HABARLAR

Buz üstündäki oýunlar

Gyşky oýunlar sport toplumy we gyşky sport hakynda ...Kiçiräk wagtymyz gar ýagdygy belendräk ýeriň ýapgyt tarapynyň garyny gowy edip depgilärdik-de, suw guýardyk. Ertesi günem ol ýerde typyp oýnardyk. Gyş diýilse, ilki bilen, ýadymyza düşýän zatlaryň biri-de, garda typyp oýnamakdy. Özem bu diňe gyşda bolar öýderdik. Häzir Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasyndaky türgenleşik pursatlaryna seredip durkam, şol döwürler hakydama doldy.

zehinli ýaşlar kemala gelýär

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ähli ugurlar bilen bir hatarda sport ulgamy-da yzygiderli ösdürilýär. Şeýle oňyn tagallalaryň netijesinde bu günki gün türkmen sporty dünýäde giňden tanalýar. Welaýatymyzda-da ilat arasynda sportuň meşhurlygyny artdyrmaga, kämil türgenleri ýetişdirmäge uly üns berilýär. Habarçymyzyň «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň başlygy Akmyrat Çopanow bilen guran söhbetdeşligi hem şolar dogrusynda boldy. Ol şeýle gürrüň berdi: — Sport sagdynlygyň, ruhubelentligiň wajyp çeşmesidir. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär, döwrebap sport-sagaldyş desgalary gurulýar. Diňe soňky ýyllarda biziň welaýatymyzda-da sportuň birnäçe görnüşleri bilen meşgullanmaga ýöriteleşdirilen stadionlar, sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýlişi ýaly, biz ýaşlary sporta çekmekde, olaryň saýlap alan görnüşleri boýunça kämilleşmeklerini gazanmakda giň ugurly işleri durmuşa geçirýäris. Biziň guramamyz, esasan, orta mekdepleriň okuwçylarynyň hem-de mugallymlarynyň arasynda dürli bäsleşikleri guramak boýunça iş alyp

Ýüwrük ýaryşda belli

Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Ýeňil atletika toplumynda baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli, sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýurdumyzyň açyk çempionaty geçirildi. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Ýeňil atletika federasiýasynyň, şeýle-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen çempionata ýeňil atletika sporty bilen meşgullanýan dürli ýaşdaky işdeşlerimiziň 120-den gowragy gatnaşdy. Çempionatyň açylyş dabarasynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda ýeňil atletikany ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler, ýeňil atletikaçylarymyzyň milli hem-de halkara ýaryşlarynda görkezýän netijeleri barada belläp geçdiler. Bu ýerde paýtagtymyzda hereket edýän sport mekdepleriniň türgenleriniň sport görnüşleri boýunça ýerine ýetiren çykyşlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň tans toparlarynyň sport bilen milli tanslarymyzy utgaşdyryp ýerine ýetiren çykyşlary dabaranyň täsirliligini has-da artdyrdy. Belentden ýaňlanan aýdymdyr sazlarda ýurdumyzyň gülläp ösüşleri, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän tutumly başlangyçlary, şeýle hem türkmen sportunyň ýeten sepgitleriniň waspy belentden ýaňlandy.

Sport täzelikleri

Şu günler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli sport ýaryşlaryna giň gerim berildi. Welaýat häkimliginiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda ýeňil atletika boýunça türgenleriň arasynda geçirilen welaýatymyzyň çempionaty hem bu şanly senä bagyşlandy. Serdar şäheriniň sport toplumynda dört günläp dowam eden çempionatda türgenler ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, oglanlaryň arasynda-da, gyzlaryň arasynda hem toparlaýyn birinji orny Serdar şäheriniň, ikinji orny Serdar etrabynyň, üçünji orny Balkanabat şäheriniň türgenleri eýelediler.

