Döwrebap tejribehana — ylmy gözleglere badalga

29 Mart 2023
266

Düýn Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, halkara guramalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň öňüsyrasynda täze tejribehananyň açylmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler tejribehanada döredilen mümkinçilikler, bu ýerde diňleýjileri okatmakda alnyp baryljak işler barada maglumat berdiler we onuň işini geljekde has-da kämilleşdirmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
Beýleki habarlar