Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz bagtly çagalygyň mekanydyr. Berkarar ýurdumyzda ýaş nesliň erkana we bagtyýar durmuşy, sagdyn ösüşi, döwrebap bilim-terbiýe almagy bilen baglanyşykly aladalar şeýle diýmäge esas berýär. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, sport mekdepleriniň hereket etmegi röwşen geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz hakdaky aladanyň nyşanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Çagalar bagynda bagtyýar körpelere döwrebap bilim, terbiýe berilýär, olarda milli mirasymyza, daşky gurşawa söýgi döredilýär. Munuň özi çagalaryň watansöýüji, päk ahlakly, giň gözýetimli nesiller bolup ýetişmeklerine ýardam berýär.