HABARLAR

Türkmenistanyň Prezidentiniň Mary welaýatyna iş sapary

Mary welaýaty, 7-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda, hususan-da, obasenagat toplumyny ösdürmek we onuň kuwwatyny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 7-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany mähirli salamlaşyp we şanly waka — Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şu taryhy wakadan soňky geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilendigi hem-de onuň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek esasynda hemme ugurlarda pugtalandyrylandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 6-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim şu günler welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri sürmek we tekizlemek işleri agrotehniki talaplary berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilýär, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça degişli işler guramaçylykly dowam edýär.

Döredijilikli syýasat täze üstünlikleriň gözbaşydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan toplumlaýyn durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Munuň özi döwürlerdir nesilleriň dowamat-dowam bolýandygynyň, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze sepgitlerini nazarlaýandygynyň aýdyň beýanydyr. 30-njy ýanwarda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gowaça ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlamak, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda tabşyryklary berdi. Bugdaýa ideg etmegiň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagynyň gözegçilikde saklanylmagy, ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerleriniň taýýarlanylmagy babatda welaýatlaryň häkimlerine anyk tabşyryklar berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Aşgabat, 4-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça paýtagtymyza we Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerlerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Nurmuhammet Andalyp we Arçabil şaýollarynyň çatrygynda ýerleşýän köp zolakly awtomobil köprüsiniň ýanynda saklandy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyzy Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Hajymyradow, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň iş dolandyryjysy K.Babaýew garşyladylar.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisi

Aşgabat, 3-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 2022-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleler girizildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem geçirilen harby-taktiki okuw türgenleşikleri, Milli goşunyň bölümlerini iň täze serişdeler bilen üpjün etmegiň barşy, serkerdeleriň, esgerleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylan işler barada habar berildi. Hasabatda durmuş ugurly meseleleri çözmek boýunça ýerine ýetirilen anyk işler, Ýaragly Güýçleriň düzüminden nobatdaky gezek ätiýaçlyga ugratmak hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça her ýylda geçirilýän meýilnamalaýyn işleriň netij

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 3-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa parlamentiň şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleri hem-de Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, Mejlisde 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Şu döwürde Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň üçüsi we Mejlisiň kararlarynyň ikisi kabul edildi. Ýakynda geçirilen ählihalk forumynda kabul edilen “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunlaryndan gelip çykýan, hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl

OBASENAGAT TOPLUMY Oba hojalyk pudagyny özgertmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmak baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylda kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» obasenagat toplumyny kämilleşdirmekde täzeçe çemeleşmäni alamatlandyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2022-nji ýyl

GURLUŞYK, SENAGAT WE ELEKTRIK ENERGETIKASY TOPLUMY Ykdysadyýetimiziň okgunly ösýän möhüm ulgamy hökmünde ykrar edilen gurluşyk we senagat toplumy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli maksatnamalaryny, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» yzygiderli durmuşa geçirmekde wajyp orny eýeleýär. Syn berilýän ýylda ýaşaýyş jaýlary, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş we sport maksatly desgalar, seýilgähler we beýleki köp sanly desgalar ulanmaga berildi. Bularyň ählisi döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Watanymyz beýik özgertmeleriň ugry bilen ynamly öňe barýar

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diňe bir milli ykdysadyýetimizde däl, eýsem, döwlet gurluşynda, jemgyýetçilik durmuşynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy. 23-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek ýerleri sürmegiň we tekizlemegiň depginini güýçlendirmegi, tehnikalardyr enjamlary taýýarlamagy hem-de kärendeçileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmegi tabşyrdy. Häkimlere bugdaýa ideg etmekde agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklar berildi.