Döwletli döwranymyz

28 Mart 2023
131

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda Watanymyzyň durmuşynda şatlykly wakalar bolup geçýär, toý-baýramlarymyz uludan toýlanýar. Şeýle şanly wakalara gözli şaýat bolmagyň özi hem bagtyýarlykdan nyşandyr.

Güneşli Diýarymyzda 18-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilip, hakyky zähmet baýramçylygyna öwrülmegi, oňa Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen ulus-ilimiziň işjeň gatnaşmagy halkymyzyň agzybirligini dabaralandyrdy. Şol gün Ak bugdaý etrabynyň çäginde welaýat derejesinde bag ekmek dabarasy ýaýbaňlandyrylyp, onuň dowamynda oturdylan ýaş nahallar täze ýaşyl zolagy emele getirdi.

Ogulşeker GULOWA,
Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiniň mugallymy.