Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

9 Dekabr 2022
109

Dekabr aýynyň 8-ne Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri baradaky mesele girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

«Watan».
Beýleki habarlar