Elektron kitaphanalaryň ýokary mümkinçilikleri

13 Oktýabr 2020
213

Geljegimiz bolan ýaşlaryň kämilligini ähli zatdan belentde goýýan hormatly Prezidentimiz ylmyň ýeten derejelerini ýurdumyzyň bilim ulgamyna düýpli ornaşdyrmagyň möhümdigini yzygiderli belleýär. Şoňa laýyklykda, bilimiň, ylmyň esasy daýanjy bolan kitaphanalaryň işini döwrebaplaşdyrmak, olaryň netijeliligini artdyrmak döwrüň esasy wezipeleriniň biridir. Bu wezipe elektron kitaphanalaryň baýlaşmagy hem-de okyja elýeterliligi bilen berk baglanyşyklydyr.

Elektron kitaphanalardan peýdalanýanlaryň köpelmegi olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Täzegül MÄMEDOWA,
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçysy