Dünýä dilleriniň ähmiýeti

13 Oktýabr 2020
225

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eziz Diýarymyz ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlarda uly ösüşlere eýe bolýar. Bu babatda milli hem-de halkara derejesinde üstünlikli hereket etmegiň, her bir işde oňat netije gazanmagyň bellibir şertleriniň bardygy mälimdir. Şunda dil bilmek we ony hünär ugrunyň aýratynlygyna laýyklykda ulanmagy başarmak, ösüşleri üpjün etmek bilen bagly meseleleri düýpli seljermekde we netije gazanmakda ilkinji talaplaryň biri bolup durýar.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlarymyz milli dilimizi we daşary ýurt dillerini diňe bir maşgala dili ýa-da jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky umumy aragatnaşyk serişdesi hökmünde ulanman, ony hünär dili hökmünde ulanmaga girişdiler. Daşary ýurt dilleri döwrebap ösüşe itergi berýän aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini öwrenmek häzirki zaman adamlarynyň durmuşynda esasy orny eýeleýär. Döwür öz kanunlarynda we durmuş ýörelgelerinde ýaşlara giň gözýetimli bolmaga ýardam edýär. Ýaşlara beýleki halklaryň medeniýetini, däp-dessurlaryny öwrenmek, olar bilen tanyşmak, özara pikir alyşmak zerur bolup durýar. Bu bolsa döwletara gatnaşyklarda durmuşyň köp ugurlarynda (ylymda, syýasatda, medeniýetde) ýaşlaryň netijeli hyzmatdaşlyk etmeklerine ýardam edýär.

Üzümgül BÄŞIMOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy