Çaganyň sözleýşini ösdürmek

13 Oktýabr 2020
276

Mälim bolşy ýaly, mähriban halkymyzyň milli ýörelgelerine beslenen ata Watanymyz bagtly çagalaryň ýurdudyr. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri milli ýörelgelerimiziň esasynda terbiýelemek bolsa baş wezipeleriň biridir. Ata-babalarymyz nesil terbiýesinde pähimli sözleri ulanypdyrlar, olaryň dil baýlygyny ösdüripdirler. Şundan görnüşi ýaly, ýaş nesliň ene dilini bilmegi, kämil sözleýşi başarmagy zerurdyr. Şonuň üçin hem çagalara irki ýaşdan sözleýiş dili öwredilip, olaryň dil biliminiň kämil bolmagy gazanylýar. Irki ýaşly çagalaryň sözleýşiniň ösüşi bolsa ähmiýetli döwürdir.

Ene dili çagada ilkinji gözellik terbiýesini berýän sapak bolup hyzmat edýär. «Meniň balajygym, meniň körpejäm!» ýaly mylaýym sözleri ene hemişe öz ogul-gyzyna aýdýar. Çaga ilki heň boýunça düşünýär. Soňra bolsa ýüz keşbinden şol sözleriň gowy sözlerdigine düşünýär.

Şasoltan ORAZMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy