Ara­gat­na­şy­gyň mö­hüm se­riş­de­si

13 Oktýabr 2020
256

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ösüşleriň we üstünlikleriň döwrüdir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim almaga, ylym öwrenmäge giň ýol açylýar, uly mümkinçilikler döredilýär. Elbetde, döwrebap ylym öwrenmek üçin dünýädäki ylmy ösüşlerden habarly bolmaly, onuň üçin bolsa daşary ýurt dillerini öwrenmek zerur. Ýurdumyzda islendik halkyň dilini öwrenmäge döredilýän mümkinçilikler ýaşlardan diňe yhlasly okamagy, maksadaokgunlylygy talap edýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmek häzirki zamanda islendik kärde, islendik pudakda işleseň-de, döwür bilen aýakdaş gitmek üçin iň möhüm aýratynlykdyr. Çünki, ýurdumyzda ylmyň ösüş depgini köp babatda tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de pugtalandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Men ýokary okuw mekdebinde oba hojalygy ugrundan bilim alýan-da bolsam, her pursatda iňlis, rus we beýleki daşary ýurt dilleriniň zerurlygyny duýýaryn. Dünýäde oba hojalygy ugrundan ýetilen sepgitler bilen tanyşmaga-da, daşary ýurtlaryň oba hojalygynyň iş tejribelerini öwrenmek, ony okuwda, işde peýdalanmak üçin-de daşary ýurt dilleriniň haýsy hem bolsa birini bilmek işi ýeňilleşdirýär hem-de netijeliligi artdyrýar. Çünki türkmen halkynda «Dil — akylyň açary», «Dili süýjiniň dosty köp» diýen ýaly pähimli sözler bar.

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Bagtyýar ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim alyp, başarjaň hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, beýik işleri rowaç bolsun!

Merjen ANNAMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby