Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýady hasaplanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygardan ugur alnyp, milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek we onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 10-njy fewralynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde paýtagtymyzda täze lukmançylyk desgalaryny — Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezini, Stomatologiýa merkezini we Halkara pediatriýa merkezini gurmak hakynda taryhy Kararlara gol çekdi. 15-nji martda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda bu üç desganyň düýbüniň tutulyş dabaralarynyň şaýady bolduk. Bu waka ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini ýene-de bir gezek aýdyň tassyklady. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, ynsan saglygyny berkitmek işi döwrebap anyklaýyş we bejeriş merkezlerini, şypahana edaralarynyň merkezleşdirilen ulgamyny döretmek hem-de olaryň maddy-tehniki üpjünçiligini ýokarlandyrmak bilen aýrylmaz baglydyr. Döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak baradaky çözgüt ýurdumyzda halkymyzyň we her bir raýatyň saglygynyň hem-de rowaçlygynyň pugtalandyrylmagyna berilýän uly ünsüň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Täze guruljak binalar dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň innowasion tehnologiýalary hem-de häzirki zaman kompýuter tehnikalary bilen doly üpjün edilip, ilata hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini üpjün etmäge ýardam berer.