HABARLAR

Katar — 2022: utulan çykýar

Katar — 2022 Dünýä Kubogynda toparçalardaky duşuşyklar tamamlanyp, 16 ýygyndy 1/8 finala çykdy. 1/8 finala çykan ýygyndylaryň 8-si UEFA-nyň wekilleri boldy. Ýer eýeleri Aziýa yklymynyň, has takygy, AFK-nyň hem 3 wekili 1/8 finala çykmagy başardy. Dünýä Kubogynyň taryhynda ilkinji gezek AFK-dan 3 ýygyndy 1/8 finala çykdy. Günorta Amerikadyr Afrikadan 2, Demirgazyk Amerikadan hem 1 topar 1/8 finala adyny ýazdyrdy. 1/8 finala çykan toparlaryň hiç birine-de toparçalarynda 9 utuk toplamak başartmady. Şeýle netije soňky gezek 1994-nji ýyldaky çempionatda hasaba alnypdy. Toparçalarda geçirilen 48 oýunda 120 gol derwezä girizildi. Bu bolsa ortaça 2,5 gol diýmekdir. Katar — 2022 dünýä Kubogy Günorta Afrika 2010-dan soň toparçalarda iň az gol geçirilen çempionat boldy. Toparçalardaky oýunlaryň 6-synda hasap açylmady.

KATAR -2022: toparçalaýyn tapgyryň garaşylmadyk «sowgatlary» pleý-off oýunlary we çempion barada çaklamalar

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda tutuş dünýäniň sport jemgyýetçiligiKatarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatyny üns bilen synlaýar. Ilkinji gezek arap ýurtlarynda geçirilýän mundial ýokary guramaçylyk derejesi bilen oýunçylardyr tälimçileri-de, tomaşaçylary-da göwni hoş edýär. Sebäbi, ýaryşy geçirmek üçin Katar döwleti 210 milliard dollardan gowrak serişde sarplady. Şonuň üçin hem ýaryş guramaçylygy boýunça islendik adamyň uzak wagtlap ýadynda galmaga ukyply diýse bolar. Katar-2022-ni oýunlaryň netijeleri babatda hem entek-entek unutmazlar. Çünki, eýýäm bäsleşigiň toparçalaýyn tapgyrynda hiç garaşylmadyk netijeler hasaba alnyp, baş baýraga dalaş eder diýlen toparlaryň birnäçesi pleý-off ýollanmasyndan binesip ýagdaýda öýüne dolanmaga mejbur boldular. Toparçalaýyn tapgyryň esasy wakalary

Sport ul­ga­my üs­tün­lik­le­ri na­zar­la­ýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde milli ösüşiň giň göwrümli gazananlary bilen dünýä meşhurdyr. Parahatçylygyň belent maksatlarynyň hem-de ösüşiň bähbidine ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldilýär. Şonuň bilen birlikde parahatçylygyň, dostlugyň kepili bolan sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar döwrüň talabyna görä barha ösdürilýär. Çünki, sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan belent güýçdir. Türgenler agzybirlik bilen güýç synanyşýarlar, bäsleşýärler. Olardan ukyplylar, erjeller ýeňiş gazanýarlar. Şeýlelikde, gazanylýan netijeler sportuň diňe bir türgenleriň arasyndaky medallar ugrundaky ýaryşlar däldigini görkezmek bilen asudalygy we agzybirligi kepillendirýän gatnaşyklaryň binýady hasaplanylýar.

