«Merdana nesil – 2022» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

9 Dekabr 2022
760

9-njy dekabrda paýtagtymyzdaky «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň umumybilim  berýän orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň  arasynda yglan edilen «Merdana nesil – 2022» atly şadyýan bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry uly ruhubelentlige beslendi. Oňa welaýat we Aşgabat şäher tapgyrynda 1-nji, 2-nji orunlary eýelän oglanjyklar gatnaşdy.

«Güneş».