Ýurdumyzyň gözel tebigatyny näçe wasp etseňem az bolup, onuň goýnunda ynsan saglygyny goramakda, keselleri bejermekde melhemlik häsiýetleri, aýratynlyklary bilen tapawutlanýan ýerler barmak büküp sanardan köpdür. Magtymguly etrabyndaky Parhaý jülgesi-de şeýle künjekleriň hatarynda mynasyp orna eýedir. Bu jülgede jana şypaly ýyly suwly, kükürtli iki howuz bolup, olar ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny dikeldýän ýerine öwrüldi. Bu howuzlara guýulýan suwlar dag çeşmesinden gelýän ýyly suwdan, şeýle-de Ýeriň çuň gatlagyndan gaýnap çykýan kükürtli suwdan ybaratdyr.
Melhem suwlaryň häsiýetli aýratynlygy sowuklamany, deri kesellerini, nerw dartgynlylygyny, aşgazan-içege, bagyr, öt çykaryş ýollarynyň, daýanç-hereket synalarynyň kesellerini, içegäniň ýarasyny, oňurga we bogun agyrylaryny, madda alyş-çalşygynyň bozulmagy zerarly dörän keselleri bejermäge ukyplydyr. Bu ýyly suwly howuzlar indi ençeme ýyllardan bäri raýatlarymyza hyzmat edip gelýär.