HABARLAR

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna garaldy, şeýle-de käbir möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol täze taryhy eýýamyň özgertmelerini hukuk taýdan kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda täze Kanunlar metbugatda çap edilýär we deputatlar tarapyndan olaryň many-mazmunyny ilata düşündirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, Mejlisde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, aýry-aýry ulgamlaryň kanunçylyk esaslarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen işler alnyp barylýar. Hususan-da, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak bilen bagly Kanun taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, hususan-da, “ak altyn” hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, şeýle hem welaýatda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatda bugdaý ekişiniň tamamlanandygy, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýändigi, bu işde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýandygy barada habar berdi. 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleri talabalaýyk alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iş maslahatyny geçirdi

Awaza, 24-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Milli Geňeşiň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek, sebitiň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, Hazaryň özboluşly tebigy şertlerini syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirmek we türkmen topragynyň bu täsin künjeginiň ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösmeginiň möhüm şerti bolan köpugurly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli taslamalary döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu barada aýtmak bilen, Gahryman Ar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

Aşgabat, 23-nji noýabr (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalaryny, mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisine ýygnandyk diýip nygtady. Şu günki mejlise Halk Maslahatynyň 56 agzasyndan 54-si gatnaşýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy

Abu-Dabi, 22-nji noýabr (TDH). Şu gün Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn dostlukly ýurduň paýtagtynda ýokary derejedäki türkmen-emirlikler gepleşikleri geçirildi. Onuň barşynda iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy hem-de taraplaryň özara bähbitlilik, deňhukuklylyk esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bar bolan ägirt uly kuwwaty we özara bähbitleri nazara almak bilen, ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekilen resminamalaryň uly toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berer. Bu resminamalar döwletara gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

Özara bähbitli türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri giňeldilýär

Türkmenistanyň Prezidenti bilen BAE-niň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler Aşgabat — Abu-Dabi, 21-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri bilen duşuşdy

Abu-Dabi, 21-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, BAE-niň wise-prezidentine, Premýer-ministrine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri bilen duşuşdy

Abu-Dabi, 21-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz özüniň BAE resmi saparyna deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli erk-isleg ýörelgelerinde guralýan iki ýurduň däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine täze itergi berýän waka hökmünde garaýandygyny nygtady.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezindäki gurluşyklaryň barşy bilen tanyşdy

Ahal welaýaty, 19-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ozal maslahatlaşylan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy. Ir bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy welaýatyň täze merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşyladylar. Olar merkeziň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply gurluşyk işleri barada maglumat berdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere, şeýle-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň ýörelgelerine hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda alnyp barylýan kanun çykaryjylyk işi barada maglumat berdi.