Arkadag şäherine gyzyklanma barha artýar

28 Mart 2023
373

Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berlen Arkadag şäherine bagyşlanyp, şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi. Oňa ýurdumyzda hereket edýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, milli hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tassyklamagy bilen «Arkadag şäheri hakynda» täze Kanun kabul edilip, oňa laýyklykda, Köpetdagyň eteginde kemala gelýän bu şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesi berildi. Bu Kanun Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, onuň wezipelerini amala aşyrmak bilen baglylykda, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär. Ýurdumyzyň tejribesinde ilkinji «akylly» şäher bolup taryha girjek Arkadag şäheri Garaşsyz Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini açyp görkezýän dolandyryş-çäk birligi hökmünde uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, brifingde türkmen tarapynyň wekilleri bu şäherde alnyp barylýan gurluşyk işleridir onuň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow kabul edilen Kanunyň käbir maddalaryna ünsi çekip, ýakynda şäheriň degişli gulluklaryna täze ýolbaşçylaryň bellenilendigini, olaryň aglabasynyň bolsa ýaşlardan ybaratdygyny aýratyn nygtady.

«Türkmenistan»