HABARLAR

Toparlaryň pul baýraklary

UEFA 16-njy Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­a gat­na­şan to­par­la­ra umu­my­lyk­da 775,5 mil­li­on ýew­ro pul baý­ra­gy­ny ber­di. Iň köp pu­l baý­ra­gy­na çem­pi­on Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy my­na­syp bo­lup, olar 34 mil­li­on ýew­ro pul baý­ra­gy bi­len sy­lag­la­nyl­dy. Bu şu çem­pio­nat­da bir to­pa­ryň alyp bil­jek iň ýo­ka­ry muk­dar­da­ky pul sy­la­gy­dyr. Fi­nal­çy iň­lis­le­re 30,25 mil­li­on ýew­ro, ýa­rym fi­nal­çy­lar Is­pa­ni­ýa 22,5 mil­li­on ýew­ro hem-de Da­ni­ýa 21 mil­li­on ýew­ro be­ril­di. Gat­na­şan her to­pa­ra 9,25 mil­li­on ýew­ro ber­lip, onuň muk­da­ry to­par­ça­lar­da ga­za­ny­lan her ýe­ňiş 1,5 mil­li­on (deň­lik üçin 750 müň ýew­ro) art­ýar. Şeý­le-de, her tap­gy­ra çy­ky­lan­da-da ozal bel­le­nen muk­dar­da to­par­la­ryň kas­sa­sy­na gir­ýän pul muk­da­ry art­dy­ryl­ýar. Şo­ňa gö­rä, ýe­ke ge­zek hem ýe­ňiş ga­za­nyp gör­me­dik iki ýy­gyn­dy Tür­ki­ýe bi­len De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa iň az pul muk­da­ry, gat­na­şan her to­pa­ra be­ril­ýän baş­lan­gyç muk­da­ry – 9,25 mil­li­on ýew­ro bi­len sy­lag­la­nyl­dy.

Iň köp gol­ly çem­pio­nat

Bir aý­lap do­wam eden çem­pio­nat­da 51 du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Şol 51 oýun­da 142 gol der­we­zä gi­ri­zil­di. Bu bol­sa iň köp go­luň ge­çi­ri­len Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty diý­mek­dir. Mun­dan öň­ki iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji 2016-njy ýyl­da­ky çem­pio­nat­da 51 oýun­da 108 gol ge­çi­ri­lip­di. Ge­çi­ri­len 142 go­luň 11-si aw­to­gol bo­lup, ga­lan 131 go­ly 80 fut­bol­çy der­we­zä gi­riz­di. 50 fut­bol­çy 1 gol­dan, 30 fut­bol­çy-da 1-den köp gol ge­çir­di. Het-trik eden fut­bol­çy bol­man, je­mi 12 fut­bol­çy 14 ge­zek (Ben­ze­ma bi­len Ro­nal­do 2 ge­zek 2 gol­dan ge­çir­di) bir oýun­da 2 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy. Emin­ler 17 ge­zek 11 metr­lik je­ri­me ur­gu­sy­ny bel­le­di­ler we şo­la­ryň 9-sy dürs ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di (52,94 %).

Bäsleşigiň iň ökde ýaş fut­bol­çy­sy

Is­pa­ni­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­nyň ýa­rym­go­rag­çy­sy Ped­ri Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň iň ök­de ýaş fut­bol­çy­sy diý­lip saý­lan­dy. 18 ýa­şly fut­bol­çy çem­pio­na­tyň do­wa­myn­da 629 mi­nut­lap çy­kyş et­di. Onuň şol oýun­lar­da ge­çen ara­ly­gy 76,1 ki­lo­met­re deň­dir. Ol şol ara­ly­gyň 38,23 ki­lo­met­ri­ni top bi­len geç­di. Onuň be­ren pas­la­ry­nyň 92,3 gö­te­ri­mi bar­ma­ly ýe­ri­ne ta­kyk bar­dy. Mun­dan öň­ki çem­pio­nat­da por­tu­ga­li­ýa­ly Re­na­to San­çes iň ök­de ýaş fut­bol­çy diý­lip saý­la­nyp­dy.