Sport saglygyň girewidir

Mekdep okuwçylarynyň spartakiadasy «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty ösdürmek, sport görnüşleriniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyny gazanmak we halkymyzyň, aýratyn hem ýaşlaryň, çagalaryň arasynda sporta bolan söýgini döretmek we berkitmek baradaky aladalaryny, kararlaryny durmuşa geçirmek maksady bilen welaýatyň umumybilim berýän orta mekdep okuwçylaryň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII spartakiadasynyň çäklerinde kiçi futbol boýunça şäher we etrap birinjilikleri geçirildi. Ony «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň meýilnamasy esasynda şäher we etrap bilim bölümleri, etrap sport we ýaşlar syýasaty bölümleri bilelikde guradylar. Şeýlelikde, sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça Daşoguz şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasyndaky ýaryş Daşoguz şäherindäki 2-nji orta mekdepde geçirildi. Ýaryşa alty sany topar gatnaşdy. Aýlaw esasynda geçirilen ýaryşda Daşoguz şäherindäki 9-njy orta mekdebiň topary ýeňiş gazandy. 3-nji orta mekdebiň topary ikinji, 2-nji orta mekdebiň topary üçünji orunlary eýelediler.

Ýarym finalçylar belli boldy

Türkmenistanyň Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynyň jogap oýunlary geçirilip, Balkanabadyň «Nebitçisi» geçen şenbe güni Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyny kabul etdi. Birinji duşuşykda iki pökgi tapawudy bilen ýeňlen ýer eýelerine ýaryşy dowam etdirmek üçin jogap oýnunda pesinden 2:0 hasabynda ýeňiş gazanmak zerurdy. Duşuşygyň birinji ýarymynda myhmanlaryň iki sapar derwezeçiniň hüşgärligi bilen netijesiz tamamlanan hüjümlerini hasaba alaýmasaň, howply pursatlar bolmady diýen ýaly. Onuň deregine ikinji ýarymda toparlar janköýerleriň tüýs hoşuna gelen oýny görkezmegiň hötdesinden geldiler.

Sport. Sport. Sport.

Futbolçylaryň ýaryşy Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly türkmen halkynyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen tagallalary gowy netijelerini berýär. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ýaryşlarda şowly çykyş edýän türgenleriň sanynyň ýylsaýyn artýandygy ýokarda ýatlanymyza şaýatlyk edýär. Şol bir wagtda sportuň ösdürilmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagyna-da itergi berýär.

Sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Bu bolsa ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni-durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Döwletimiziň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakyndaky aladalar hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň düýp mazmunyny düzýär. Çünki adam saglygy we abadançylygy hakyndaky aladany mydama üns merkezinde saklaýan ýurt Baştutanymyz saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary derejedäki sporty ösdürmek meselelerine örän jogapkärli çemeleşmegi talap edýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda ynsan saglygy baradaky işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Çempionlyga tarap aýgytly ädim

Ýurdumyzyň milli futbol çempionatynyň 23-nji tapgyrynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» Balkanabadyň «Nebitçisini» kabul etdi hem-de şondan birnäçe gün öňinçä geçirilen Türkmenistanyň Kubogyny eýelemek ugrundaky ýaryşyň çärýek finalynyň birinji oýnunda bolşy ýaly, uly hasapda ýeňiş gazandy. 21-nji minutda hasaby açan Yhlas Magtymow şondan iki minut soňra ýene bir goly öz adyna ýazdyrmagy başardy we çempionatda geçiren pökgüleriniň sanyny 11-e ýetirdi. Balkanabatlylardan 62-nji minutda Umytjan Astanow ikinji gezek duýduryş alyp, meýdançadan çykarylandan soňra, ýagny 77-nji minutda Hemra Amanmämmedow, 84-nji minutda Musa Nurnazarow «Nebitçiniň» derwezeçisinden rüstem geldiler. Eger-de Kubok ugrundaky ýaryşda balkanabatlylar dört gola iki sapar jogap bermegi başaran bolsalar, bu gezek olaryň ähli hüjümi netijesiz boldy. Aşgabadyň «Altyn Asyrynyň» bu möwsümde hem çempion boljakdygyna şu tapgyrdan soňra hiç kimde ikirjiňlenme galan däl bolsa gerek. Diýarymyzyň soňky alty ýyldaky iň gowy topary 23-nji tapgyrda esasy bäsdeşi bolan Ahal welaýatynyň «Ahalyndan» üstün çykdy we ondan 12 utuk öňe saýlandy. Ýöne ahallylaryň aşgabatlylara görä bir oýny az geçirendiklerinem bellemek gerek.

Sport diplomatiýasy üstünlikli dowam etdirilýär

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryny goldady Milli Liderimiziň, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidentiniň adyna Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabahdan hat gelip gowuşdy.