Sport – pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­si

Sport — ru­hu­be­lent­li­ge ba­dal­ga, sport — bag­ta ýa­ran bol­ma­gyň sal­gy­sy. Spor­ta öm­rü­ni bag­lan yn­san­la­ryň mak­sat­la­ry asyl­ly, ar­zuw­la­ry wy­sal­ly bol­ýar. Hut şo­nuň üçi­nem bi­ziň ýur­du­myz­da spor­tuň we be­den­ter­bi­ýä­niň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan sport tag­ly­ma­ty Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de türk­men spor­ty be­lent ba­dal­ga­ly ösüş­le­re ýa­ran bol­ýar. Türk­men spor­tu­ny ge­rim­li ös­dür­mek ba­ra­da­ky be­lent baş­lan­gyç­la­ra pä­ki­ze zäh­me­ti bi­len jo­gap ber­ýän sport ojak­la­ry­nyň bi­ri-de, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň «Olimp» sport mek­de­bi­dir. Biz go­laý­da bu mek­dep­de gel­jek­de ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny go­ra­jak tür­gen­le­riň taý­ýar­la­ny­ly­şy we al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len gy­zyk­la­nyp, «Olimp» sport mek­de­bi­niň di­rek­to­ry­nyň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Güýç­gel­di Ha­jy­my­ra­dow bi­len söh­bet­deş bol­duk. Žur­na­lyň ş

Bedenterbiýe we sport

«7/24. tm», № 49 (132) Bäherden etrabynyň 30-njy orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy guraldy. Etrabyň Bilim, medeniýet, sport, saglyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň we Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Ahal welaýatynyň hünärmenleriniň çykyşlary diňlenildi we tejribe alşyldy. Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň möçberli döwlet syýasaty netijesinde ýaş nesil hakyndaky alada, olaryň dünýä ülňülerine laýyk bilim alýandyklary barada belläp geçdiler.

Küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty

«7/24. tm», № 49 (132) Paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda küşdi çalt (rapid) hem-de çalasyn (blits) oýnamak boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Watanymyzyň sport abraýy barha beýgelýär

Türkmen türgenleri ýeňişli ýolda

Türkmen türgenleri iri halkara ýaryşlarynda uly üstünliklere eýe bolýarlar. Şol netijeler tamamlanyp barýan ýylyň sport durmuşynyň bezegine öwrülýär. Hindistanyň Puna şäherinde geçen kuraş göreşi boýunça dünýä çempionaty hem bu hakykatyň beýany boldy. 61 ýurtdan 178 türgeni jemlän dünýä çempionatynda türkmen pälwanlary milli mekdebimiziň medally ýoluny mynasyp dowam etdirdiler. Çempionatdan gelip gowşan ilkinji hoş habar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Aziza Gurbanowanyň 78 kilogram agram derejesinde gazanan üstünligi bilen bagly boldy. Ol dünýä çempionatynyň bürünç medalyny gazandy.

Kämillik ojagy

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebinde okuwçy-türgenleriň 600-e golaýy sportuň dürli görnüşleri boýunça yhlasly türgenleşip, beden hem ruhy taýdan kämillige ymtylýar. Şu ýyl sport mekdebimizde ozal hereket edýän futbol, basketbol, gandbol, tennis, söweş sambosy, taýboks ýaly görnüşleriň üstüne agyr atletika hem goşulyp, bu ýerde tälim berilýän sport görnüşleriniň sany ýedä ýetdi. Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebinde sportuň toparlaýyn görnüşleri boýunça hem, ýekeleýin görnüşler boýunça-da türgenleşikler tejribeli tälimçiler tarapyndan alnyp barylýar. Mekdebimiziň türgenleri ýurt we şäher derejesindäki ýaryşlarda yzygiderli tapawutlanyp, barha kämilleşýändiklerini görkezýärler.

Sport mekdeplerinde

Ýakynda 2011-2012-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň grek-rim göreşi boýunça açyk birinjiligi geçirildi. Aşgabat şäherindäki 79-njy orta mekdepde guralan ýaryşa paýtagtyň sport mekdeplerinden we Daşoguz, Ahal, Balkan, Mary welaýatlaryndan 100-den gowrak türgen gatnaşdy. Ýaryş 11 agram derejesinde geçirilip, onda 5-nji sport mekdebiniň türgenlerinden S.Şirow (22 kg), A.Koroglyýew (23 kg), B.Ataýew (25 kg), G.Gurbanmuhammedow (26 kg), I.Köşekow (29 kg), D.Annamyradow (32 kg), A.Begimow (35 kg), A.Ýusupow (42 kg), K.Nazarow (+50 kg) öz agramlarynda baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Ýeňiji bolan türgenler medallardyr Hormat hatlary bilen sylaglandy. Atajan ÖWEZNEPESOW,