EURO 2020-niň sim­wo­lik ýy­gyn­dy­sy

UEFA Ita­li­ýa­nyň çem­pi­on­ly­gy bi­len ta­mam­la­nan 16-njy Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty­nyň sim­wo­lik ýy­gyn­dy­sy­ny saýlady. UEFA-nyň ýö­ri­te teh­ni­ki syn­çy­lar to­pa­ry­nyň saý­lan ýy­gyn­dy­syn­da çem­pi­on Ita­li­ýa­dan 5, wi­se-çem­pi­on Ang­li­ýa­dan 3, Da­ni­ýa­dyr Is­pa­ni­ýa­dan hem-de Bel­gi­ýa­dan 1 fut­bol­çy bar. DER­WE­ZE­ÇI: Jan­lui­ji Don­na­rum­ma (Ita­li­ýa)

Ýaryşyň iň ök­de oýun­çy­sy – Don­na­rum­ma

Ita­li­ýa­nyň çem­pi­on­ly­gy bi­len ta­mam­la­nan 16-njy Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da bäs­le­şi­giň iň ök­de oýun­çy­sy diý­lip, çem­pi­on to­pa­ryň der­we­ze­çi­si Jan­lui­ji Don­na­rum­ma saý­lan­dy. UEFA-nyň teh­ni­ki syn­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan saý­la­nan Don­na­rum­ma çem­pio­nat­da 7 du­şu­şyk­da je­mi 719 mi­nut­lap der­we­zäni gorady. Ol 4 gol ge­çir­dip, 3 oýun­da-da der­we­ze­si­ni gol­dan go­ra­ma­gy ba­şar­dy. Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­nyň der­we­ze­si­ni go­rap baş­la­ny bä­ri hiç bir oýun­da 2 gol ge­çirt­me­dik Don­na­rum­ma Awst­ri­ýa bi­len bo­lan du­şu­şy­ga çen­li 1000 mi­nut­lap gol ge­çirt­män gel­ýär­di. Ol ýa­rym fi­nal­da we fi­nal­da 11 metrlik ur­gu­la­ry­ny sak­la­mak­da us­sat­lyk gör­ke­zip, to­pa­ry­nyň çem­pi­on­ly­gy­na ynam­ly go­şant goş­dy. 22 ýa­şyn­da­ky Don­na­rum­ma Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ryn­da iň ök­de oýun­çy saý­la­nan ikin­ji der­we­ze­çi bo­lup, on­dan öň 1992-nji ýyl­da da­ni­ýa­ly Pe­ter Şmeý­hel bu hor­ma­ta la­ýyk gör­lüp­di.

Fi­nal ba­ra­da san­lar, ha­sa­bat­lar, mag­lu­mat­lar

* Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ýew­ro­pa çem­pio­na­tyn­da iki çem­pi­on­lyk ga­za­nan 4-nji to­par bo­lup, on­dan öň­de Ger­ma­ni­ýa­dyr (3) Is­pa­ni­ýa­nyň (3) hem-de Fran­si­ýa­nyň (2) ýy­gyn­dy­la­ry bar. * Ita­li­ýa uly ýa­ryş­lar­da 10-njy ge­zek fi­nal­da oý­nap, 6-njy sa­par çem­pi­on bol­ma­gy ba­şar­dy.

Fut­bol öýü­ni däl-de, Ri­mi saý­la­dy

Iýun aýy­nyň 11-ine Rim­de baş­lan 16-njy Ýew­ro­pa çem­pio­na­ty 11-nji iýul­da rim­li­le­riň Lon­don­da­ky ýeň­şi bi­len ta­mam­lan­dy. Ang­li­ýa­nyň paý­tag­tyn­da­ky «Wemb­ley» sta­dio­nyn­da oý­na­lan fi­nal­da Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy pe­nal­ti­le­riň ne­ti­je­sin­de ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Ýa­gyş­ly ho­wa­da baş­lan oýun­da Ni­der­land­lar­dan Býorn Kui­pers jür­le­wük çal­dy. Oý­na 67173 jan­kö­ýer to­ma­şa et­di. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da eý­ýäm 2-nji mi­nut­da Luk Şow iň­lis­le­ri öňe saý­la­dy. Bu gol Ýew­ro­pa çem­pio­nat­la­ry­nyň fi­na­lyn­da der­we­zä ur­lan iň çalt gol hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy (1 mi­nut 56 se­kunt). Bu gol­dan soň oý­nuň jy­la­wy­ny ele alan ital­ýan­la­ra ha­sa­by deň­le­mek 1-nji ýa­rym­da ba­şart­ma­dy. 2-nji ýa­rym­da hü­jü­miň dep­gi­ni­ni has-da güýç­len­di­ren Ita­li­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy 67-nji mi­nut­da burç­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len ur­gu­dan soň ha­sa­by deň­le­me­gi ba­şar­dy. Bu go­ly to­pa­ryň tej­ri­be­li go­rag­çy­sy Leo­nar­do Bo­nuç­çi der­we­zä gi­riz­di. Gol­dan so­ňam ital­ýan­lar oý­nuň jylawyny özün­de sak­la­dy­lar. Ne­ti­je­de, amat­ly pur

