27-nji ýanwrada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem halkara we sebit syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.