Okamagyň çägi ýok

12 Oktýabr 2020
216

Ynsan okadygy, öwrendigi saýy kämilleşýär we teşnäniň suwdan ganmaýşy ýaly, entek öwrenere zadyň kändigine göz ýetirip, okamagyny dowam edýär. Okalan her bir kitap ony ýene-de okamaga ruhlandyrýar. Umuman aýdylanda, okamak ömürboýy dowam edýär. Indi bolsa, kitap muşdaklarynyň durmuşyndan alnan käbir wakalary size ýetirmegi makul bildik.

Beýik alym Hammad er-Rawiýeden: “Ylym bilen meşgullanyp ýadamadyňmy, indi bes etseň näder?” diýip soranlarynda, ol: “Nädeýin, bar güýjümizi ylma sarp etdik, ylmyň soňuna ýetmedik. Bir dagdan aşdym diýýän welin, başga bir dag garşymyzdan çykýar duruberýär” diýipdir.

Bägül HANDURDYÝEWA.
Wekilbazar etrabynyň Mollanepes geňeşliginiň ýaşaýjysy.