HABARLAR

Iň berdaşly topar

Dünýä awtoulag berdaşlylyk ýaryşynyň (FIA World Endurance Championship) möwsümdäki 8-nji, jemleýji bäsleşiginde «Toyota Gazoo Racing» (Ýaponiýa) toparynyň sürüjileri — ýaponiýaly Kamui Kobiýaşi, argentinaly Hoze Mariýa Lopes hem-de britaniýaly Maýk Konwoý ýeňiş gazandy. Olar Bahreýnde geçirilen 8 sagatlyk bäsleşikde 1-nji ýeri eýelemegi başardylar. Şunlukda, şu ýyldaky 8 ýaryşyň 4-sinde birinji orny eýelän «Toyota Gazoo Racing» toparynyň sürüjileri möwsümi çempionlyk bilen tamamladylar. Olar jemi 207 utuk toplap, «Toyota Gazoo Racing» toparynyň 202 utukly beýleki sürüjilerinden — şweýsariýaly Sebastian Buemi, ýaponiýaly Kazuki Nakažima hem-de Täze zelandiýaly Brendon Hartli dagydan öňe saýlandy. Çempionatyň bürünç medalyna Şweýsariýanyň «Rebellion Racing» toparynyň sürüjileri amerikaly Gustawo Menezes, fransiýaly Norman Nato hem-de braziliýaly Bruna Senna dagy mynasyp boldy. 11 ýyllyk rekord täzelendi

Ýer eýeleriniň üstünligi

Stol tennisi boýunça Hytaýda geçirilen Dünýä Kubogynda ýerli türgenler ýeňiş gazandy. Erkekleriň arasyndaky finalda Fan Çžendun watandaşy Ma Lon bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda 23 ýaşly Fan Çžendun 4:3 hasabynda ýeňiş gazanyp, yzly-yzyna 3-nji, umumylykda-da soňky 5 ýylda 4-nji gezek Dünýä Kubogynyň ýeňijisi boldy. 2 sapar Dünýä Kubogyny eýelän Ma Lon bolsa, 2-nji gezek finalda asgyn geldi. Zenanlaryň arasynda Çen Men ilkinji çempionlygyny gazandy. 26 ýaşly tennisçi finalda Sun Ingşany 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çen Men 1-nji döwde utulsa-da, soňky 4 döwde ýeňiş gazanyp, ilkinji gezek Dünýä Kubogyny eýelemegi başardy.

«Fiorentina» tälimçisini çalyşdy

Italiýanyň çempionaty «Serie A-da» 7 oýundan soň, 8 utuk bilen 12-nji hatarda barýan «Fiorentina» toparynyň tälimçisi çalşyldy. Toparyň ýolbaşçylary Juseppe Ýaçinini tälimçilikden boşadyp, onuň ornuna topara öňem tälim beren Sezare Prandellini wezipä bellediler. 63 ýaşly tälimçi 2005 — 2010-njy ýyllar aralygynda «Fiorentinanyň» baş tälimçisi bolupdy. Möwsümiň ahyryna çenli wezipä bellenen Prandelli özüniň tälimçilik ýolunda «Leççe», «Werona», «Parma», «Roma», «Galatasaraý», «Walensiýa», «Al-Nasr» hem-de «Jenoa» toparlaryna tälim beripdi. 2014 — 2016-njy ýyllar aralygynda Italiýanyň milli ýygyndysyna hem tälim beren tejribeli hünärmen Italiýanyň ýygyndysyna Ýewropa çempionatynda kümüş medal gazandyrypdy.

Ýewropa çempionatynyň ähli toparlary belli boldy

Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli geljek ýyla süýşürilen 16-njy Ýewropa çempionatynda çykyş etjek soňky 4 ýygyndy belli boldy. Bu ugurda geçirilen pleý-off tapgyryndan soň, Wengriýanyň, Şotlandiýanyň, Slowakiýanyň hem-de Demirgazyk Makedoniýanyň ýygyndylary Ýewropa çempionatynda wekilçilik etmäge hukuk gazandylar. Wengriýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Islandiýa bilen duşuşyp, soňky minutlarda üstün çykdy. 11-nji minutda Gulfi Sigurdssonyň pökgüsi bilen öňe saýlanan Islandiýanyň ýygyndysynyň derwezesinden ýeňiş pökgülerini 88-nji minutda Nego bilen 90+2-nji minutda 20 ýaşly hüjümçi Dominik Soboslai geçirdi. 4-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşjak Wengriýanyň ýygyndysy «F» toparçada Fransiýanyň, Portugaliýanyň hem-de Germaniýanyň ýygyndylary bilen duşuşar. Şotlandiýanyň ýygyndysy Belgradda Serbiýanyň ýygyndysyny 11 metrlik jerime urgularyndan soň ýeňip, Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. 52-nji minutda Raýan Kristiniň pökgüsi bilen öňe saýlanan şotlandlaryň derwezesinden jogap pökgüsini 90-njy minutda Luka Ýowiç geçirdi. Goşmaça wagtda iki topar hem hasaby üýtgedip bilmedi. Netijede, 11 metrlik jerime urgularynda 5:4 hasap bilen öňe saýlanan şotlandlar 24 ýyldan soň, Ýewropa çempionatynda çykyş etmäge ýollanma aldy. Şo

Melburn Kubogyny eýelän ýyndam bedew

Dünýäniň iri at çapyşygy ýaryşlarynyň hatarynda görkezilýän Melburn Kubogy bäsleşiginde «Twilight Payment» atly sekiz ýaşar at ýeňiş gazandy. Jeý Makneiliň çapan bu aty 3200 metr aralygy dürli päsgelçiliklerden geçip, hemmeden öň pellehana gelmegi başardy. «Twilight Payment» aty Melburn Kubogy ýaryşynda ýeňiji boldy. Ýaryşda «Tiger Moth» atly at 2-nji, «Prince of Arran» atly at 3-nji ýeri eýeledi. Umumy baýrak gaznasy 8 million awstraliýa dollaryna deň bolan ýaryş şu ýyl 160-njy gezek geçirildi.

«Türkmenhimiýa» — birinji

Golaýda «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe we sport guramasynyň welaýat bölüminiň guramagynda Türkmenabat şäheriniň 3-nji sport mekdebinde kiçi futbol boýunça Türkmenabat şäherindäki orta hünär we başlangyç okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň arasynda ýaryş guraldy. Çekeleşikli geçen bu ýaryşda umumy hasap boýunça «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň talyplary birinji, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň topary ikinji, «Türkmendemirýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki demirýol başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyplary bolsa üçünji orunlary eýeledi. Ýeňijiler guramaçylar tarapyndan göçme kubok hem-de Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Ýaş woleýbolçylaryň erjelligi

Şu günler «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII spartakiadanyň çägindäki ýaryşlar dowam edýär. Olara ýaşlaryň uly höwes bilen gatnaşmagy we sport ussatlygydyr erjelligini görkezmegi ýaryşa bolan gyzyklanmany has-da artdyrýar. BÄHERDEN. Etrapdaky 30-njy orta mekdebiň sport meýdançasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII spartakiadanyň çäginde woleýbol ýaryşy geçirildi. Okuwçy oglanlaryň arasyndaky ýaryşa etrapdaky orta mekdeplerden toparlaryň birnäçesi gatnaşdy.

Ezberler çempion boldy

Döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli şu günler sportuň dürli görnüşi boýunça ýurdumyzyň açyk çempionatlary yzygiderli geçirilýär. Şanly sene mynasybetli geçirilýän ýaryşlar türkmen sportuny ösdürjek ýaş türgenleriň ýüze çykmagyna uly ýardam edýär. Şeýle ýaryşlaryň biri hem Olimpiýa şäherçesiniň Ýeňil atletika toplumynyň bowling zalynda geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Bowling federasiýasynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hemaýatkärlik etmeginde bowling boýunça ýurdumyzyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa bowling sporty bilen gyzyklanýan ýaşlaryň onlarçasy gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Biz çempionatyň dowam edýän günleri ýurdumyzyň Bowling federasiýasynyň başlygy Batyr Hangeldiýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle diýdi:

Ýeňijiler saýlandy

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Bilýard sport federasiýasynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli, sportuň bilýard görnüşi boýunça ýurdumyzyň açyk çempionaty geçirildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň sportuň oýun görnüşleri toplumynda geçirilen çempionatyň açylyş dabarasynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ugrunda alyp barýan beýik işleri barada buýsanç bilen bellediler. Köpleriň ünsüni özüne çekýän, sportuň gyzykly görnüşleriniň biri bolan bilýardyň haçan dörändigi hakda anyk maglumat ýok. Küşt ýaly gadymy oýunlaryň biri bolan bilýardyň dörän ýeri Aziýa hasaplanýar. Ol Hindistanda we Hytaýda ir döwürlerde oýnalypdyr.

Altyn asyryň ýedinji çempionlygy

Türkmenistanyň milli futbol çempionatynyň 25-nji tapgyry Aşgabadyň «Altyn Asyr» toparynyň wagtyndan öň hem-de bassyr ýedinji sapar ýurdumyzyň çempiony bolmagy bilen birlikde, welaýatymyzyň toparlarynyň ýokary netijeli oýunlary görkezmekleri bilenem ýatda galdy. Balkanabadyň «Nebitçisi» myhmançylykda Mary welaýatynyň Türkmenbaşy şäherçesiniň «Energetik» topary bilen duşuşyp, möwsümdäki iň uly hasaply ýeňşini gazandy. 21-nji minutda Aşyr Jumadurdyýewiň ikinji sapar duýduryş alyp, meýdançadan çykarylmagy bilen az bolup galan ýer eýeleriniň derwezesinden ilkinji pökgini 33-nji minutda Serdaraly Ataýew geçirdi. Duşuşygyň birinji ýarymyna goşulan wagtyň ilkinji minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan Azat Garajaýew, şondan bir minut soňra Seýitmämmet Hojamämmedow balkanabatlylaryň üstünligini has-da berkitmegi başardylar.