde dowam edýär. Çempionata türkmen pälwanlary hem gatnaşyp, ildeşlerimiz 2 medal gazandy. Erkekleriň arasynda 55 kilograma çenli agram derejesindäki ýaryşda «Olimp» orta sport mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Perhat Bagtyýarow kiçi kümüş medala mynasyp boldy. Ol itekläp götermekde 125 kilogram agyrlygy galdyryp, bu ugurda 2-nji ýeri eýeledi. Ýaş pälwan birbada götermekde 97 kilogram agramy galdyrdy. Umumylykda 222 kilogram agram bilen 4-nji ýere düşen ildeşimiz 3-nji orny eýelän türgenden 2 kilogram az göterdi. Gyzlaryň arasynda 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Medine Amanowa birbada götermekde 83 kilogram agramy galdyryp, kiçi bürünç medala mynasyp boldy.

Transfer täzelikleri

Dünýä Kubogyna gatnaşyp bilmedik Ýewropa çempionlary