Halkara sport bäsleşikleriniň mekany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň we dostlugyň mekanyna öwrülen Watanymyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden ugrukdyrmak, beden we ruhy taýdan kämil çagalary ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Gözel paýtagtymyzda dünýäni haýran edýän sport desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi buýsanjymyza buýsanç goşýar. Aşgabatda ähli amatlyklary bolan dürli sport desgalarynyň 40-a golaýyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi paýtagtymyzyň bezegine we onuň ýaşaýjylarynyň guwanjyna öwrüldi.

Ýewropanyň çempiony

Futbol boýunça yklymyň 11 şäherinde geçirilen 16-njy Ýewropa çempionaty Italiýanyň ýygyndysynyň çempionlygy bilen tamamlandy. Italiýanyň ýygyndysy Londondaky «Wembley» stadionynda oýnalan finalda ýer eýeleri Angliýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Niderlandlardan Býorn Kuipersiň eminlik eden oýnunda ilkinji bolup hasaby iňlis futbolçylary açdy. Eýýäm 2-nji minutda Kiran Trippieriň pasyndan soň, çep gyraky goragçy Luk Şow pökgini derwezä girizdi. Bu goldan soň oýunda italýanlar pökgini özünde köp saklasalar hem olara birinji ýarymda hasaby deňlemek başartdy. Ikinji ýarymda ýene-de italýan futbolçylary erjel oýun görkezdi. Yzly-yzyna hüjüm gurnan gök eşikliler 67-nji minutda hasaby deňlemegi başardylar. Italýanlara deňlik getiren pökgini toparyň tejribeli goragçysy Leonardo Bonuççi derwezä girizdi. Şondan soň toparlara hasaby üýtgetmek başartmady. Şeýlelikde, Ýewropa çempionatynda ýeňiji 1976-njy ýyldan soň, ikinji gezek penalti urgulary esasynda kesgitlenmeli boldy. Bu urgularda iňlislere garanyňda az säwlik goýberen italýanlar 3:2 hasabynda öňe saýlanyp ýeňiş gazandy. Italýanlaryň adyndan penaltileri Berardi, Bonuççi, Bernardeski dürs, Belotti bilenem Žoržinio nätakyk urdy. Iňlis futbolçylaryndan Keýn bilen Maguaýryň urgusy dürs boldy. Reşfordyň urgusy sütüne degse, San

Asmana göterilen kuboklar

Tennis boýunça ýylyň 3-nji «Uly tuwulga» bäsleşigi «Wimbledon» ýaryşy tamamlandy. Erkekleriň arasynda serbiýaly Nowak Jokowiç çempion bolup, ol finalda italiýaly Matteo Berrettinini 6:7, 6:4, 6:4 we 6:3 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Şunlukda, Jokowiç «Wimbledon» tennis ýaryşyndaky 6-njy çempionlygyny gazandy. Onuň «Uly tuwulga» kuboklarynyň sany 20-ä ýetip, ol bu ugurda şweýsariýaly Rojer Federer hem-de ispaniýaly Rafael Nadalyň rekordyna şärik boldy. 34 ýaşyndaky Jokowiç ATP-niň bäsleşiklerinde 85-nji kubogyny eýeledi. Zenanlaryň arasynda sanawyň birinji belgilisi, awstraliýaly Eşli Barti ýeňiş gazanyp, ol finalda çehiýaly Karolina Plişkowadan 6:3, 6:7 we 6:3 hasaplar bilen üstün çykdy. «Wimbledondaky» ilkinji çempionlygyny gazanan Barti «Rolan Garrosdan» soň 2-nji gezek «Uly tuwulga» kubogyny asmana göterýär. Bu onuň WTA-nyň ýaryşlaryndaky 11-nji çempionlygydyr.